Hesperian Health Guides
Ýuwundy (ulanylan) suwlar: kynçylykmy ýa-da baýlyk
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 6: Ilatyň suwuny goramak > Ýuwundy (ulanylan) suwlar: kynçylykmy ýa-da baýlyk
Zäherli himikatlar, adam täreti we peşewi bilen hapalanmadyk suwy arassalap, ony birnäçe gezek gaýtadan ulanmak bolar. Ýuwundy suwlary arassalamagyň usullary siziň öý hojalygyňyz ýa-da tutuş ilat üçin gerek bolan suwuň mukdaryna baglydyr. Şeýle-de olar suwuň näderejede we näme bilen hapalanandygyna, bu suwuň näme üçin ulanyljakdygyna, näçe ýeriňiziň, wagtyňyzyň we işçiňiziň bardygyna baglydyr.
Mazmuny
“Çalymtyk” (dury däl) suw babatda gelnen netije
“Çalymtyk” suw – bu ýuwunmak we öý hojalygynda beýleki hajatlar üçin ulanylan suw bolsa-da, onuň düzüminde adamyň täreti ýa peşewi ýokdur. Eger Siz zäherli ýuwujy we arassalaýjy serişdeleri ulanmaýan bolsaňyz, onda “çalymtyk” suwy ekiniň içine ýa-da ýere akdyrmazdan öň, sadaja usul bilen işläp arassalap ýa-da asla arassalaman hem goýberip bilersiňiz.
“Çalymtyk” suw üçin niýetlenen ulgamlaryň dürli görnüşleri bardyr. “Çalymtyk” suwuň ulgamy şu ýagdaýlarda oňat işleýär:
- Aňsat gurlup, oňat gözegçilik edilende
- Suwuň düzüminde ýag, güýçli agardyjy serişdeler, eredijiler we beýleki himikatlaryň bolmadyk ýagdaýynda
Batgalyk zolagynyň (gamyşlyk käliniň) döredilmegi “çalymtyk” suwy süzmäge kömek edýär
“Çalymtyk” suwy arassalamagyň bir usuly – tebigata “öýkünmek”. Munuň üçin batgalyk zolagyny (gamyşlyk kälini) döredäýmelidir. Sebäbi batgalyk zolaklaryndaky ösümlikler suwuň düzümindäki ýokumly maddalardan iýmitlenip, suwy kislorod bilen baýlaşdyrýarlar. Bu bolsa suwuň arassalanmagyna ýardam berýär. Şeýle-de gamyşlyk käli şulary üpjün edip biler:
- Däneli ekinleriň suwaryş suwuny üpjün eder.
- Zerur hajatlaryňyz üçin peýdalanyp biljek gamşy ösdürmäge kömek eder.
- Ýata suwlaryň ýerinde owadan baglar ýetişdirer.
Batgalyk zolagyny nähili döretmeli
Batgalyk zolagyny döretmegi meýilleşdireniňizde, aşakdaky meselelere üns beriň:
- Size näçeräk ýer gerek? Batgalyk zolagynyň çüňlügy näçe bolmaly? Batgalyk zolagyndan näçe köp ýuwundy suw akýan bolsa, şonça-da köp ýer we şonça-da çuň oý ýer gerek. Eger suw çalt akýan bolsa, gamyşlyk käli suwy gowy arassalap bilmez.
- Suw çeşmesi batgalyk zolagyndan belentdemi? Suw belentlikden akyp gelmeli ýa-da nasos bilen çykarylyp, batgalyk zolagyndan akyp geçmelidir.
- Arassalanan suw nirä akdyrylmaly? Belki, suwy çeleklerde saklamalydyr ýa-da ekine akdyrmalydyr?
Batgalyk ýeri ýeterlik ýeriň bar ýerinde döretmelidir. Ony gaty uly bolmadyk ýerde – howzuň ýada 200 litrlik çelegiň düýbünde-de döretmek bolar. Gurak toprakly ýa-da ýerasty suwlary ýokarda ýerleşýän ýerlerde çukur gazyň-da ony diwarlaryny galyň plastmas ýa-da sement bilen berkidiň. Eger toýun toprak bolsa, diwarlary hiç zat bilen berkitmek gerek däldir.
Emeli batgalyk zolaga ideg etmek
Ýeri çuňaldyp, döredilen batgalyk zolagy köp mukdardaky “Çalymtyk” ýuwundy suwlary arassalap bilýär.
Her bir döredilen batgalyk zolagy saklamagyň birnäçe talaplary bar. Bu talaplar suwuň mukdaryna, topragyň we ösümlikleriň görnüşine we beýleki şertlere baglydyr. Döreden batgalyk zolagyňyzyň netijeli bolmagy üçin gerekli usuly tapmak ugrunda degişli tejribeleri geçiriň.
- Eger ösümlikler solup, guraýan bolsa, batgalyk zolagyňyzdan ýeterlik suw akýan däl bolmaly. Ulgama köpräk suw goşmaly, ýa-da çukury ýalpagrak etmeli, ýa-da başga ösümlikleri ekmeli.
- Eger ulgamdan suw akmaýan bolsa, onda ownuk daşlary iri daşlar bilen çalşyryň, çägäniň mukdaryny azaldyň ýa-da çykýan turbanyň derejesini peseldiň.