Hesperian Health Guides

Emeli dem bermek (agyzdan agza dem bermek)

Bu bapda:

Adam 4 minut dem almasa, ölýär. Adam haýsy hem bolsa bir sebäpden dem almagyny bes etse, haýal etmän agyzdan agza dem berip başlaň. Adam himikatlary ýuwdan bolsa, agyzdan agza dem bermek sizi himikatlaryň täsirine sezewar edip biler. Şol sebäpli hem emeli dem bermegi amala aşyrmazdan öň, agzyňyzy kise maskasy, mata bölegi ýa-da ortasy deşikli plastik dolag bilen ýapyň.

EHB appendixA page 557-1.png

1-nji ädim: Haýal etmän agyzdaky we bokurdakdaky zatlary çykaryň. Dili öňe çekiň. Bokurdakda nem ýygnanan bolsa, ony derrew aýryň.

EHB appendixA page 557-2.png
2-nji ädim: Çalt, ýöne seresaplyk bilen adamy arkan ýatyryň. Seresaplyk bilen onuň kellesini yza egiň we äňini öňe çekiň.
EHB appendixA page 557-3.png
3-nji ädim: Burun deşiklerini barmaklaryňyz bilen gysyň, agzyny açyň, agzyny öz agzyňyza tutuň, döşi galar ýaly, öýkenine dem beriň. Howa çykar ýaly arakesme ediň we ýene-de dem beriň. Muny her 5 sekuntdan gaýtalaň. Bäbekleriň we kiçi çagalaryň agzyna hem burnuna agzyňyzy tutup, her 3 sekuntdan ýuwaşlyk bilen dem beriň. Adamyň özi dem alyp başlaýança ýa-da onuň ölendigi şübhesiz bolýança, halas etmegi dowam ediň. Käte siz bir sagat we ondan köp wagt hem dem bermegä synanyşmalysyňyz.


Bellik: Agyzda açyk ýara ýa-da ganjaryp duran baş bolmasa, agyzdan agza dem berlende, AIW ýokançlygy ýokuşmaýar.


This page was updated:18 dek 2022