Hesperian Health Guides

Goşundy B: Ekologik hukuklar ugrundaky göreşde kanunlaryň ulanylyşy

Bu bapda:

A group of people circle around a book of laws.


Adam hukuklary, käte ekologik hukuklary hem (howpsuz, sagdyn daşky gurşawa bolan hukuk) köp ýurtlarda kanunlar esasynda goralýar. Şu kitapda adamlaryň täze kanunlary döredip, öz jemgyýetlerini goramak üçin hyzmatdaşlygy we bar bolan kanunlara laýyklykda özleriniň goralmaklaryny talap edişlerini beýan edýän köp wakalar bardyr.

Kitabyň bu bölüminde Daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermegi (DGÝTB) we kazyýeti ekologik hukuklar ugrundaky göreşde nädip ulanmalydygy görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde hökümetiň, ýerli milli kazyýetiň sizi gorap bilmedik ýagdaýynda, size halkara kömeginden peýdalanmaga kömek edip biljek maglumatlar bardyr.

Jemgyýetler öz daşky gurşawyny we saglygyny goramak üçin elinde baryny edýär. Ýöne bu jemgyýetler köplenç olaryň tebigy baýlyklaryny hususy bähbitleri üçin ulanmak isleýän korporasiýalar ýa-da häkimiýet bilen çaknyşmaly bolýar. Sebäbi bu korporasiýalar we häkimiýetler öz taslamalarynyň daşky gurşawa ýetirýän zyýanyny göz öňüne tutmazdan, olary öňe sürmegä dyrjaşýarlar. Şeýle taslamalar adamlary ýaşaýan ýerlerinden göçüp gitmäge mejbur edip, elhenç hapalanmany döredýän zäherleri öndürip biler. Bu bolsa adamyň hukuklaryny we sagdyn daşky gurşawa bolan hukugyny bozýar.

Uly korporasiýalar baý we kuwwatly bolýar, şol sebäpli hem olar sizi goraýan kanunlaryň hökümet tarapyndan kabul edilmegine we durmuşa ornaşdyrylmagyna päsgel berip bilýär. Ýerli we döwlet hukuklary netijesiz bolan ýagdaýynda, size we siziň jemgyýetiňize kömek edip biljek halkara hukuklar bardyr.

Adamlaryň ekologik hukuklary – kanun çykaryjylykda ýaňy-ýakynda dörän düşünjedir. Şol sebäpli hem bu kanunlaryň nähili ulanylmalydygy heniz doly kesgitlenilmedikdir. Bu ýagdaý ekologik hukular ugrundaky her bir göreşiň wajyplygyny görkezýär.



This page was updated:05 ýan 2024