Hesperian Health Guides

Mikroblaryň we gurçuklaryň ýaýramagynyň öňüni almak

Bu bapda:

Mikroblar we gurçuklar hemme ýerde bolýandyr. Olar zerarly döreýän keselleriň öňüni almak üçin sadaja usullar bar. Islendik adam bu sadaja usullardan peýdalanyp, mikroblaryň we gurçuklaryň ýaýramagynyň öňüni alyp bilýändir:

  • Içmek we ýuwunmak üçin suw çeşmelerini goraň we arassa suwdan peýdalanyň. Eger siz suwuň arassalygy barada şübhelenýän bolsaňyz, ony arassalaň.

illustration of the below: hands under a tap.

  • Hajathanadan soň we nahar taýýarlamazdan öň hökman elleriňizi ýuwuň. Arassa suw we sabyn ulanyň. Eger sabyn ýok bolsa, arassa çäge ýa-da kül ulanyň.

illustration of the below: pit toilet with shelter.

  • Dyrnaklaryňyzy ösdürmäň. Bu elleriňiziň arassalygy üçin gowudyr.
illustration of the below: cooking pot boiling.
  • Hajathanalardan peýdalanyň. Bu adamlary mikroblardan we gurçuklardan goraýar. Eger hajathana ýok bolsa, onda hajatlaryňyzy suwdan uzak ýerlerde ediň: adamlaryň we haýwanlaryň barmajak ýerinde täret ediň we ony gömüň.
  • Iýmiti taýýarlamakda, saklamakda arassa we zyýansyz usullardan peýdalanyň. Miweleri we gök önümleri ýuwuň ýa-da gaýnadyň. Iýmit galyndylaryny mallara beriň ýa-da dökün hökmünde bir ýere üýşüriň. Zaýalanan önümleri ýok ediň, eti we deňiz önümlerini beýleki azyk önümlerinden aýry saklaň. Etiň, ýumurtganyň we balygyň gowy gaýnadylandygyna ýa-da gowrulandygyna göz ýetiriň. Gap-gaçlary ulananyňyzdan soň gaýnan suwda ýuwujy serişdeler bilen ýuwuň, mümkin bolan ýagdaýynda olary günde guradyň.
illustration of the below: pig by a fence.
  • Mallaryňyzy iýmit önümlerinden we suw çeşmesinden uzakda saklaň.
  • Gurçuklar aýaklaryňyz arkaly bedeniňize aralaşmaz ýaly, aýakýalaňaç gezmäň.
illustration of the below: fish on a plate under a net dome.
  • Siňekler mikroblary ýaýratmaz ýaly, siňek tutujylar ýasaň we azyk önümleriň üstüni ýapyň. Siňeklerden goralýan hajathanalar hem olaryň köpelmeginiň öňüni alýandyrlar (7-nji baba ser.).


Siňek tutujynyň plastmas çüýşeden ýasalyşy

fly trap on the ground.
  1. Plastmas çüýşesiniň ýokarky bölegini kesiň.
  2. Aldawaç hökmünde çüýşäniň içine süýji zat atyň.
  3. Çüýşäniň ýokarky bölegini onuň aşaky böleginiň içine başaşak salyň. Siňekler çüýşäniň içine girip, yzyna çykyp bilmezler.
  4. Çüýşe dolandan soň ony dökün üýşmegine ýa-da hajathana döküň.
  5. Muny etmezden ozal çüýşedäki siňekleriň barynyň ölendigine göz ýetiriň.


Siňekleri azaltmak üçin, siňek tutujylary hajathanalaryň ýanynda we iýmit taýýarlanylýan ýerlerde asyp goýuň.

Elleri ýuwmaklyk

A man washes his hands under a tap.

Mikroblar we gurçuklar zerarly ýüze çykýan saglyk kynçylyklarynyň öňüni almak üçin, hajathanadan, çagany ýuwundyranyňyzdan soň we iýip-içmezden öň, çagany naharlamazdan öň hemişe elleriňizi sabynlap ýuwuň.

Elleriňizi arkaýyn ýuwar ýaly, öýüňiziň golaýynda amatly şertleri dörediň.

A woman shakes water from her hands.

Elleri ýöne bir suwa ýuwmak ýeterlik däldir, hapany we mikroblary aýyrmak üçin elleriňizi sabyn bilen ýuwmaly. Elleriňizi sabynlap, suw kranynyny ýa-da elýuwary açyň. Eger olar ýok bolsa, legenden ýa-da haýsy hem bolsa bir gapdan peýdalanyň. Soňra elleriňizi arassa suwa oňat durlaň.

Elleriňizi arassa mata süpüriň ýa-da howada guradyň.

Elýuwar – ýönekeý ýuwujy enj

Elýuwarda ýuwnulanda, suw az mukdarda sarp edilýär. Mundan başga-da, akyp duran suwuň aşagynda elleri owkalap ýuwmaga mümkinçilik bolýar. Elýuwary elýeter materiallardan ýasamak mümkin we ony islendik ýerde: pejiň, hajathananyň ýanynda ýa-da bazarlarda goýmak bolýar.

Plastmas elýuwarlaryň ýasalyşy

Elýuwaryň bu görnüşini ýasamak üçin size gapagy towlanýan plastmas çüýşe (islendik miweli suwlardan boşan plastmas çüýşe) we sypal taýajyk, ruçkanyň boşan sterženi ýa-da islendik içi oýuk taýajyk gerek bolar.

soda bottle.
straw.
  1. Çüýşäni ýuwuň.
  2. Gyzdyrylan simiň ujy bilen çüýşäniň aşaky bölegini deşiň.
  3. Eger sypal taýajyk bolmasa, ruçkanyň sterženini arassalaň. Onuň ujuny kesip, çüýşäniň deşigine dykyň. Taýajyk deşikde berk durmalydyr.

hanging water filled bottle pierced by straw. 4. Çüýşäni suwdan dolduryň we gapagyny towlaň. Eger gapagy berk towlanan bolsa, suw çüýşäniň deşiginden akmaly däldir. Gapagy aýranyňdan soň, suw çüýşäniň deşiginden turbajyk arkaly endigan akmalydyr. Muňa göz ýetireniňizden soň, çüýşäniň ýanynda sabyn goyup (sabyny çüýşä daňsaňyz hem bolar), ony adamlaryň elini ýuwar ýaly ýerinde asyp goýuň.

hands rubbing under water flowing from hanging bottle. 5. Elýuwaryň ulanylyşy: suw elýuwardan endigan akar ýaly, çüýşäniň gapagyny gowşadyň. Akyp duran suwuň aşagynda elleriňizi sabynlap, tä arassalanýança ýuwuň.