Hesperian Health Guides
Saglyk howandarlary mergini togtadýarlar
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 1: Jemgyýetdäki ekologik saglygy öňe sürmek > Saglyk howandarlary mergini togtadýarlar
Manglaralto şäherçesiniň ýerli saglyk öýüne getirilýän syrkawlaryň sany günsaýyn artdy. Syrkawlaryň hemmesi tapdan düşüp galpyldaýardylar. Olar güýçli içgeçmeden we bedeniň suwsuzlanmagyndan ejir çekýärdiler. Bu ýagdaýa gözegçilik edýän saglyk howandarlary munuň mergi epidemiýasydygyna (ýokanç keseliň köpçülikleýin ýaýramagy) düşünip, mergi keselini togtatmak üçin tizden-tiz degişli çäreleri geçirdiler. Saglyk howandarlarynyň şeýle tiz hereket etmegi köp adamlaryň ömrüni halas etdi.
Mergi keseli agyz suwuny hapalap, bir adamdan beýleki adama örän çalt ýokup bilýär. Saglyk howandarlary bu keseli diňe bejergiler arkaly togtadyp bolmajykdygyna düşünýärdiler. Olar merginiň ýaýramagynyň öňüni almak üçin, Manglaralto şäherçesinde we onuň töweregindäki obalarda ýaşaýan her bir adamy arassa agyz suwy we howpsuz hajathanalar bilen üpjün etmegiň ýollaryny tapmalydy.
Saglyk howandarlary oba ilatynyň arasyndan mergi keseline ýolukmadyk adamlary jemläp, kömek etmeklerini haýyş etdiler. Olar beýleki döwletleriň işewürleri bilen hyzmatdaşlyk edýän guramanyň agzalaryny pul kömegini bermäge yrdylar. Saglyk howandarlary bu puly adamlary arassa agyz suwy we hajathanalar bilen üpjün etjek adatdan daşary maksatnamany durmuşa geçirmek üçin harçlamagy niýet edindiler.
Olar öz taslamalaryny “Salud para el Pueblo” (ispan dilinde “saglyk adam üçindir” diýmegi aňladýar) diýip atlandyryp, her obada saglyk toparyny döretdiler. Toparyň agzalary “saglyk mugallymlaryny” saýladylar. Bu mugallymlar oba ilatyna agyz suwunyň we umumy hajathanalaryň arassaçylygynyň näderejede wajypdygyny düşündirmek üçin degişli çäreleri geçirmelidiler. Olar hajathanalar gurlanda arassaçylygy saklaýan şertleriň saklanylmalydygyny, elleri ýygy-ýygydan ýuwmalydygyny, hajathanalary arassa saklamalydygyny oba ilatyna öwretdiler. Şunlukda, oba ilaty öz saglygynyň öz elindedigine düşünip, mergi keseline garşy göreşmek we jemgyýetiň ekologik saglygy babatdaky çärelere işjeň gatnaşyp başlady.
Mazmuny
- 1 Özgerişlikler ugrunda bile zähmet çekmek
- 2 Saglyk guramasynyň geçiren işleriniň üstünlikli bolmagynyň sebäpleri
- 3 Ekologik saglyk baradaky bilimiň artmagy
- 4 Bagsyz baýyrlar üçeksiz jaýlara meňzeýär
- 5 Meseläniň ilkinji sebäpleriniň ýüze çykarylmagy
- 6 Ekologik saglygyň ökde howandary bolmagy öwrenýäris
Özgerişlikler ugrunda bile zähmet çekmek
Oba saglyk mugallymlary ilki bilen oba ilatyna içgeçmäniň ýüze çykmagyna sebäp bolýan merginiň we beýleki keselleriň nädip ýaýraýandygyny düşündirdiler. Soňra olar her öý hojalygynyň, tutuş obalaryň öz suw üpjünçilikleriniň arassa bolup-bolmazlygyny barlamaga kömek etdiler. Içgeçme keselleri zerarly adamyň bedeni suwsazlynyp, onuň aradan çykmagy ahmal. Şonuň üçinde, oba mugallymlary gaýnan suwa şeker we duz atyp, suwsuzlanmanyň öňüni alýan regidron içgisiniň taýýarlanyşyny hem öwretdiler. Olar merginiň öňüni almak üçin ähli ýerde: mekdeplerde, metjitlerde, okuw merkezlerinde we jemagatyň üýşýän ýerlerinde düşündiriş işlerini geçirdiler. Saglyk mugallymlary ilata ellerini wagtly-wagtyna ýuwmalydygyny, howpsuz hajathanalary gurmalydygyny we diňe hajathanalardan peýdalanmalydygyny aýratyn nygtadylar. Birnäçe hepdeden mergi keseliniň bady gowşap, kem-kemden ýitip başlady.
Emma muňa garamazdan, saglyk howandarlary merginiň gaýtalanmazlygy üçin degişli çäreleri geçirmelidiklerini bilýärdiler.
Ýerli inženerleriň kömegi bilen adamlar suw geçiriş ulgamlaryny gurmak, obalardaky hajathanalary gowulandyrmak we öý hojalyklarynyň her birinde ýuwunmak üçin ýeterlik suwuň bardygyna göz ýetirmek üçin birleşipdiler. Oba ilaty bu işleri özleri ýerine ýetirip, suw ulgamlaryny, hajathanalary arassalamagyň hem-de arassa saklamagyň usullaryny öwrendiler. Şeýle hem olar mal-garalaryň saklanylýan ýerleriniň daşyna germew aýlap, guýularyň we suw saklanylýan uly göwrümli gaplaryň agzyny mäkäm ýapdylar. Bu mal-garalaryň tezeginiň agyz suwuna galtaşmagynyň ýa-da çybyn- çirkeýler arkaly keseliň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen edildi.
Saglygy goramak ugrundaky işler gyzgalaňly alnyp barylýardy. Soňabaka bu işlere beýleki obalar hem goşuldylar. “Salud para el Pueblo” taslamasynyň işi 22 obada başlanylyp, soňabaka 100 oba ýaýbaňlandy. Aradan köp wagt geçmänkä, bütin sebitde mergi keselinden nam-nyşan galmady, beýleki keseller hem düýpli azaldy.
Saglyk guramasynyň geçiren işleriniň üstünlikli bolmagynyň sebäpleri
“Salud para el Pueblo” taslamasy mergini üstünlikli togtatdy. Soňra ol beýleki meseleleri çözmek üçin degişli çäreleri geçirip başlady. Saglyk howandarlarynyň işleriniň rowaç bolmagynyň sebäpleri, ine, şulardyr:
- Taslamanyň işgärleri adamlar bilen olaryň öýlerinde işlediler. Olar adamlara suw ulgamlaryny arassa saklamagy öwretdiler. Bu beýleki saglyk meseleleri hem ýüze çykaryp, ilatyň ynamyny gazanmaga ýardam etdi.
- Taslamanyň işgärleri köp toparlary birleşdirdi. Ýerli guramalar, ýerli häkimiýet guramalary, hökümete degişli bolmadyk milli we halkara guramalary, saglygy saklaýyş ministrligi – bularyň hemmesi biribirleri bilen hyzmatdaşlyk etdiler. Olar tejribelerini biri-birleri bilen paýlaşansoňlar, mergi keseliniň ýaýbaňlanmasyny togtadyp bildiler.
- Taslamanyň işgärleri adamlara esasy baýlyk hökmünde hormat goýdular. Olar oba ilatyny öz saglyklaryna geleňsizlik edendikleri üçin ýazgarmadylar. Olar keseden geljek kömege garaşly däldiler. Tersine, olar adamlaryň tejribelerini ulanyp, umumy maksat üçin işlediler. Olar adamlaryň öz bilimlerini we tejribelerini özara paýlaşyp bilmegi üçin dürli söhbetdeşlikleri guradylar. Oba ilatyna has düşnükli bolar ýaly, söhbetdeşligi olaryň düşünip biläýjek usullarynda guradylar, adaty çekişme okuwlaryndan peýdalandylar. Adamlar öz bilimleriniň we tejribeleriniň saglygyň kyn meselelerini oňat çözüp bilýändigini görenlerinde, bu işe bolan höwesleri has-da artdy.
Ekologik saglyk baradaky bilimiň artmagy
Birnäçe wagtdan soň saglyk howandarlary zir-zibillerde we zibilhanalarda kesel ýaýradyjy mörmöjekleriň köpelýändigine hem düşündiler. Olar köçeleri arassalamak we zibilhanalary gowulandyrmak maksady bilen jemgyýetçilik toparlarynyň duşuşyklaryny guraýardylar. Her obada “ekologik saglygyň howandarlary” atly topar döredilip, zir-zibilleri ýygnamak üçin ýowarlar gurnaýardylar. Inženerleriň, ekologik saglygyň howandarlarynyň kömegi bilen gerekmejek zir-zibilleri howpsuz çukurlara gömüp, olary arassaçylyk zibilhanalary diýip atlandyrdylar. Birnäçe ýyldan howandarlar zibilhanalardaky zibilleriň mukdaryny azaltmak üçin, zir-zibili gaýtadan işlemek maksatnamasyny başlamagy teklip etdiler. Halkara agentligi zir-zibiliň gaýtadan ulanyp bolaýjak galyndylaryny (mysal üçin, çüýşe gaplary, kagyz, plastmass gaplar we ş.m.) şähere äkitmek üçin uly ýük maşynyny berenden soň, şu maksatnamany amala aşyrmaga mümkinçilik döredi. Zir-zibiliň gaýtadan ulanyp bolaýjak galyndylaryny gaýtadan işlemek arkaly gazanylan pullar ýük maşynyň ýangyjy üçin edilen we beýleki çykdajylaryň öwezini doldy.
1996-njy ýylda Salud para el Pueblo ýüzlerçe hajathanalary gurdy, suw geçiriş ulgamlaryny çekdi, 2 arassaçylyk zibilhana çukuryny gazdy, zir-zibili gaýtadan işlemek maksatnamasyny ýola goýdy. Taslamanyň işgärleri adamlara köpçülik seýlgählerinde baglary ekmäge kömek etdiler.
1997-nji ýylda bolsa tebigy betbagytçylyk boldy. El-Nino atly çabgalar Ekwadoryň kenarýakalaryny weýran etdi. 6 aýyň dowamynda her gün diýen ýaly güýçli ýel bolup, ýagyş ýagdy. Ýel baglary ýykdy, ýagyşlaryň köp ýagmagynyň netijesinde baýyrlar opuryldy, jülgeler läbikli joşgunlardan doldy. Derýalar kenarlaryndan çykyp, akymlaryny üýtgetdi. Birgiden obalar weýran edildi. Hajathanalar, suw ulgamlary we birnäçe ýylyň dowamynda edilen işler syrylyp äkidildi.
Baýyrlar weýran bolanda, Salud para el Pueblonyň işi tasdan hem puja çykypdy. Munuň näme üçin şeýle bolandygyna gowy düşünmek üçin, biz şol sebitiň taryhyna ser salalyň.
Bagsyz baýyrlar üçeksiz jaýlara meňzeýär
Öň |
Soň |
Ekwadoryň kenarýakalaryndaky baýyrlar we daglar ozal gür tropiki tokaýlyga bürelendi. Mangro agaçlary derýanyň süýji suwunyň deňziň şor suwy bilen garyşýan ýerlerinde ösýärdiler. Mangro agaçlary kenarýakalaryny gaý-tupanlardan goraýardylar, dürli balyklar we molýusklar olaryň arasynda mesgen tutunýardylar.
Bambuk agaçlary (hindigamşy) akymyň ugrunda ösüp, derýa kenarlarynyň ýuwlup äkidilmeginden goraýardylar. Tokaýlar kölegeläp oturan ägirt uly seýbo agaçlaryndan doludy. Olaryň uzyn kökleri suwy we topragy süýşmekden goraýardylar. Kösük agaçlary dagyň eňňitlerinde ösýärdi. Olar topragy saklap, ýapylary opurylmalardan goraýardy. Agaçlaryň ýapraklary ýere gaçyp topragy çüýrüntgi bilen baýlaşdyrýardylar. Tokaýlarda adamlar, şeýle hem sugunlar, guşlar, mör-möjekler, hažžyklar we beýleki haýwanlar mesgen tutunypdylar. Adamlar bambuk agajyndan we palma ýapragyndan öý gurunýardylar. Ol ýerlerde aw awlar ýaly haýwanlar, iýer ýaly ýabany ir-iýmişler, bagçylyk we kiçiräk daýhan birleşikleri üçin suw we mes toprak bardy.
Emma soňky 100 ýylyň dowamynda demirýollary çekmek we jaýlary gurmak üçin agaçlaryň aglaba bölegi çapylyp aýrylypdy. Demirýol çekilenden soň, Ýaponiýýdan gelen topar galan agaçlary çapyp, olary öz ýurtlaryna ibermek üçin, deňiz ýakasyndaky porta äkitdiler. Tropiki agaçlar äpet bolandygy üçin, bu topar olaryň satuwyndan köp pul gazandy. Şol sebitdäki agaçlaryň bary çapylyp gutarylandan soň, ýaponlar öz ýurtlaryna dolandylar. Demirýollara oňat gözegçilik edilmändigi üçin, olaryň ýagdaýy erbetleşdi.
Soňabaka bolsa olar bütinleý idegsiz galdy. Häzirki wagtda Ekwadoryň kenarýakalary çölüstanlygy ýatladýar. Baýyrlar güne ýanyp, olarda kölege salýan agaçlar indi ýok. Gurak möwsümde toprak ýele tozap, howa tozandan dolýar. Ýagyşlar möwsüminde bolsa toprak batga öwrülýär, baýryň ýapgytlary opurylyp süýşýär. 1997-hji ýylda El-Nino apy-tupany gelende, oba ilatyny onuň weýran ediji güýjünden gorajak agaçlar ýokdy.
Meseläniň ilkinji sebäpleriniň ýüze çykarylmagy
Güýçli ýagan ýagyşlar birgiden obalary, suw geçiriji ulgamlary syryp äkitdi. Salud para el Pueblonyň işgärleri muny görenlerinde, gelejekde şeýle weýrançylyklaryň bolmazlygy üçin dürli işleri etmelidigine düşündiler. Suw ulgamyny gurmak we howpsuz arassaçylygy öňe sürmek ýaly çäreler meseläni diňe birtaraplaýyn çözýärdi.
Oba ýerlerinde bagsyz baýyrlary üçeksiz jaýlara meňzedýärler. Bu öý üçegiň adamlary goraýşy ýaly, agaçlaryň-da baýyrlary goraýandygyny, olaryň ýelden hem ýagyşdan weýran bolmagyna päsgel berýändigini aňladýar.
Saglyk işgärleri agaç ekmekligiň tebigy baýlyklary goraýandygyna düşünip başladylar. Bu saglyk ugrunda göreş alyp barmak bilen des-deňdir, sebäbi saglyk hereketi adamlaryň saglygyny goraýan bolsa, agaç ekmeklik tebigatyň baýlyklaryny goraýandyr.
Şu zatlara düşünip, saglyk howandarlary öz taslamalaryny agaç ekmeklikden başladylar. Emma oba ýaşaýjylarynyň käbirleri bu taslama gatnaşmak islemediler.
Eduardo atly biri: “Işi juda köp. Olar bizi biderek ýere işletjek bolýarlar” – diýip, obadaşlarynyň käbirini öz tarapyna çekdi.
Saglyk gullugynyň Gloriýa atly işgäri Eduardonyň obadaşlaryny ýygnap: “Eýsem näme üçin şeýle bolduka?” diýen mowzukda söhbetdeşlik gurap, adamlara suw bilen üpjün edýän ulgamyň we hajathanalaryň ýitirilmeginiň düýp sebäbine düşünmäge kömek etdi.
näme üçin çapyldy?
Gloriýa “Eýsem näme üçin şeýle bolduka?” diýen soragy bermek bilen, oba ilatyna saglyk meselesiniň daşky gurşaw bilen baglydygyna düşünmäge kömek etdi. Gürrüňdeşligiň soňunda oba ilatynyň köpüsi topragyň pytramagynyň (eroziýanyň) öňüni almakda we topragy goramakda agaçlary ekmekligiň zerurdygyna düşündiler. Emma Eduardo heniz hem ynanmaýardy.
Ekologik saglygyň ökde howandary bolmagy öwrenýäris
Gloriýa merkeze gamgyn halda dolanyp geldi. “Agaçlaryň nähili ähmiýetiniň bardygyna düşünen hem bolsalar, olar agaç ekjek däller” – diýip oýlandy. “Mem olary neneň ynandyryp bilerkäm?” Şundan soň onuň oturan otagyna balary uçup geldi-de, ony gorkuzdy. Gloriýa balaryny kowansoň, ol penjireden uçup çykyp, kösük agajynyň gyzyl gülüne gondy. Bu ýagdaý Gloriýada täze bir pikiri oýardy.
Ertesi güni Gloriýa oba ilatyny gaýtadan ýygnady. Ol soragy üýtgedip, Eduardonyň jogabyna garaşdy
Oba ýaşaýjylary köp pikirlenip, biri-birine, ine, şeýle diýdiler:
Gloriýa: “Eger-de biz balarylaryň iýmitlenýän agaçlaryny eksek, onda balarylaryny tutup, bal satyp bilerdik. Agaçlaryň güllemegi üçin diňe 1 ýyl gerek” diýip oba adamlaryna ýüzlendi. Bu pikir oba ýaşaýjylaryna, hatda Eduardo hem ýarady.
Gloriýa obadan gaýdanda, Eduardo ony saklap, şeýle diýdi: “Meniň agtygymyň içi geçende, oňa kösük agajynyň gabygyndan gaýnatma taýýarlap içiripdik. Şonda agtyjygym tiz gutulypdy. Men kösük agaçlaryny ekmeklik gowy pikir diýip hasaplaýaryn. Biz ondan şypa beriji içgileri taýýarlap bileris, baly bolsa kemput öndürmekde peýdalanarys”.
Gloriýa täze taslamalardan ylhamlanyp, saglyk merkezine dolanyp geldi. Soňra ol duşuşygyň geçişi hakynda oýlandy. Netijede, ol oba ýaşaýjylaryna näme etmelidigini aýtmak bilen çäklenmeli däldigine göz ýetirdi. Eger ol ekologik saglygyň ökde howandary boljak bolsa, obanyň ýagdaýyna, durmuşyna oba adamlarynyň nukdaýnazaryndan garap, olaryň niýetlerine we höweslerine hem düşünmelidir.