Hesperian Health Guides

Suw çeşmeleriňizi goraň

Bu bapda:

Suw diýlende ýer ýüzündäki ähli suwlar: ýerüsti suwlar (derýalar, akarlar, köller we howdanlar), ýerasty suwlar (ýeriň aşagynda ýygnanýan suwlar), ýagny gözbaşlardan we guýulardan çykýan suwlar göz öňüne tutulýar. Ýerüsti suwlar köplenç hapalanýar. Şonuň üçin-de, olar içilmezden öň zyýansyzlandyrylmalydyr. Ýerasty suwlar adatça ýokançlyksyz bolýarlar. Sebäbi olar çägedir toprakdan syzyp çykanlarynda arassalanýarlar. Emma ýerasty suwlar ftorid ýada myşýak ýaly tebigy minerallar bilen ýa-da zeýakaba ulgamlarynyň, zäherlenen suw howdanlarynyň, hajathanalaryň, gerekmejek zibilhanalaryň, senagat we oba hojalygynyň zäherli galyndylarynyň düşýän akymlary bilen zäherlenip biler.

4 women and a child fill water vessels at a pump.

Ýer we suw ýollary barada oňat alada edilmedik ýagdaýlarynda ýerasty suwlarynyň mukdarynyň azalmagyna eltip biler. Agaçlar we ösümlikler ýagyş suwy topraga siňenden soň, onuň toprakda galmagyna ýardam berýär. Emma agaçlar çapylyp, ösümlikler ýok edilse, ýagyş suwlary topraga siňenden soň toprakda saklanman, ýerasty suwlary bilen deňizlere we okeanlara akyp gitmegi mümkin.

Ýerasty we ýerüsti suwy goramagyň gowy usullary:


Suw çeşmesiniň töwereginde näçe köp adam ýaşaýan we ondan peýdalanýan bolsa, şonça-da ony goramak kyndyr. Senagat işleriň alnyp barylýan ýerlerinde suw juda köp ulanylyp, ol hapalanýar. Suwa mätäç adamlar bolsa käwagt şol kynçylyklaryň öňüni almaga ýagdaýlary bolmaýar. Bu kynçylyklary jemgyýetçilik toparynyň suw howpsuzlygy babatda degişli çäreleri geçirip, hökümetden il bähbitli çözgütleri talap eden ýagdaýynda çözüp bolýandyr.