Hesperian Health Guides
Dermanhanajyk
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Goşundy A: Howpsuzlyk we adatdan daşary ýagdaýlar > Dermanhanajyk

Dürli işçiler topary we iş ýerleri tiz kömegiň aýry-aýry görnüşlerini talap edýär. Siziň töweregiňizde bolup biläýjek adatdan daşary ýagdaýlary çaklap, dermanhanajygyňyzy oýlanyşykly saýlaň. Siz pestisidler ýa-da beýleki himikatlar bilen iş salyşýan bolsaňyz, onda zäherlenmede haýsy dermanlaryň ulanylmalydygyny bilmek üçin, olaryň gabyndaky ýazgylary okaň.
Dermanhanajyga näme salmaly

Iki litr agyz suwy

Bulgurlar

Ýaralanan ýa-da syrkaw adamyň üstüni ýapar ýaly ýorgan

Töwerekde ýa-da iş ýerlerde ulanylýan himikatlaryň we olaryň saglyga ýetirýän zyýanynyň sanawy. Pestisidler bar bolsa, onda olaryň haýsy ekinler üçin ulanylandygynyň sanawy.

Emeli dem bermek üçin kise maskasy, mata bölegi ýa-da 3-4 gat eplenen hasa.

Ýaralary daňmak üçin arassa hasalar ýa-da mata.

Zäherlenmä garşy ulanmak üçin niýetlenen dermanlaryň etiketkasynda olaryň haýsy pestisidlere we himiki maddalara garşy ulanylmalydygynyň sanawy görkezilmelidir.

Hasalary, zolaklary we plastik dolaglary kesmek üçin pyçak ýa-da gaýçy

Aýna gyýyklary we döwlen zatlaryň böleklerini aýyrmak üçin jüpdek

Tiz kömek boýunça gollanma

Döwük süňkleri gymyldatman saklamak üçin berkidiji seýikler we taýaklar

Bir bölek sabyn

Ýaralary arassalamak üçin antiseptik melhem

Antibiotik göz melhemi

Hapalanan ýagdaýynda çalşyrynmak üçin ätiýaçlyk egin-eşikler

Derini ýuwmak we dökülen himikatlary siňdirmek üçin arassa mata

Iki jübüt rezin ýa-da polietilen ellikmata

Elýeter telefondan gyssagly jaň etmek üçin ýygyndynyň gapagyna ýelmenen žetonlar ýa-da telefon kartasy

Ýaralanan ýa-da syrkaw adamy götermek üçin tagta, zemmer we ýorgan
This page was updated:18 dek 2022