Hesperian Health Guides

Suwy haýsy zatlar howply edýär?

Bu bapda:

Suwda mikroblar, gurçuklar we zäherli himikatlar bolsa, ol howpludyr (zäherler barada 16-njy we 20-nji baplara seret). Mikroblar (göze görünmeýän juda maýdaja diri organizmler bolup, köp keselleriň döremegine sebäp bolýar) we gamçyguýruk, sapak şekilli we togalak gurçuklar agyr keselleri döredýärler. Mikroblar we gurçuklar adamlaryň we haýwanlaryň peşewinde we nejasatynda bolup, şu aşakda görkezilen ýagaýlarda düýpli we uzaga çekjek keselleri döredip bilýär:  A woman holds a pitcher of water while drinking from a glass.

  • Adamlaryň we haýwanlaryň galyndylaryny (peşewini we nejasatyny) ýok etmegiň ygtybarly usullarynyň bolmadyk ýagdaýynda;
  • Suw gorlarynyň goralmadyk we arassa saklanylmadyk ýagdaýynda;
  • Ýuwunmak üçin suwuň ýetmezçilik edýän ýagdaýlarynda.


Hapa suw zerarly döreýän mergi keseli ýaly howply keseller tiz ýaýrap, adamlaryň gyrylmagyna sebäp bolýarlar. Mikroblardan we gurçuklardan dörän keseller uzaga çekip, saglygyň beýleki kynçylyklaryny, mysal üçin, bedeniň suwsuzlanmagyny, ýokançlyklary, ganazlygy we iglilik ýaly keselleri döredip bilýär. Miklroblardan we gurçuklardan döreýän keselleriň iň esasy alamatlary içgeçme bolany üçin, muňa käwagt içgeçme keseli hem diýýäler.

Timoti hakynda gürrüň

Ndžoki özüniň bir ýaşlyja ogly Timoti bilen obada ýaşaýardy. Beýleki oba ýaşaýjylary ýaly ol hem birnäçe ýyl mundan ozal ösüş toparynyň gurup beren guýusynyň suwundan peýdalanýardy. Ozal guýynyň suw sorujysy döwülse, ösüş toparynyň işgärleri ony bejererdiler. Ýöne bu topar gidenden soň, obada suw sorujysyny täzeläp ýa-da ony bejerip bilýän adam galmady. Oba ilatynyň täze suw sorujyny ýa-da onuň şaýlaryny satyn almaga ýagdaýlary-da ýokdy.


Şoňa görä-de, suw sorujy döwlenden soň aýallar oba aşyp, suw almaga howdana gitmeli bolýardylar. Bu howdandan mal-gara hem suwa ýakylansoň, ol gurçukdyr mikroblardan ýaňa hapady. Timoti bu howdanyň suwundan içenden soň, agyr suwly içgeçme keseline ýolukdy. Güýçli içgeçme zerarly ol gitdigiçe tapdan düşýärdi. Ndžoki birnäçe sagat ýol ýöräp barmaly uzakdaky saglyk öýüne ogluny alyp gitmäge hiç puly ýokdy. Birnäçe günden soň Timoti öldi.

Içgeçme zerarly döreýän beden suwsuzlanmasy dünýä ýüzünde çagalaryň arasynda iň köp ýaýran keseldir. Içgeçme keseliniň adamlarda döreýşi hakynda indiki sahypada has giňişleýin beýan edilýär.

Timoti näme üçin öldükä?

“Eýsem näme üçin şeýle bolduka?” diýen sapaklar dürli keselleriň we Timotiniň ölüminiň sebäplerine düşünmäge kömek eder.

Timotiniň ölümine näme sebäp boldy? Içgeçme we suwsuzlanmak.

Ol näme üçin içgeçme keseline ýolukdy? Suwda mikroblar bardy.

Suwda näme üçin mikroblar bar? Bu goralmaýan howdandy, şonuň üçin hem ol mikrobdyr gurçuklardan ýaňa hapady.

Ýöne näme üçin Timotä goralmaýan howdandan suw berlipdir? Sebäbi obadaky guýynyň suw sorujysy döwlüpdi.

Ýöne näme üçin ony bejerip bolmady?

A woman speaking.
Soraglar gutarýança, olaryň yzygiderliligini dowam ediň. Siz has öňki ýagdaýlara ýüz tutup, has takyk sebäpleri tapyp bilersiňiz. Mysal üçin:

Näme üçin Ndžoki suwy içer ýaly, ony zyýansyzlandyrmadyka? Suwy gaýnadar ýaly odun ýokdy, ony hlor bilen arassalar ýaly pul hem ýokdy.

“Eýsem näme üçin şeýle bolduka?” diýen soraglar dowam edýär, sebäbi adamlar Timotiniň ölüminiň sebäbini bilmek isleýärdiler. Sebäpleri zynjyr görnüşinde kagyzda ýa-da synp tagtasynda, gaty kagyzda ýa-da flanelde görkezip bolar. Bu görkezme usuly bir sebäbiň beýleki bir sebäp bilen arabaglanyşygyny görkezýär. Keseliň döremegine sebäp bolan haýsydyr bir ýagdaý ýada düşende, ony hem şol zynjyra “sepleýärler”. Bu usul adamlara keselleriň sebäplerine düşünmäge we olaryň öňüni almaga kömek edýär.

illustration of the below: chain links.

Mikroblaryň “syýahatynyň” syny
illustration of the below: man defecating.
illustration of the below: dog.
EHB Ch5 Page 48-5.png illustration of the below: child with dog.
illustration of the below: mother crouching near child.
1. Adam içgeçme bilen kesellände nejasat çykarýar. 2. It adam nejasatyny iýýär. 3. Çaga it bilen oýnaýar. Nejasatdaky mikroblar onuň eline geçýär. 4. Çaga aglap başlaýar. Ejesi ony köşeşdirýär. Ol ejesiniň köýnegine ellerini süpürýär.
illustration of the below: hand, cloth and griddle.
illustration of the below: man, woman and two children.
illustration of the below: man, woman and two children looking ill.
5. Eje nahar taýýarlaýar. Onuň köýnegindäki mikroblar eline geçýär. Ol elleri bilen nahar taýýarlaýar. 6. Maşgala bişen nahardan iýýär. 7. Birnäçe wagtdan soň maşgala agzalary içgeçme keseline ýolugýar.

===Mikroblaryň we gurçuklaryň keselleri ýaýradyşy Käbir zatlarda, mysal üçin nejasatda, çüýrän azyk önümlerinde, hapa hajathanalarda we ş.m. mikroblaryň we gurçuklaryň bardygy mese-mälim zatdyr. Ýöne käwagt mikroblar we gurçuklar göräýmäge arassa ýerlerde, mysal üçin arassa suwda ýa-da ellerimizde hem bolup bilýär.


Mikroblar we gurçuklar bir adamdan beýleki bir adama gatnaşyk, howadaky tozanlar arkaly ýa-da adamlar asgyryp-üsgürende geçip bilýär. Şeýle hem olar azyk önümleriniň, agyz suwunyň, siňekleriň, mör-möjekleriň we haýwanlaryň üsti bilen geçip biler. Olar çig ýa-da harsal taýýarlanan tagamlarda-da bolýar. Eger-de siz hapa suwa ýuwunsaňyz, şol suwda bitýän önümleri iýseňiz, gurçuklara ýolukmak töwekgelligi artýar. Mikroblar we gurçuklar aşakdaky görkezilen ýollar boýunça “syýahat” edýär:

arrows showing path of germs from man defecating, to hand, flies, corn stalks and river, to cup and plate of food, to person eating.
Şeýlelik-de, mikroblaryň “syýahaty” barmaklardan, siňeklerden, nejasatdan, meýdandan, azyk önümlerinden we suwdan başlanýar.
Içgeçme keselleri nähili ýaýraýar?

Bu sapak içgeçme keselleriniň sebäbi bolan mikroblaryň bir adamdan beýleki adama geçişini görkezmäge kömek edýär. Adamlar degişli suratlary çekýärler. Soňra olary birleşdirip, olar boýunça gürrüň berýärler.

Wagty: 1 sagada çenli

Materiallar: Surat üçin kiçi we uly kagyz tagtalary, reňkli ruçkalar ýa-da markerler, ýelimli zolajyklar, suratlaryň nusgalary.

examples of drawings; dirty hands and feet, plate of food covered with flies, man defecating, woman washing plate in stream, and person eating.
  1. Topar 5-8 adamdan ybarat bolmaly. Toparyň her bir agzasy adamlaryň içgeçme keseline uçraýşyny özüçe şekillendirmeli. Suratda içgeçmäniň ýaýraýşynyň diňe bir tapgyryny suratlandyrmaly. Eger surat çekmek kyn düşýän bolsa, onda ol adam aýtjak zadyny söz bilen beýan edip ýa-da birinden kömek sorap biler. Bu suratlaryň nusgalaryny almaga we toparda ara alyp maslahatlaşmaga höwes döredip biler.
  2. Her bir adam toparda öz çeken suratyny görkezýär. Beýlekiler bolsa öz düşünişlerine görä, suratda görýän zatlaryny aýdyp berýärler.
  3. Her topar çeken suratlaryny mikroblaryň ýaýraýyş tapgyry boýunça goýýar. Eger topardakylar mikroblaryň ýaýraýşynyň haýsydyr bir tapgyrynyň ýokdugyny görseler, şol tapgyryň hem suratyny çekýärler. Suratlar taýýar bolandan soň, olary uly kagyza ýelmeýärler. Suratlaryň arasynda peýkamjyklar çyzyp, mikroblaryň ýaýraýşyny gürrüň berýän diagrammany ediň.
  4. Her topar biri-birine öz diagrammasyny görkezýär. Topar çeken suratlaryny görkezip, içgeçmäniň bir adamdan beýleki adama geçişi hakynda gürrüň berýär.
  5. Ahli topar bu işi ara alyp maslahatlaşýar. Toparlaryň gürrüň berýän wakalary meňzeşmi? Bu wakalar biri-birinden tapawutlanýarlarmy? Näme tapawudy bar? Içgeçmäniň ýaýraýyş ýollary hakynda gürrüň beriň. Ykdysady we durmuş şertleriniň haýsylary adamlaryň saglygyna howp salýar? Haýsy hereketler we garaýyşlar adamlaryň saglygyna howp salýar? Keseliň ýaýraýşynyň haýsy ýollary çekilip görkezilmändir?

Içgeçme keselleri

crouching child having diarrhea.

Içgeçme keselleri köplenç şahsy arassaçylyk üçin suwuň ýetmezçiligi, hapa hajathanalar, hapa suw we azyk önümleri zerarly döreýär.

Alamatlary

Içgeçmäniň adaty alamatlarynyň biri ýygy-ýygydan suwuk täret etmekdir. Keseliň beýleki alamatlaryna gyzdyrma, baş aýlanma, agyry, üşütme, ysgynsyzlyk, aşgazan we içege sanjysy, gaýtarmak we içiň ýellenmesi ýaly alamatlar degişlidir.

Adam içgeçmäniň haýsy görnüşi bilen kesellän bolsa, şoňa görä hem bejergi berilýär. Ýokardaky alamatlar adamyň içgeçme keselleriniň haýsy görnüşi bilen keselländigini bilmäge kömek eder.

  • Mergi: täret gaýnadylan tüwiň suwuna meňzeş, adamyň içi agyrýar we sanjaýar, ol gaýtarýar.
  • Garahassalyk: adam gyzdyrýar, onuň içi güýçli agyrýar we sanjaýar, kellesi agyrýar, içi gataýar ýa-da nohutly çorba görnüşinde içi geçýär.
  • Lýambliýa: adamyň täreti suwuk, ýagly, porsy ysly bolýar, içi agyrýar, az-kem gyzdyrýar, gaýtarýar, içi ýellenýär, käwagtlar gägirende palak ýumurtganyň ysy gelýär.
  • Ganly içgeçme: adam günüň dowamynda 10-20 gezek ganly täret edýär, gyzdyrýar, içi güýçli agyrýar we sanjaýar.
  • Amýoba ganly içgeçmesi: adam günüň dowamynda 4-10 gezek ak sülekeýli suwuk täret edýär, gyzdyrýar, onuň içi güýçli agyrýar we sanjaýar, iýip-içen badyna içi geçýär.
  • Togalak gurçuklar: adamyň garny çişýär, ysgynsyz bolýar, onuň täretinde gülgüne ýa-da ak gurçuklary bolmagy ahmal. Käwagt bu gurçuklar onuň agzyndan ýa burnundan hem çykyp bilýär.
  • Egrije gurçuklar: adamyň içi geçýär, ysgyny bolmaýar; onda ganazlyk bolup, derisi solgun bolýar. Şeýle gurçuklardan ejir çekýänler palçyk iýegen bolýar.
  • Gamçyguýruk gurçuklar: adamyň içi geçýär, onuň nejasatynda inçe gülgüne ýa-da çal gurçuklar bolýar.


Içgeçme we gurçuk ýokançlyklary barada has giňişleýin bilmek isleseňiz, Where There Is No Doctor (“Maşgala saglygy”) atly kitabyň 12-nji we 13-nji baplaryna serediň.

Içgeçme keselleriniň bejerilişi

Içgeçme keseli köpräk suwuklyk we berilýän iýmitiň mukdaryny kem-kemden artdyrmak arkaly bejerilýär. Köphalatlarda derman gerek hem bolmaýar. Derman serişdeleri diňe käbir ýagdaýlarda bellenilýär. (Goşmaça maglumat üçin saglygy goraýyş gullugynyň işgärlerine ýüzleniň ýa-da Where There Is No Doctor (“Maşgala saglygy”) atly kitaby okaň).

  • Amýoba ganly içgeçmesi dermanlar bilen bejerilýär.
  • Garahassalyk antibiotikler bilen bejerilýär, sebäbi garahassalyk uzaga çekip, ölüme eltmegi mümkin.
  • Mergini regidratasiýa içgisi, köp mukdarda suw içmek arkaly bejerilýär. Mergi keseline ýolugan adam ýeňil siňjek naharlary iýmeli, sebäbi ol içgeçme zerarly bedenindäki ýokumly maddalary ýitirýär. Merginiň başga ýerlere ýaýramazlygy üçin degişli derman serişdeleri kabul edilýär.


Eger adamda ganly içgeçme ýüze çyksa, gyzdyrsa ýa-da özüni gaty agyr duýsa, ol tizden-tiz saglyk öýüne ýüz tutmalydyr.

EHB Ch5 Page 52-1.png

Içgeçme we beden suwsuzlanmasy

Içgeçme kesellerinden gaty köp adam, aýratyn hem çagalar ölýärler. Içgeçme keseline ýoluganlar, esasan-da, bedenleriniň suwsuzlanmagy zerarly ölýändirler.

Bedeniň suwsuzlanmagyna dürli ýaşdaky adamlar uçrap bilýär, ýöne bu ýagdaý çagalar üçin juda howpludyr. Sebäbi çagalaryň, aýratyn hem bäbekleriň bedeni örän tiz suwsuzlanýandyr.

Suwuk içgeçmä ýolugan islendik çaganyň bedeni suwsuzlanýar. Şeýle ýagdaýda olara hökman köpräk suwuklyk içiriň. Bedeniň suwsuzlanma alamatlary bar bolsa, ony tizden-tiz lukmanyň ýanyna äkidiň.

EHB Ch5 Page 52-2.png
Suwsuzlamanyň alamatlary
Çaganyň açyk beýnijigi çökýär
Gözleri içine giden ýaly bolýar
Dodaklary kepäp guraýar
Çaga agramyny çalt ýitirýär
Çaganyň peşewi az bolsada, köp bolsa-da, ol goýy sary reňkde bolýar
Derisiniň çeýeligini ýitirmegi
Çaganyň derisini iki barmagyňyzyň arasyna gysyp galdyryň-da, goýberiň:
Eger onuň derisi öňki katdyna gelmese, bu onuň bedeniniň suwsuzlanýandygyny aňladýar.
Suwsuzlanmanyň öňüni almak ýa-da bejermek

When a child has watery diarrhea or diarrhea and vomiting, do not wait for signs of dehydration.
Act quickly.

Eger çagada suwly içgeçme bolup, içi gidip, gaýtaryp başlasa, suwsuzlanmanyň beýleki alamatlaryna garaşman, çalt hereket ediň.

  • Çaga suwuklygy köpräk içiriň. Oňa ýarma, süle şülelerini, çorba we arassa gaýnan suw ýa-da regidratasiýa içgisini bermek maslahat berilýär.
  • Çaga (ýa-da uly adama) işdäsi açylyp başlandan, onuň halaýan iýmitini bermegi dowam ediň. Emýän çagalary naharlamazdan ýa-da suw bermezden öň ýygy-ýygydan emdiriň.

*Regidratasiýa içgisi suwsuzlanmanyň öňüni almaga ýa-da ony bejermägä kömek edýär. Regidratasiýa içgisi içgeçme keselini bejermeýär. Ol adam içgeçmeden gutulýança onuň bedenini gurplandyrý

Regidratasiýa içgisiniň taýýarlanylyşy

Regidratasiýa içgisini taýýarlamagyň 2 usuly bardyr. Siz islendik içgä (arassa gaýnag suw iň gowusy) ýarty käse miwe suwuny ýa-da banan üwmejini goşup bilersiňiz. Olaryň düzüminde kaliý we beýleki minerallar bolup, bedeni gurplandyrýarlar. Bu içgini 3 ýaşdan uly çagalara bermek maslahat berilýär. Kiçi çagalara regidratasiýa içgisi bedeniniň agramyna we suwsuzlanma derejesine görä berilýär. Kiçi çagalara berilýän regidratasiýa içgisiniň mukdaryny lukman kesgitleýär. Adam gaýtarýan hem bolsa, az-azdan bu içgini berip durmaly, sebäbi içginiň hemmesi gaýtmaýar. Taýýarlanylan içgi şol günüň ahyryna çenli gutarmasa, ony ertesi gün içmek bolmaýar. Regidratasiýa içgisi her gün täze taýýarlanylmalydyr.


Uwelen dänelerden taýýarlanylan şüle

(Siz tüwiniň ýa-da mekgejöweniň külkesinden, bugdaý unundan şüle ýa-da ýer almasyndan duz goşup, üwmeç (pýure) taýýarlap hem bilersiňiz).

WWHND ChSk Page 540-2.png
WWHND ChSk Page 540-3.png
1 litr arassa suwa ýarty çaý çemçesi duz we


8 çaý çemçesi däne külkesini garyň.
EHB Ch5 Page 53-5.png


Soňra ony tä suwuk şülä öwrülýänçä, 5-7 minut gaýnadyň. Bu suwuklygy sowadyp, içgeçmeden ejir çekýän adama içiriň.

DUÝDURYŞ! Bu içginiň zaýa däldigine göz ýetirmek üçin, ony her gezek çaga bermezden öň dadyp görüň. Sebäbi yssy howada bu içgi örän çalt zaýalanýandyr.

Şeker bilen duzdan taýýarlanylan içgi

(Siz ýa goňur şekeri, ýa ak şekeri, ýa-da toşap ulanyp bilersiňiz).

WWHND ChSk Page 540-3.png
WWHND ChSk Page 540-2.png
1 litr arassa suwa ýarty çaý çemçesi duz we

8 çaý çemçesi şeker goşuň-da, ony oňat garyň.
EHB Ch5 Page 53-4.png
DUÝDURYŞ! Şekeri garmazdan öň, içginiň gaty duzly däldigine göz ýetirmek üçin, ony dadyp görüň. Bu içgi gözýaşdan duzly bolmaly däldir.

Ýatda saklaň: Eger bedeniň suwsuzlanmasy beterlese ýa-da başga howply alamatlar peýda bolsa, içgeçmeden ejir çekýäne lukmançylyk kömegini beriň.
Içgeçme keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak

Içgeçme keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak üçin,“Içgeçme keselleri nähili ýaýraýar?” atly sapakdan peýdalanyp bilersiňiz.

Wagty: 30 minutdan 1 sagada çenli

Materiallar: surat çeker ýaly uly kagyz tagtasy, reňkli ruçkalar ýa-da markerler, ýelimli zolajyklar, “Içgeçme keselleri nähili ýaýraýar?” diýen mowzukda çekilen suratlar.

EHB Ch5 Page 54-1.png
  1. Adamlary “Içgeçme keselleri nähili ýaýraýar?” atly sapakdaky ýaly kiçi toparlara bölüň. Her topar ”Içgeçme keselleri nähili ýaýraýar?” diýen mowzukda çekilen suratlary synlaýar-da, bu keseli togtatmak üçin haýsy çäreleriň görülmelidigini aýdýar, mysal üçin, elleri ýuwmak, hajathanalardan peýdalanmak, azygy we agyz suwuny hapalanmakdan goramak we ş.m. Şu agzalan çäreleriň her biri içgeçme keseliniň ýaýramagyna böwet bolýar.
  2. Topar mikroblaryň ýaýramagyna böwet bolýan çäreler barada gürrüň edenden soň, içgeçme keselleriniň ýaýramagyny togtatmaklygyň usullaryny şekillendirýän suratlary çeksin.
  3. Indiki tapgyrda topar “Içgeçme keselleri nähili ýaýraýar?” diýen mowzukdaky wakany “Içgeçme keselleriniň ýaýramagynyň öňüni nädip almaly?” diýen waka nädip öwürmelidigi barada pikir alyşýarlar. Täze çekilen suratlary öňki mowzukda çekilen suratlaryň ýanynda goýuň. Şonda topar agzalary bir wakanyň beýleki waka geçişini aýdyň görerler.
  4. Her topar öz wakasyny gürrüň berýär. Olar içgeçme kesellerini togtatmak üçin haýsy çäreleri ulanýandygyny ýa-da ulanmaýandygyny aýdýarlar. Içgeçme keselleriniň ýaýramagyna böwet bolýan usullarynyň ählisi degerli netijäni berýärmi? Näme üçin? Näme üçin bu usullaryň käbirini ulanmak kyn bolýar? Içgeçme keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak üçin, jemgyýetçilik topary nähili işlemeli?
EHB Ch5 Page 54-2.png

Gwineý gurçugy

Gwineý gurçugy – uzyn, inçe gurçuk bolup, ol deriniň aşagynda mesgen tutýar-da, bedende agyryly ýaralary döredýär. Ak sapak şekilli bu gurçuk 1metre çenli ösüp bilýär. Gwineý gurçugy Afrikada, Hindistanda we Ýakyn Gündogarda duş gelýär.

Alamatlary

Gwineý gurçugynyň alamatlary adatça topukda ýa aýakda bolýar, ýöne bu alamatlar bedeniň başga ýerlerinde hem bolup bilýär. Bu gurçuga ýolugan adamyň bedeninde gabarçak emele gelip, ol birnäçe günden ýa bir hepden ýarylýar-da, şol ýerde açyk ýara emele gelýär. Indiki hepdäniň dowamynda bu gurçuk adamyň bedeninde öz “ýoluny” çekýär. Ak sapak şekilli gwineý gurçugynyň ujy ýaranyň içinden görünýär. Ýara hapalanyp azsa ýa-da gurçugy çykarjak bolanlarynda ol üzülse, ýaranyň ýerindäki agyry we çiş ýaýraýar. Bu bolda adamyň ýöremegini kynlaşdyrýar. Bu gurçuga adatça açyk suw howdanlarynda, derýalarda suwa düşünilende ýolugýarlar.

Gwineý gurçugy bir adamdan beýleki adama şu ýol arkaly geçýär:

EHB Ch5 Page 55-1.png

1. Gurçukly açyk ýarasy bolan adam howdana girýär. Gurçuk ýaradan çykyp, suwa öz ýumurtgalaryny taşlaýar.
2. Kiçijik suw büreleri gurçugyň ýumurtgalaryny iýýärler.
3. Beýleki bir adam bu suwdan içýär. Şonda suwdaky büre hem-de gurçuk ýumurtgasy onuň içine düşýär.
4. Gwineý gurçugynyň ýumurtgasy deriniň aşagynda ýuwaş- ýuwaşdan ösmek bilen bolýar. Bir ýyl geçip, ýara emele gelenden soň, gurçuk ýumurtgalaryny taşlamak üçin derini deşýär.

Gwineý gurçugyna ýolukmazlyk üçin, suw çeşmelerini goraň, içilýän suwy süzgüçlerden süzüň. Agyz suwy üçin ulanylýan suw howdanlarynda hiç kim suwa düşmese, bu ýokançlyk hiç kime ýokmaz. Eger şeýle edilse, bu ýokançlyk şol sebitlerde bütinleý ýom-ýok bolar.

Gan sorujylar (şistozomatoz, bilsgarioz, balykgulak gyzzyrmasy)

Bu ýokançlyklar hapa suwa düşülende ýa ýuwnulanda döreýär. Bu hapa suwdaky gurçuklar deri arkaly gana aralaşýarlar. Kesel bagra we böwreklere uly zeper ýetirip, adamyň birnäçe aýdan ýa-da birnäçe ýyldan ölmegine sebäp bolýar. Gan sorujylara aýallar has köp ýolugýandyrlar, sebäbi olar çagalary suwa düşürmek, suw çekmek, kir ýuwmak üçin elleri köplenç suwda bolýar.

Käwagt keseliň irki alamatlary bildirmeýär. Bedeniňiň käbir ýerlerinde umumy alamatlaryň, ýagny peşewde we täretde ganyň bolmagy ahmal. Gan sorujylar aýallaryň jyns agzalarynda ýaranyň döremegine sebäp bolýar. Gan sorujylaryň bolan sebitlerindäki adamlar garynlaryndaky sähelçe agyrydan zeýrenenlerinde ýa-da bu keseliň haýsydyr bir alamaty ýüze çykanda, ol degişli barlaglardan geçirilmelidir.

EHB Ch5 Page 56-1.png

Gan sorujylaryn ýaýramagy takmynan şeýle geçýär:

1. Ýokançlykly adam suwa buşugýar.
2. Peşewde ýa-da nejasatda gurçugyň ýumurtgalary bar.
3. Ýumurtgalardan gurçuklar döreýärler we balykgulaklara aralaşýarlar.
4. Ýaş gurçuklar balykgulaklardan çykýarlar we adamyň bedenine aralaşýarlar.
5. Ýokançlykly adamyň buşugan ýa-da täret eden suwunda ýuwnan ýa-da suwa düşen adam hem ýokançly bolýar.
BEJERGI

Gan sorujylaryň döredýän keselleri derman serişdeleri arkaly bejerilýändir. Bu dermanlar barada has anyk maglumatlary bilmek üçin saglygy saklaýyş gullugynyň işgärlerine ýüzleniň ýa-da Where There Is No Doctor (“Maşgala saglygy”) atly kitabyň degişli baplaryny okaň. Jyns agzalaryndaky ýaralar we peşewde ganyň görünmegi aýallarda jyns ýollary arkaly geçýän keselleriň (JÝAGK) hem alamatydyr. Şonuň üçin-de, käbir aýallar özlerinde JÝAGK-iň bardygy babatda aýyplanmagyndan gorkup, degişli bejergini aljakda bolmaýarlar. Ýöne degişli bejergileriň alynmadyk ýagdaýynda başga çynlakaý ýokançlyklaryň we önelgesizligiň döremegi mümkin.

Öňüni Almak

Gan sorujylar bir adamdan beýleki adama göni geçmeýär. Gan sorujylar bir salym suwda kiçijik balykgulaklaryň içinde ýaşaýarlar. Şol balykgulaklary öldürip, gan sorujylaryň döremeginiň öňüni almak üçin, jemgyýetçilik topar degişli maksatnamalary düzüp bilýär. Emma ýatda saklaň: bu maksatnama arassaçylygyň esasy düzgünleriniň berjaý edilen ýagdaýlarynda oňat netijeleri berer. Arassaçylygyň esasy düzgünlerini berjaý etmek üçin, suwa ya-da onuň töwereginde buşukmaň, täret etmäň.