Hesperian Health Guides

Ýeterlik mukdardaky suw hem zyýansyz suw ýaly örän möhümdir

Bu bapda:

Adamlaryň aglaba böleginiň gündeki talaplaryny kanagatlandyrmak üçin ýeterlik mukdarda suwlary ýok. Ýuwunmaga ýeterlik suwuň bolmadyk ýagdaýlarynda adamlar gijilewük we trahoma ýaly ýokançlyklara ýolugyp bilýärler. Agyz suwunyň we şahsy arassaçylyk üçin suwuň ýeterlik bolmadyk ýagdaýlarynda peşew haltasynda we böwrekde ýokançlyklar döräp biler. Bu ýokançlyklara esasan-da aýallar uçraýarlar. (Bu keseller hakynda giňişleýin bilmek üçin Where There Is No Doctor (“Maşgala saglygy”) we Where Women Have No Doctor (“Aýallar üçin lukmanyň bolmadyk ýerleri”) atly umumy saglyk gollanmalaryna seret). Keselhanalarda we saglyk öýlerinde enjamlary ýuwmak we ýuwunmak suw ýeterlik bolmasa, ýokançlyklar bir adamdan beýleki adama geçip bilýär.

A woman with a baby strapped to her back carries a bag and balances a jug of water on her head.

Aýallaryň kynçylyklary

Suwuň ýetmezçilik edýän ýerlerinde adamlar, adatça aýallar we çagalar, suw getirmek üçin agyr ýüklenip, uzak aralygy geçmeli bolýarlar. Bu bolsa olaryň boýunlaryna, arkalaryna we aýaklaryna zyýan ýetirýär. Suw daşamak köp wagty we güýji talap edýär. Şonuň üçin-de, olar suwy tygşytlajak bolup, ony gaty az ulanýarlar. Suwuň gözlegi köp wagtlaryny alýandygy üçin, aýallar köplenç beýleki işlerine: maşgalanyň saglygyny saklamak we çagalaryň aladasyny etmek, ekine seretmek ýaly işlerine ýetişmeýärler.

Suw köp keselleriň öňüni alýar, olary bejerip hem bilýär

Suw gyzgyny gaýtarmak we deriniň, ýaranyň ýokançlyklaryny ýuwup aýyrmak üçin hem ulanylýar. Suwuň köp mukdarda içilmegi içgeçmäniň, peşew ýokançlygynyň, üsgülewügiň we iç gatamanyň öňüni alýar we olary bejerýär. Hajathanadan soň, nahar iýmezden öň we azyk önümlerine el degirmezden öň elleri sabynlap ýuwmak hem köp keselleriň öňüni alýandyr.

Water pouring onto hand.
Hand submerged in bowl.
Arrows point from folded cloth to pot of hot water to hot compress on arm.
Ýarany sabynly suwa ýuwmaklyk ýokançlyklaryň öňüni alýar. Ýeňil ýanyklary sowuk suwda saklap bejeriň. Gyzgyn suwa ezilip goýlan ýapgy iriň boşluklarynda, çykuwda, myşsa we bogun agyrylarynda kömek edýär.