Hesperian Health Guides
Ýeterlik mukdardaky zyýansyz suwa hukukly bolmak
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 5: Zyýanly suwuň döredýän saglyk kynçylyklary > Ýeterlik mukdardaky zyýansyz suwa hukukly bolmak
Hökümet we jemgyýetçilik guramalary hemme adamlary, aýratyn-da mätäçlik çekýänleri, zyýansyz we ýeterlik suw bilen üpjün etmek üçin suw ulgamlaryny gowulandyrmak we köpeltmek maksady bilen hyzmatdaşlyk etmelidir.
Hyzmatdaşlyk suw üpjünçiligini gowulandyrýar
Demirgazyk Afrikanyň Gana diýen ýerinde jemgyýetçilik toparlary suw üpjünçiligini öz garamaklaryna aldylar. Seýwlugu şäherinde döwlet suw kompaniýasy ilaty turbalar arkaly suw bilen üpjün edýär, jemgyýetçilik toparlary bolsa suwuň hiline baha bermäge, suwy paýlamaga we suw ulgamyny bejermäge jogapkärdirler. Olar muny “hökümet bilen jemgyýetçilik toparlaryň hyzmatdaşlygy” diýip atlandyrýarlar.
Jemgyýetçilik topary suw ulgamynyň dolandyrylyşyna jogap berýär. Şonuň üçin-de, howpsuz suwuň ýeterlik mukdary umumyhalk çözgüdi arkaly kepillendirilendir. Käbir adamlar suw tölegini töläp bilmeýär. Şonuň üçin-de, olaryň suw tölegini tölär ýaly gurplanýançalar, jemgyýetçilik topary olara derek töleýär. Jemgyýetçilik topary muny pulunyň köp bolandygy üçin däl-de, şol pukara adamlaryň jemgyýetiň agzalarydygy üçin töleýär. Gana şäherindäki suw kompaniýasy hem zyýan çekmeýär, sebäbi jemgyýetçilik topary ulanýan suwunyň tölegini hemişe töleýär.
Jemgyýetçilik birleşiginiň esasynda döredilen Seýwlugu suw ulgamy Gananyň ähli şäherleri üçin görelde boldy. Seýwlugyň ilaty suw bilen üpjün etmek üçin suw ulgamyny hususylaşdyrmagyň hökman däldigini subut etdiler. Olar hökümet bilen hyzmatdaşlyk edip başlanlaryndan soň keselçilik azalyp, hemmeler suw bilen ýeterlik mukdarda üpjün edildi.
Suwy çüýşelere guýup satmak hukugy
Adamlar öz suw kranlaryndan akýan suwuň arassalygy babatda şübhelenseler, mümkinçilikleriniň bolan ýagdaýynda çüýşelere guýlan suwlary satyn alýarlar. Eger krandan akýan suwda mikroblar bar bolsa, onda çüýşedäki suwdan peýdalanmak howpsuzdyr, sebäbi ol köp keselleriň öňüni alýar. Ýöne suw çüýşelere guýlup satylýandygy üçin ony howpsuz hasaplap bolmaýar. Çüýşe gaplarda satylýan suwlar köplenç kranlardan guýlup, ýokary bahadan satylýarlar. Adamlaryň we daşky gurşawyň saglygyny goramak üçin, suwuň hilini we jemgyýetçilik suw üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny gowulandyrmalydyr.
Siz plastmas çüýşeleri suwdan doldurmak bilen saglyk meselesini çözýändirin öýtseňiz, şuny bilip goýuň: çüýşeleri doldurmagyň, olary müşderilere ulagly eltmegiň bahasy hemmeleri zyýansyz suw bilen üpjün etmekden ýokarydyr.
Kompaniýalar özlerine bähbitli bolany üçin, suwy çüýşelere guýup satýarlar. Olar köplenç öz önümlerini mahabatlandyryp, jemgyýetçilik tarapyndan kran boýunça üpjün edilýän suwy “gaty gowy däl” diýip adamlary ynandyrmak isleýärler.
Coco Cola ýaly suwlary satýan köpmilletli uly korporasiýalar ýakymly suwlary öndürýän ýerli toparlary telekeçilikden gysyp çykaryp, ýerli ykdysadyýete zyýan ýetirýärler. Bu korporasiýalar suwy örän köp sarp edýändikleri zerarly içmek, hojalyk işleri, ekin meýdanlaryny suwarmak we beýleki işler üçin suw ýetmezçiligini döredýärler. Bu bolsa adamlara zyýan edýär (67-nji sah. wakany oka).
Arassa suwy turbalar arkaly üpjün etmek her bir adamyň saglygyny gowulandyrmagyň iň gowy usulydyr. Ýewropada we Demirgazyk Amerikada howpsuz suw ulgamlary saglygy saklaýşyň esasydyr. Baý bolmadyk ýurtlaryň adamlarynyň zyýansyz suwuň ýetmezçiligi sebäpli çüýşelere guýlup, gymmat satylýan suwlary mejbury satyn almagyna hiç esas ýokdur.
Sagdyn ýaşamak üçin ýeterlik arassa suwly bolmaga tutuş adamzadyň hukugy bardyr. Suw ulgamlary jemgyýetçilik guramalary tarapyndan dolandyrylan ýagdaýynda adamlaryň suw hukuklaryny goramaklyk we ýerine ýetirmeklik üstünlikli amala aşýar. Hökümetiň suw ulgamyndaky hyzmatlarynyň oňat ýerine ýetirýändigine göz ýetirmek üçin, jemgyýetçilik birleşigiň agzalary kommunal hyzmatlaryň suw kärhanalaryna berk gözegçilik etmelidir. Bu suw ulagamynyň dolandyrylyşygynda adam saglygynyň iň esasy zat bolup durýandygyna göz ýetirmäge kömek edýär.