Hesperian Health Guides

Agyz suwuny zyýansyzlandyryň

Bu bapda:

Derýanyň ýa-da howzuň hapa suwuny arassalap ulanandan, çeşmäniň ýa-da goragly guýynyň howpsuz suwuny gorap, şondan peýdalananyň gowudyr. Ýöne islendik çeşmäniň suwy hapalanan bolsa, ýa-da adamlar suwuň reňki, tagamy ýaramaz bolany üçin ony içesleri gelmeýän bolsa, ýa-da suw çeşmeden getirilip, öýde saklanýan bolsa, ony hökman arassalamalydyr.

Turbalardaky, çeleklerdäki we guýulardaky suw öň hapalanan bolsa, içilmezden öň hökman arassalamalydyr.

Suwy arassalamaklygyň birnäçe usuly bardyr. Özüňiz üçin iň amatly usulyň saýlanylmagy size suwuň näçeräk gerekdigine, onuň näme sebäpden hapalanandygyna, suwy nähili saklajakdygyňyza we haýsy resurslaryň elýeterdigine baglydyr. Suwuň nähili arassalanýandygyna garamazdan, islendik suwy durlanýança goýmaly we haýsydyr başga bir gaba guýmaly ýa-da zyýansyzlandyrmadan öň ony süzgüçden süzmeli.

Bu çökündini (hapa böleklerini) aýyrmaga kömek eder. Çökündini aýyrmaklyk zyýansyzlandyrmaklygy ýeňilleşdirip, ony has netijeli edýär. Suwuň düzümindäki ýokançlyklary zyýansyzlandyrmak üçin, türkmenler suwly gaba kümüş bölegini oklaýarlar.

Şu ýerde görkezilen usullar suwy zäherli himikatlardan zyýansyzlandyryp bilmeýär. Düzüminde zäherli himikatlar bolan suwy içmek, oňa ýuwunmak we kir ýuwmak howpludyr. Şeýle suw howply çişleriň, deri örgünleriniň döremegine, çaganyň düşmegine we saglygyň beýleki kynçylyklaryna uçradyp biler.

Suwy ýokançlyklardan arassalamak üçin, ony süzgüçden süzüp arassalaň.

1. Suw doly durlanar ýaly, ony birnäçe sagatlap goýuň. Soňra durlanan suwy arassa gaba guýuň ýa-da süzgüçden süzüň.

EHB Ch6 Page 92-1.png

Matadan süzüň
...ýa-da ...
EHB Ch6 Page 92-2.png
agaç kömründen süzüň
Çäge
Agaç kömri
Iri çäge
Süzgüçden süzülen suw

Suwy durlamagyň we süzgüçden süzmegiň beýleki usullary hakynda “Suwy durlanýança goýmak” seret.

2. Soňra şu usullaryň birini ulanyp, suwy arassalaň:

EHB Ch6 Page 92-3.png
EHB Ch6 Page 92-4.png
EHB Ch6 Page 92-5.png
EHB Ch6 Page 92-6.png
Gaýnatmak ýa-da Hlor garmak ýa-da Gün zyýansyzlandyrmasy ýa-da Limonyň şiresini goşmak
Ýatda saklaň: Suwy diňe ikinji tapgyrdan soň içmek howpsuzdyr.

Suwy durlanýança goýmak

Suwy durlnanýança goýmak kesel döredýän hapalaryň, gaty jisimleriň, ýokançlyklaryň we gurçuklaryň suwly gabyň düýbüne çökmegine ýardam berýär. Suw 5-6 günläp durlanylmaga goýulsa, onuň düzümindäki ýokançlyklar azalýar. Ýöne lýambliýalar ýaly ýokançlyklar welin suwy näçe saklasaň hem aýrylmaýarlar. Şonuň üçin-de, suw durlanandan soň, ony zyýansyzlandyrmak üçin beýleki usullary ulanyň: süzgüçden süzüň, hlor garyň ýa-da gün şöhleleriň astynda goýmak arkaly zyýansyzlandyryň.

“3 küýze” usuly

“3 küýze” usuly ýokançlyklar we gaty jisimler tä gabyň düýbüne çökýänçe, suwy durlaýar. Bu suwy diňe bir küýzede durlandan has oňatdyr. Ýöne şeýle bolsa-da, bu usul suwy ähli ýokançlyklardan arassalamaýar. Şonuň üçin-de, “3 küýze” usulynyň ahyrynda-da suwy zyýansyzlandyrmalydyr.

EHB Ch6 Page 93-1.png
EHB Ch6 Page 93-2.png
EHB Ch6 Page 93-3.png

1-nji gün, irden: 1-nji küýzäni suwdan dolduryň. Agzyny ýapyp, 2 gün goýuň.

2-nji gün, irden: 2-nji küýzäni suwdan dolduryň. Onuň hem agzyny ýapyp, 2 gün goýuň. 1-nji küýzedäki suwuň hapasy gabyň düýbine çöküp başlaýar.

3-nji gün, irden: 1-nji küýzedäki arassa suwy 3-nji boş küýzä guýuň. Onuň düýbündäki çökündini guýmaýandygyňyza göz ýetirip. 3-nji küýzedäki suw indi zyýansyzlandyrylmaga taýýardyr. 1-nji küýzänyň düýbüne çöken hapany we galyndy suwy döküň-de, küýzäni oňatja ýuwuň. Soňra ony gaýtadan suwdan dolduryp, agzyny ýapyň-da, 2 gün goýuň. (Suw guýlandan soň bäşilenji gün zyýansyzlandyrylmaga taýýar bolar.)

4-nji gün, irden: Zyýansyzlandyrmak üçin 2-nji küýzedäki suwy3-njä guýuň. 2-nji küýzäni ýuwuň we ýene suwdan dolduryň.

Her birnäçe günden arassa küýzäni (3-nji küýze) gaýnan suw bilen ýuwuň. Eger Siz suwy bir küýzeden beýleki küýzä guýanyňyzda arassa şlangany ulansaňyz, suwuň düýbündäki çökündi kän bir bulanmaz.

Ösümliklerden peýdalanmak

Köp ýerlerde adamlar agyz suwuny zyýansyzlandyrmak üçin ösümliklerden peýdalanýarlar. Mysal üçin, Gündogar Afrikada moringiň tohumlaryndan peýdalanýarlar. Moringi Filippinlerde malung, Hindistanda hren ýa-da deprek taýajyklarynyň agajy, Gaitide we Dominikan Respublikasynda benzoliw agajy diýip atlandyrýarlar. Moringiň tohumyndan peýdalanyň:

  1. Tohumy 3 günüň dowamynda guradyň.
  2. Leaves next to a mortar and pestle.
  3. Tohumy külke bolýança owradyň. 20 litr suwy arassalamak üçin moringiň 15 gr tohumy gerek
  4. Pasta etmek üçin külkäni azrak suw bilen garyşdyryň-da, ony suwa goşuň
  1. Pasta ereýänçä, suwy 5-10 minut bulap duruň. Çalt bulasaňyz, pasta tiz erär.
  2. Suwly gabyň agzyny ýapyň-da, ony bir gyrada goýuň. Goý, ondaky suw durlansyn. 1-2 sagatdan soň suwy arassa gaba guýuň. Suwly gabyň düýbündäki çökündiler bulanmaz ýaly, suwy seresaplyk bilen guýuň.

Suwy süzgüçden süzmek

Suwy ýokançlyklardan arassalamak üçin süzgüçden süzmegiň birnäçe usullary bar. Käbir süzgüçlere, mysal üçin aşakda görkezilen keramiki süzgüje ýörite enjam gerek. Käbir süzgüçlere bolsa ýörite enjam gerek hem däldir. Az mukdardaky suwy olardan süzüp, soňra ýöne zyýansyzlandyraýmalydyr.

Mata süzgüçleri

2 women wearing saris filter water through a cloth into a container.

Bangladeşde we Hindistanda örän syk dokalan matadan edilen süzgüji agyz suwundan mergi ýokançlyklaryny aýyrmak üçin ulanýarlar. Mergi ýokançlyklary suwda ýaşaýan kiçijik möjejiklere ýelmeşýär. Suw süzgüçden süzülende bolsa şol maýdaja jandarlar süzgüçde galansoň, olara ýelmeşen ýokançlyklar-da mata süzgüçde galýar. Gwineý gurçuklary hem şeýle usulda süzülýändir.

Süzgüç üçin syk dokalan matany nireden taparkam diýip alada etmeli däl. Şeýle süzgüçler üçin islendik arassa mata ýaramlydyr. Mata könelişen bolsa, bu has-da gowudyr, sebäbi ençeme gezek ýuwlan matanyň sary gidip, sapaklarynyň arasy sykalýar-da, suwy oňat süzýär.

  1. Gaty jisimler suwly gabyň düýbüne çöker ýaly, gapdaky suwy durlanýança goýuň.
  2. Matany 4 epläp, suwly gabyň ýa-da flýaganyň agzyna daňyň.
  3. Birinji suwly gapdan ikinji gaba ýa-da flýaga suwy mata süzgüçden süzüp guýuň.


Süzgüç üçin mataňyzyň hemişe şol bir tarapyny ulanyň, ýogsam ýokançlyklaryň suwa düşmegi mümkin. Matany ulananyňyzdan soň ýuwuň-da, güne serip guradyň. Günüň şöhlesi matada galan islendik ýokançlygy öldürip bilýär. Ýagyş ýagýan möwsümde, ýagny bulutly howada matany agardyjy serişde bilen zyýansyzlandyryň. Süzgüçden süzülen suwy saklamak üçin ulanýan suwly gabyňyzy 2-3 hepdeden arassalap duruň.

Keramiki süzgüçler

Kiçiräk suw süzgüçleri toýundan ýasap, olary otda bişirýärler. Taýýar bolan keramiki süzgüçleriň içine kümüş kolloidini (ýokançlyklary öldürýän madda) çaýýarlar. Şeýle süzgüçleri ýasamaklyk boýunça birnäçe geçirilen okuw sapaklaryna gatnaşan islendik küýzegär bu süzgüji aňsatlyk bilen ýasap biler.

EHB Ch6 Page 94-2.png
Plastmas gapagy
Kümüş kolloidi çaýylan keramiki süzgüç
Plastmas bedre
Plastmas kran
Plastmas bedrede ulanylýan keramiki süzgüç


Süzgüjiň agaç kömründen edilişi

Bu süzgüji etmek aňsatdyr. Ol az mukdardaky suwlardaky ýokançlyklaryň köpüsini aýyrýar.

Materiallar: metaldan we plastmasdan ýasalan 2 sany susak (bedre), çekiç we 1 ýa-da 2 sany uly çüý, susak, iri çäge (deňziňki däl), susagyň ¼ bölegine barabar agaç kömri.

  1. Susaklaryň biriniň düýbünde owunjak deşikler deşiň. Ony oňat ýuwuň. Bu indi süzgüjiň susagydyr.
  2. Çägäni suwda tä ol doly arassalanýança ýuwuň.
  3. Agaç kömrüni kiçiräk böleklere bölüň. Aktiwirlenen agaç kömri iň gowy serişdedir, ýöne adaty agaç kömrüniň hem täsiri oňatdyr. Agaç kömrüniň briketlerini (dörtburç görnüşindäki uly böleklerini) hiç haçan ulanmaň! Olar zäherdir!
  4. EHB Ch6 Page 95-1.png
    Süzüji bedre
    10 sm doldurylmadyk
    Çäge
    8 sm agaç kömri
    5 sm galyňlykdaky çäge
    Bedräni saklaýan taýaklar
    Suwy ýygnar ýaly arassa bedre
  5. Süzgüç susagyna 5 sm galyňlykda ýuwlan çägäni ýerleşdiriň we onuň üstünden suw guýuň. Suw deşiklerden syzmalydyr. Eger syzmaýan bolsa, onda deşijekleri giňeldiň. Eger suw bilen birlikde çäge hem syzýan bolsa, bu deşijekleriň gereginden has giňdiginiň alamatydyr. Bu ýagdaýda çägäni aýryp, süzgüç susagynyň düýbüne ýuka mata goýmaly-da, täzeden çäge guýmaly.
  6. Çägäniň üstüne takmynan 8 sm galyňlykda owradylan agaç kömrüni goýuň. Soňra onuň üstüne çäge goýuň (susagyň erňegine 10 sm galmaly).
  7. 2 sany taýajygy ikinji susagyň ýokarsynda ýerleşdiriň. Soňra süzgüç susagyny şol taýajyklaryň üstünde goýuň. Aşakdaky susagyň içindäki suw doly durlanýança, ony süzüji susakdan süzüň. Şundan soň süzgüç susagy ulanylmaga taýýardyr.
  8. Süzgüji ulanmak üçin, suwy süzgüje guýmazdan öň goýuň, goý, ol ilki durlansyn. Arassa susaga süzüp alan suwuňyz has howpsuz bolar ýaly, ony zyýansyzlandyryň.


Süzgüçden geçen ýokançlyklar agaç kömründe köpelip bilýär. Şonuň üçin-de, süzgüji günde ulanýan bolsaňyz, ony her birki hepdeden arassalap duruň. Eger süzgüji birnäçe gün ulanmadyk bolsaňyz, suw süzmezden öň ony oňat arassalaň.


Suwy haýal süzýän çäge süzgüjini öý şertlerinde ýasamak

Bu süzgüç öý hojalygy üçin suwy süzgüçden süzmegiň iň zyýansyz, iň netijeli we iň arzan usullarynyň biridir. Bu süzgüç kiçiräk maşgala üçin ýeterlik mukdardaky suwy (iň bolmanda, günde 50 litr) arassalap biler.

  1. 200 litrlik suw geçirmeýän uly çelegi arassalaň-da, ony hlorly ergin bilen zyýansyzlandyryň. Bu çelegi arassalamazdan öň, onda zäherli himikatlaryň saklanylmandygyna göz ýetiriň.
  2. Soňra bu çelegiň ýokary böwründe gapajyk ýa-da kran oturdar ýaly deşik ediň. Deşik kranyň ölçegine gabat gelmelidir, mysal üçin, kranyň deşige oturdylmaly ýeri 12 mm bolsa, deşigiň giňligi hem 12 mm bolmalydyr.
  3. Krany deşige oturdyň we ýörite suwag bilen suwap, ony çelegiň böwrüne berkidiň. Eger suw guýjak çelegiňiz kerpiçden ýasalan bolsa, onda krany diwara sement bilen berkidip bolar.
  4. Suw sorjak çeýe şlangy taýýarlaň. Şlangyň bir ujuny (35 sm aralygyny) deşim-deşim ediň. Şlangyň deşim-deşim edilen ujyny petikläň-de, ony çelegiň düýbünde halka görnüşinde ýerleşdiriň.
  5. Şlangyň ýokary ujyny (deşiksiz ujyny) krana birikdiriň. Şlangyň sepleşýän ýerlerini şlang gysyçlary bilen ýa-da sim bilen berkidiň.
  6. Çelegiň düýbüne 7 sm galyňlykda arassa çagyl düşäň. Çaglyň üstüni mata bilen örtüň we krandan takmynan 10 sm aşakdaky aralygyny arassa derýa çägesi bilen dolduryň. Soňra çägäniň üstüni ikinji bölek mata bilen örtüň.
  7. Çelege suw guýar ýaly, oňa deşikli gapak ýasaň. Suw guýlanda çelegiň içindäki çäge bulanmaz ýaly, deşigiň aşak ýanynda ýylmanak daş ýa-da ýalpak tabak goýuň.
  8. Süzgüji suw bilen ýuwuň. Süzgüç arassalanandan soň ulanylmaga taýýardyr.
EHB Ch6 Page 96-1.png
200 litrlik çelek
Gapagy
Ýylmanak daş
Ýuwlan çäge
Ýuwlan çagyl
Suwy şu ýerden guýuň
Kran
Arassa mata
20 mm ýogynlykdaky çeýe şlang

Suwy haýal süzýän çäge süzgüjinden peýdalanmak we oňa seretmek

Süzgüçden birnäçe gün peýdalanylandan soň, çägäniň üstünde ýaşyl çökündi (bakteriýalar we suwoty) emele geler. Bu çökündi suwy arassalamaga ýardam berýär, şonuň üçin ony aýyrmaň. Ýaşyl çökündiniň ýaramly bolmagy üçin, çägäniň üstüni elmydama suw ýapyp durmalydyr. (Şonuň üçin-de kran çäge gatlagyndan ýokarda ýerleşdirilýär). Süzgüji her gün dolduryp durýarlar we ondan suwy az mukdarda alýarlar. Eger süzgüç guran bolsa, ol gowy işlemez. Şonuň üçin-de ony arassalap, täzeden doldurmaly.

Suwy süzgüçden süzmezden öň, ony durlanar ýaly goýmaly. Şeýle edilse, süzgüji ýygy-ýygydan arassalap durmak gerek hem bolmaýar. Sebäbi oňa guýulýan suw arassadyr. Suwy guýanyňyzda, şarlawuk kimin, ýokarrakdan guýuň. Şonda suw kisloroda baýlaşyp, onuň tagamy gowy bolar.

Krandan akýan suwyň mukdary kemelse, süzgüji arassalamalydyr. Suw gabyndaky suwuň baryny doküň-de, ýaşyl çökündini we çägäniň ýokarky gatlagynyň takmynan 1 sm aýryň. Süzgüç birnäçe gezek arassalanyp, çägäniň ýarysy aýrylan bolsa, süzgüçdäki çägäniň we çaglyň hemmesini aýryp täzeläň. Soňra süzgüji gaýtadan arassa çägeden we çagyldan dolduryň. Bu işleri ýylda 1-2 gezek etmek zerurdyr.

Myşýak üçin süzgüç

Suwdan myşýagy süzüp aýyrmak üçin, demir çüýler bilen doldurylan gaby haýal süzgüçdäki çägäni üstünde ýerleşdiriň. Munuň üçin iň kiçi çüýleriň 3-5 kilesini ulanyp bolar. Galwanizirlenen çüýlerden peýdalanmaň, sebäbi süzgüç gowy işlär ýaly çüýler poslamalydyr. Suwdaky myşýak posly çüý bilen galtaşyp, agyz suwundan aýrylýar.

Suwy zyýansyzlandyrmak

Suwuň zyýansyzlandyrmasy zyýanly ýokançlyklary we gurçuklary öldürip, agyz suwuny zyýansyzlandyrýar. Suwy zyýansyzlandyrmagyň iň oňat usullary şulardyr: suwy gaýnatmak, suwy gün şöhlesine tutup zyýansyzlandyrmak ýa-da suwa hlor goşmak.

Ýatda saklaň: Bu usullar suwy zäherli himikatlardan arassalamaýarlar.

Suwy gaýnatmak

A woman squats to stir a pot over a fire.
Suw 1 min gaýnadylanda, ol ýokançlyklardan doly arassalanýar.

Suwy lakyrdadyp gaýnadyň. Suw gaýnap başlandan soň, ony 1minutlap gaýnadyň. Soňra suw gaýnadan gabyňyzy otdan düşürip, sowadyň. Daglyk ýerlerde suwuň düzümindäki ýokançlyklary öldürmek üçin, ony 3 minutlap gaýnatmaly. Sebäbi dagyň depesinde suw pes temperaturada gaýnaýar.

Suwy gaýnatmaklyk onuň tagamyny üýtgedýär. Gaýnan suw sowandan soň, ony çüýşä guýup, dogumly silkeläň. Şonda suwuň kisloroda baýlaşyp, onuň tagamy gowulanar.

Odun ýeterlik bolmasa, suwy gaýnatmak kyndyr. Nahar bişirip bolanyňyzdan soň, ot öçmäkä suwy gaýnatsaňyz, oduny tygşytlap bilersiňiz.

Suwy gün şöhleleri arkaly zyýansyzlandyrmak

Gün zyýansyzlandyrmasy – suwy çüýşelere guýup, ony gün ýagtysyna tutmakdan ybarat. Suwy süzgüçden süzmek ýa-da durlanýança goýmaklyk, onuň başda çalt zyýansyzlandyrylmagyna ýardam berer. Gün zyýansyzlandyrmasy ekwatora golaý ýerleşýän ýurtlarda gowy ulanylýar, sebäbi ol ýerde günüň şöhlesi has ýitidir. Demirgazyk ýa-da günörta ýurtlarda gün zyýansyzlandyrmasy üçin köp wagt sarp ediler.

EHB Ch6 Page 98-1.png
  1. Arassa plastmas ýa-da aýna çüýşäni, ýa-da polietilen paketi arassalaň. Polietilentereftalatdan ýasalan gaplar has amatlydyr.
  2. Çüýşäni suwdan dolduruň, soňra ony 20 sekundyň dowamynda silkeläň. Suwda howa köpürjikleri emele geler. Soňra çüýşäni ýa-da paketi erňegine çenli suwdan dolduryň. Köpürjikler suwuň çalt zyýansyzlandyrylmagyna ýardam bererler.
  3. Çüýşäni adamlaryň we haýwanlaryň barmaýan ýerinde, mysal üçin jaýyň üçeginde, kölegäniň düşmejek ýerinde ýerleşdiriň. Çüýşäni günüň aşagynda iň bolmanda 6 sagatlap, bulutly howa bolsa, 2 günläp goýuň.
  4. Suwy çüýşäniň özünden içiň. Bu çüýşedäki suwuň hapalanmagynyň öňüni alar.


Eger Siz çüýşänigün plitasynyň üstünde goýsaňyz, suwuň zyýansyzlandyrylmasy çalt we göwnejaý bolar.

EHB Ch6 Page 98-2.png
1 limon ýa-da Laým

Laým (ýaşyl limon) ýa-da limon şiresi

1 litr agyz suwuna laýmanyň ýa-da limonyň şiresini goşuň-da, ony 30 minutlap goýuň. Bu şire suwdaky merginiň we beýleki kesel dörediji ýokançlyklary öldürer. Ýöne bu şire suwy doly zyýansyzlandyrmaýar. Şeýle-de bolsa, mergi keseleniň ýüze çykaýjak ýerlerinde bu usul ýokdan gowudyr. Suwy gün zyýansyzlandyrmasy ýa-da “3 küýze” usuly arkaly zyýansyzlandyrmadan öň, oňa laýma ýa-da limon şiresini goşmaklyk suwy has howpsuz edýär.

Hlor

Agyz suwundaky kesel döredýän ýokançlyklaryň köpüsini öldürmek üçin hlor arzan hem amatlydyr. Ýöne hlor gaty az mukdarda ulanylsa, ol ýokançlyklary öldürmez. Eger köp mukdarda ulanylsa, onda suwuň ýakymsyz tagamy bolar. Hlor köpçülik suw ulgamlarynda has gowy ulanylýar, sebäbi aýratyn öý hojalygynda muny hemişe edip durmak kyn bolýar. Suwy öý şertlerinde hlor arkaly zyýansyzlandyrmak üçin indiki sahypada berlen görkezmä eýeriň.

Hloruň köp mukdaryndan peýdalanmak adamlar we daşky gurşaw üçin zyýanlydyr. Ýöne öýdäki we tutuş ilatyň agyz suwuny zyýansyzlandyrmak üçin ulanylýan hloruň mukdary asla howpsuzdyr. Kesel dörediji ýokançlyklardan ýaňa saglygyňy ýitireniňden, suwy hlorlanyň has howpsuzdyr.

Hloruň näçeräk mukdaryny ulanmaly?

Suwy zyýansyzlandyrmak üçin gerek bolan hloruň mukdary suwuň hapalanyş derejesine, ýagny onuň düzüminde näçe we nähili ýokançlyklaryň bardygyna baglydyr. Suwuň düzüminde ýokançlyklar näçe köp bolsa, goşulmaly hloruň mukdary şonça-da köp bolýar. Ýokançlyklar ölenden soň hem suwda hlor galar ýaly, ony ýeterlik mukdarda goşmalydyr. Suwda galan hlory “erkin hlor” diýip atlandyrýarlar. Ol suwa düşüp biläýjek islendik ýokançlygy öldürip biler. Eger suwda “erkin hlor “ bar bolsa, ondan hloruň ysy we tagamy gelip durar. Bu suwuň zyýansyzdygyny aňladýar. Eger suwa has köp hlor goşulan bolsa, onda onuň ysy hem tagamy ýakymsyz bolar.

Hloruň dogry mukdaryny ulanmak üçin, siz hlor arkaly zyýansyzlandyrma usulyňyzyň näderejede güýçlüdigini bilmeli. Hloruň dürli görnüşleri bar: gaz, hlor heki, ýokary hilli gipohlorid (NTN) we öý şertlerinde ulanylýan agardyjy suwuklyk. Hlor heki - hloruň giňden ýaýran görnüşleriniň biri bolany üçin, şu kitapda suwy hlor heki bilen zyýansyzlandyrmagyň usuly beýan edilýär.

Hlor hekiniň (ýa-da agardyjynyň) düzümi dürli mukdarly bolup biler. Hloruň giňden ýaýran görnüşleri 1%, 3% we 5%-li hlor erginidir. Agardyjynyň düzüminiň hökmany mukdaryny ölçemegiň iň aňsat usuly – ilki bilen gönezlik (matoçnyý) erginini taýýarlamaly (hloruň takmynan 1%-li erginini), soňra ony zyýansyzlandyrmakçy bolýan suwuňyza goşmaly. Gönezlik ergini taýýarlamak:

  1. Arassa boş 1 litrlik çüýşä 1 käse hlor hekini guýuň.
  2. Çüýşäni arassa suw bilen dolduryň.
  3. Çüýşäni 30 sek silkeläň.
  4. Soňra ony 30 min goýuň. Siziň gönezlik erginiňiz taýýar.

Eger suwda gaty jisimler köp bolsa, onda hlor täsir etmez. Şonuň üçin-de, suwy süzgüçden süzmeli ýa-da durlanýança goýmaly. Durlanan suwy arassa suwly gaba guýmaly-da, oňa hlor goşmaly.

Suw Bulanyk ergin
1 litre
EHB Ch6 Page 99-1.png
EHB Ch6 Page 99-2.png 2 damja
4 litre
EHB Ch6 Page 99-3.png
EHB Ch6 Page 99-4.png 8 damja
20 litre
EHB Ch6 Page 99-5.png
EHB Ch6 Page 99-6.png 1 çaý çemçesi
200 litre
EHB Ch6 Page 99-7.png
EHB Ch6 Page 99-8.png 5 çaý çemçesi
Hlor erginini suwa garyp, ol zyýansyzlandyrýança, azyndan ýarym sagat garaşyň. Eger suw bulanyk bolsa, onda gönezlik ergininiň iki essesini goşmaly.