Hesperian Health Guides
Bap 5: Zyýanly suwuň döredýän saglyk kynçylyklary
Dünýäde hiç kim suwsuz ýaşap bilmeýär. Sagdyn bolmak üçin her bir adam ýeterlik mukdarda suwa, özi-de zyýansyz suwa mätäçdir. Adamlaryň we haýwanlaryň nejasaty, peşewi suwa düşende, olar arkaly suwa mikroblardyr gurçuklar hem düşýär. Şonda bu suw adamlaryň saglygy üçin zyýanly suwa öwrülýär. Hapa suwdaky mikroblar we gurçuklar suw arkaly adamyň bedenine aralaşyp bilýär.
Soňra mikroblara ýa gurçuklara ýolugan adam olary başga adamlara hem ýokuşdyryp bilýär. Şeýle ýagdaý saglyk kynçylyklarynyň döremegine sebäp bolup, hemme adamlara täsirini ýetirip bilýär.
Oba hojalygynda, senagatda we magdan gazylyp alynýan senagatda ulanylýan himikatlar, daşky gurşawa zyňylýan zir-zibiller biziň suwumyzy zaýalaýar. Bu bolsa öz gezeginde deri örgünleriň, howply täze döremeleriň we beýleki saglyk kynçylyklarynyň döremegine sebäp bolýar.
Içmek, nahar taýýarlamak we ýuwunmak üçin ýeterlik mukdarda suwuň bolmazlygy keseliň döremegine eltýär. Hajathanadan soň el ýuwar ýaly suwuň bolmazlygy sebäpli içege ýokançlyklary bir adamdan başga bir adama aňsatlyk bilen geçýär. Şahsy arassaçylyk üçin suwuň ýetmezçiligi gözüň we deriniň ýokanç kesellerini döredip biler. Adamyň bedeninde suwuň ýetmezçiligi ýüze çykanda, ol bedeniň suwsuzlanmasyndan ölüp bilýär.
Gurakçylyk, suwuň bahasynyň ýokarylanmagy ýa-da suwuň ýaramaz saklanylmagy onuň ýetmezçiligini döredip bilýär. Suwuň hapalanmagy onuň ýetmezçiligini artdyrýar, bu bolsa öz gezeginde howply hapaçylygy döredip bilýär.