Hesperian Health Guides
Ilatyň habarly bolmagyny gazanmak
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 6: Ilatyň suwuny goramak > Ilatyň habarly bolmagyny gazanmak
Suw getirmek üçin her gün uzak aralyklary geçýän gelin-gyzlara bu işiň kyndygyny aýtmak gerek däl. Suw daşaýan gelin-gyzlar özleriniň bu ýagdaýlaryny üýtgedip bilýändigini-de aňmaýarlar.
Hawa, adamlar ygtybarly we zyýansyz suwa mätäçdirler. Ýöne olar bu meseläniň bir adama däl-de, hemmelere degişlidigine düşünenlerinde, öz ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin bile hereket edip başlaýarlar. Ilatyň düşünjesiniň artmagy özgerişlikleri gazanmagyň birinji tapgyry bolup, adamlary agzybir hereket etmäge höweslendirýär.
Mazmuny
Suwa jogap berýän adamlar bilen gürleşiň
Guýulara, suw turbalaryna ýa-da suw üpjünçiliginiň beýleki ulgamlaryna jogap berýän belli bir adam, topar ýa-da telekeçilik barmy? Suwy arassalamak işine jogap berýän adam ýa-da topar barmy? Kimler ýa-da haýsy toparlar köplenç suwy getirmeli, zyýansyzlandyrmaly we goramaly bolýarlar?
Suwa jogap berýän adamlar bilen bilelikde welaýatyň ähli suw çeşmeleriniň sanawyny düzüň. Adamlar agyz suwunyň hili we mukdary barada näme diýýärler? Günde sarp edilýän suwuň mukdary näçe? Agyz suwy, nahar bişirmek, ýuwunmak, mal-garalary suwa ýakmak, ekinleri suwarmak, oba hojalyk işleri we beýleki işler üçin başga-da suw çeşmeleri barmy? Bu zerurlyklaryň ählisi üçin suw ýeterlikmi? Adatdan daşary ýagdaýlar üçin suw çeşmesi ýa-da ätiýaçlyk suw howdanlary barmy?
Adamlaryň suw alýan ýerlerine baryp görüň
Dürli suw çeşmeleriniň dürli meseleleri we çözgütleri bolup biler. Suw gözbaşlaryna, guýulara, derýalara, akarlara, köllere we howdanlara, ýagyn suwlarynyň ýygnanan ýerlerine we suwarylýan meýdanlara baryp görüň. Her suw çeşmesiniň ýanyna baranyňyzda, suwuň peýdalanylyşy we ol suwuň arassa bolup-bolmazlygyny bilmek barada gürrüň ediň.
ýerli suw çeşmeleriniň we hapa suw çeşmeleriniň kartasyny ediň
Siziň kartaňyz adamlaryň ýaşaýan ýerlerine baglylykda arassa we hapa suw çeşmeleriniň nirede ýerleşýändigini görkezer. Arassa ýa-da hapa suw çeşmelerini görkezmek üçin, dürli reňklerden peýdalanyň.
Siziň suwuňyz hakykatdan hem zyýansyzmy?
Suwuň howpludygyny ýa-da däldigini bilmek juda kyn. Suwuň düzümindäki adam saglygy üçin howply zatlaryň käbirini synlamak, ysgamak ýa-da dadyp görmek arkaly ýüze çykaryp bolýar. Käbir zatlary bolsa suwy barlaghanalarda barlatmak arkaly ýüze çykaryp bolýar. Suwy haýsy zatlaryň howply edýändigini bilip, onuň hapalanmagyna garşy çäreler görmeklik saglyk kynçylyklarynyň döremeginiň öňüni alýandyr (5-nji baba ser.).
Dury suwuň hem hapa bolmagy ahmal
Bu sapagyň dowamynda suwuň howpsuz bolup-bolmazlygyny nähili barlamalydygy öwredilýär.
Wagty: 15-30 minut
Materiallar: 4 sany arassa çüýşe, palçyk, duz, şeker, arassalaýjy süzgüçden süzülen suw.
- Sapak başlamazdan öň 4 arassa çüýşäni gaýnadylan, hlor ýa-da beýleki usullar arkaly arassalanan suwdan doldurmaly. Çüýşeleriň birine 1 çemçe palçyk, beýlekisine 1 çemçe şeker, ýene birine bolsa 1çemçe duz garyň. Çüýşeleri gowy edip çaýkaň. Iň soňky çüýşä hiç zat garmaň. Bu çüýşeleri topara getiriň.
- Topar agzalaryndan çüýşeleriň hemmesini ysgap görmeklerini haýyş ediň. Soňra olaryň haýsy hem bolsa bir çüýşedäki suwy dadyp görmeklerini soraň. Bulanyk çüýşedäki suwdan içjek ýok bolsa gerek. Olaryň hemmesi dury suwdan dadarlar.
- Adamlar suwlary dadyp görenlerinden soň, olaryň näme üçin bulanyk suwdan däl-de, beýleki çüýşelerden içendiklerini soraň.
- Soňra olardan dadan suwlarynyň tagamy barada soraň. Olar hiç zat garylmadyk suwdan içipdirlermi? Olar suwa zadyň garylyp-garylmandygyny nädip bilipdirler? Suwuň düzümindäki göze görünmeýän howply zatlar barada gürrüň geçiriň. Howply zatlara içgeçme kesellerini döredýän ýokançlyklar, şistosomatoz keselini döredýän gan sorujylar, pestisidler, himikatlar we ş.m. degişlidir. Bu howply zatlaryň siziň suwuňyzda-da bardyr diýmäge esas barmy? Suwuň howpludygyny ýa-da howpsuzdygyny bilmek usullaryndan: ysgap, dadyp görmekden başga-da barlag usullary barmy?
Suwuň howpsuzdygyny barlamak üçin geçirilýän seljeriş işleri
Suwuň hilini barlamak üçin geçirilýän seljeriş barlaglary suwuň alnan wagtyndaky we ýerindäki hapalanma derejesini görkezýär. |
Suwuň hilini barlamak üçin barlaghanalarda ýörite seljeriş işleri geçirilýär. Bu seljeriş işleri suwdaky zyýanly zatlaryň mukdaryny we görnüşlerini, zyýanly himiki maddalary görkezýär. Ýöne bu seljeriş işleriň gymmat düşmegi mümkin. Suwuň hilini seljermek peýdaly işdir. Ýöne iň esasy zat ilatyň suw meselelerine aýdyň düşünip, suw çeşmelerini berk goramagydyr.
Suwuň düzüminde ýokançlyklaryň bolup-bolmazlygyny barlaýan enjamlaryň käbirlerini öý şertlerinde-de ulanyp bolýar. Mysal üçin “H2S barlagy” gaty gymmat däldir (5 barlagynyň bahasy 1 dollardyr). Ol barlagyň netijelerini derrew görkezýär. Ýöne “H2S barlagynyň” kemçiligi hem bar: ol käwagt suwdaky zyýansyz janly organizmleri zyýanly ýokançlyklardyr öýdýär, suwuň düzümindäki himikatlary we gurçuklaryň ýumurtgalaryny görkezmeýär.