Hesperian Health Guides
Bap 1: Jemgyýetdäki ekologik saglygy öňe sürmek
Çaganyň ýa-da maşgalanyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmaly diýlende, nämäniň göz öňüne tutulýandygy hemmelere düşnüklidir. Emma daşky gurşawyň saglygy babatda şeýle aýdylmagy nämäni aňladýarka?
Biz ekologik saglyk barada gürrüň edenimizde, daş-töwregimizdäki gurşawyň saglygymyza ýetirýän täsirini, şeýle hem biziň hereketlerimiziň daşky gurşawa ýetirýän täsirini göz öňüne tutýandyrys. Eger azygymyz, suwumyz we howamyz hapalanan bolsa, dürli keseller bize “ýaran” bolarlar. Eger-de biz howa, suw we toprak babatda seresaply bolmasak, daşky gurşawy “keselletmegimiz” ahmal. Biz daşky gurşawy goramak bilen, öz saglygymyzy goraýandyrys.
Ekologiýanyň erbetleşmegi zerarly bir adam ýa-da jemgyýetiň haýsydyr bir topary kesellände, muňa üns-de bermeýärler. Emma bu ýagdaý tutuş jemgyýete galtaşyp başlanda welin, hemmeler özleriniň howp astyndadygyna düşünip, ekologik saglygy gowulandyrmak babatda degişli çäreleri görüp başlaýarlar. Şeýle meseleler bilelikde çözülende, adamlar degişli özgertmeleri gazanmak üçin özara hyzmatdaşlyga taýyndyrlar.
Kitabyň şu babynda Ekwadoryň Manglaralto şäherçesindäki jemgyýetçilik saglyk guramasynyň taryhy gürrüň berilýär. Bu guramanyň saglyk işgärleri mergi keseliniň köpçülikleýin ýaýramagynyň öňüni aldylar. Birnäçe wagt geçenden soň, bu saglyk birleşiginiň agzalary jemgyýetdäki beýleki saglyk meselelerini hem üstünlikli çözmegiň usullaryny tapdylar.