Hesperian Health Guides

Suwuň zäherlenmegi

Bu bapda:

Oba hojalygy, dag magdanlaryny gazyp alýan senagat, nebit we himiýa senagatlarynyň pudaklary öz galyndylaryny suw çeşmelerine taşlaýarlar. Bu suwdan içmek, nahar taýýarlamak, oňa ýuwunmak we ekinleri suwarmak örän howpludyr.

Käbir ýerlerde suwuň zäherlenmegi ýerde tebigy myşýagyň we ftoridiň (dişlerde goňur tegmil goýýan we süňkleriňi port edýän tebigy madda) bolmagy bilen baglydyr. Ýerasty suwlar azalanda, onuň düzümindäki tebigy zäherli maddalaryň mukdary artýar.

Zäherli himikatlary senagatyň taşlandylarymy ýa-da ýerden gazylyp alynýan maddalarmy, tapawudy ýok, gözüň bilen görüp bolmaýar, olary ýüze çykarmak hem kyndyr. Tebigy zäheleri we senagat himikatlary diňe suwy barlaghanalarda seljeriş barlaglary arkaly ýüze çykaryp bolýar.

Söhbetdeşlik üçin surat: Zäherli himikatlar suwa nähili aralaşýarlar?

In a landscape where a stream flows through fields near a factory, people fish and get water as a man sprays pesticide.

EHB Ch5 Page 59-2.png

Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:

  • Zäherli himikatlar suwa nähili aralaşýarlar?
  • Suwy zäherlenmekden goramak üçin näme etmeli?
  • Zäherlenen suwdan içilse ýa-da şol suw howdanyndan balyk tutulyp iýilse, bu adamlaryň saglygyna nähili täsir eder?

Zäherli taşlandylaryň öňüni almak

Suwda zäherli himikatlaryň ýokdugy babatda ynamly bolmagyň ýeke täk ýoly – suw gözbaşlarynyň hapalanmagynyň öňüni almak. Eger siz öz ulanýan suwuňyz zäherlidir öýtseňiz, onda jemgyýetçilik toparyňyzy gurnap, kartada suw çeşmelerini belläň-de, olaryň haýsylarynyň saglyga howp salýandygyny anyklaň. Suw gözbaşlarynyň haýsysynyň zäherlenýändigini anyklanyňyzdan soň, bu ýagdaýyň öňüni almak üçin degişli çäreleri görüň. Suwda haýsy himikatlaryň bardygyny bilmek üçin, ony barlaghanalarda barladyň.

Ýatda saklaň: Ýatda saklaň:mikrobdyr gurçuklardan arassalanan suwda himikatlar ýokdur diýip bolmaýar.

Himikatlardan arassalanan suwa mikrobsyz we gurçuksyz arassa suw diýip hem bolmaýar. Zäherli himikatlaryň daşky gurşawy zäherlemesiniň öňüni nähili almaly?

  • Suw gözbaşlaryny awtoulaglaryň zyýanly galyndylaryndan goramak üçin, awtoulaglaryň geçýän ýollarynyň we köprüleriniň boýunda zeýkeşleri gurmalydyr.
  • Awtoulaglaryň geçýän ýollarynyň ugrunda agaç ekmeklik hem suw gözbaşlaryny hapalanmakdan goraýar, sebäbi agaçlar howadaky hapalary özlerine siňdirýärler.
  • Senagat öz taşlandylaryny azaltmaly. Fabrikler ol taşlandylary arassalap bilerler, uly we kiçi telekeçilik bolsa önüm öndürmegiň arassa usulyndan peýdalanyp biler.
  • Dag magdanlaryny gazyp alýan we nebit çykarýan senagatlar suw çeşmelerine howp saljak ýerlerde ýerleşdirilmeli däldir.
  • Daýhanlar pestisidlerden we himiki dökünlerden peýdalanmakla ryny azaltmalydyrlar ýa-da düýbünden peýdalanmaly däldirler. Mundan başga-da, olar himikatlaryň suw gözbaşlaryna düşmeýändigine göz ýetirmelidirler. Olar zyýanly mör-möjeklere garşy himiki serişdeler arkaly däl-de, tebigy serişdeler arkaly göreşmelidirler (15-nji baba seret).
  • Hökümet suwuň zäherlenmeginiň öňüni almak boýunça kanunlary işläp, ony durmuşa ornaşdyryp bilýär. Şeýle hem suwy goramak boýunça Halkara kanunçylygyna degişli Goşundy B seret. Suwuň zäherlenmeginiň öňüni almak üçin, jemgyýetçilik toparlar, hökümet we senagat hereket etmelidirler. Zäherli himikatlaryň zyýanly täsiriniň öňüni almak we olary azaltmak hakynda goşmaça maglumat almak üçin 20-nji baba seret.
A village sits across a river from a factory spewing dark smoke.
“Howpsuz” suwdaky myşýak

Birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda Bangladeşiň ilatynyň aglabasy gowy goralýan ýerüsti suw gözbaşlaryndan içýärdiler. Ýöne olar suwa düşmek, gap-gaçlary we egin-eşikleri ýuwmak üçin derýalardan, ýaplardan we beýleki goralmaýan suw gözbaşlaryndan peýdalanýardylar. Bu suw gözbaşlarynda mikroblaryň bolmagy şol sebitlerde içgeçme, mergi, sary getirme we beýleki saglyk kynçylyklaryny döredýän keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýardy. Şonuň üçin-de, hökümet halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edip, ýurduň ähli ýerinde gaty çuň bolmadyk turba görnüşli guýulary gurdular. Saglygy saklaýyş toparlary adamlaryň ýerüsti suwlardan dälde, “howpsuz” guýulardaky ýerasty suwlardan peýdalanmaklaryny goldaýardylar.


Emma 1983-nji ýylda köp adamlaryň zäherlenýändigi barada habarlar gelip başlady. Adamlar deri kesellerine, howply çişleriň döremegine, nerw ulgamynyň bozulmalaryna, ýürek we süýji kesellerine sezewar boldular. Bu keseller zerarly köp adamlar aradan çykdy. Emma bu keselleriň näme sebäpden dörändigini hiç kim bilmeýärdi. 1993-nji ýylda alymlar bu keselleriň ýerasty suwlaryndaky myşýak zerarly döreýändigini anykladylar. Şol sebitlerdäki ýerasty suwlar düzüminde tebigy myşýagyň bolup-bolmazlygyna hiç barlanylmandy. Geçirilen seljeriş işleriniň netijesinde guýularyň köpüsinde myşýagyň köp mukdarynyň bardygy mälim boldy.


Myşýak suwa nähili aralaşdyka? Tebigy myşýagyň ýerasty suwlarynda bolmagy adaty zatdy. Ýöne adamlaryň kesellemegi üçin, tebigy myşýagyň suwdaky mukdary örän köp bolmalydy. Eýsem bu nähili bolduka?


Obalarda “howpsuz” suwlary ýeriň aşagyndan çykaran tehnologiýalar uly meýdanlaryň suwarylmagyna, uly täjirçilik hojalyklarynyň ösmegine ýardam berdi. Suwaryş işleri üçin köp mukdarda ýerasty suwlaryň çekilip alynmagy, ondaky myşýagyň mukdarynyň artmagyna sebäp boldy. Mundan başga-da düzüminde myşýak bolan himiki dökünleriň ulanylyşy hem artypdy, ekin meýdanlarynda pestisidler köp mukdarda pürkülýärdi. Deri zawodynyň taşlandylary hem suw gözbaşlaryny hapalaýardylar. Bularyň netijesinde Bangladeşde zäherlenen adamlaryň sany barha artýardy.


Häzirki wagtda Bangladeşde tebigy myşýak zerarly kesellänleriň sany takmynan 40000 adamdyr. Bu esasan hem aýallar, garyp-pukaralar we ýerli işçilerdir. Myşýak zerarly döreýän saglyk kynçylyklary ýylsaýyn artyp, gelejekde kesellejek adamlaryň sany ýene köpeler. Şonuň üçin-de, suwuň hilini gowulandyrmak üçin, myşýak bilen bagly saglyk meselelerini çözmelidir.


Bu betbagtlyk uzaga çekdi. Bu betbagtlyga diňe garyp-pukaralar sezewar bolansoň, onuň sebäplerini biljek-de bolmadylar. Eger Bangladeşiň paýtagty Dakkadaky suw hapalanan bolsady ýa-da bu betbagtlyk baý döwletleriň birinde ýüze çykan bolsady, onda derrew degişli çäreler geçirelerdi.


Bangladeşdäki bolan waka ýerüsti we ýerasty suwlarynyň zäherlenmesiniň howpludygyny görkezýär. Bu ýagdaý suw gözbaşlarynyň barlanyp durulmagynyň möhümdigini we suwuň howpsuzdygy babatda az-kem şübhe dörän ýagdýynda degerli çäreleri tiz geçirmelidigini görkezýär.

Agyz suwuny myşýakdan arassalamak

Suwy tebigy myşýakdan arassalamak üçin, Bangladaşde ýönekeýje süzgüç (filtr) hökmünde demir çüýler ulanylýardy. Bu usul zäherlenmäni azaltsa-da, hapalanan suw meselesini düýpli çözmeýär.