Hesperian Health Guides

Pestisid zäherlenmesinde berilýän bejergi

Bu bapda:

Pestisidler hem beýleki himikatlar ýaly adamlary dürli ýollar bilen: deriniň, gözüň, agzyň (ýuwdulanda) ýa-da howanyň (dem alnanda) üsti bilen zäherläp biler. Zäherlenmäniň her görnüşi aýry-aýry bejergini talap edýär.

Pestisidler derä düşen bolsa...

A boy pours pesticide into a bucket. Zäherlenmeleriň köpüsi pestisidleriň deri arkaly geçmeginden bolýar. Pestisidler bir ýerden başga ýere geçirilende, garylanda, pürkülende syçrap we ýaňy ulanylan ýerdäki ekinleri elläniňizde, zäher siziň deriňize düşüp biler. Pestisidler geýimlerden ýa-da olar ýuwlanda derä geçirp biler.

Örgün we gijilewük deriniň üsti bilen zäherlenmäniň ilkinji alamatlarydyr. Deri ösümlikleriň täsirinden, mör-möjekleriň dişlemeginden, ýokançlyklardan ýa-da allergiki täsirlerden hem üýtgäp bilýändir. Şol sebäpli bu meseleleriň pestisidler zerarly dörändigine düşünmek kyn bolup biler. Beýleki işgärler bilen gürrüňdeş bolup, olarda hem şeýle alamatlaryň bolup-bolmazlygyny biliň. Siz pestisidler bilen iş salşanyňyzda deriňize birden örgün örse, ony pestisid zerarly dörän örgün hökmünde bejeriň.

Bejergisi
As a woman lies on her back, another woman pours water over her eyes to rinse them out.

Siziň ýa-da kimdir biriniň derisine pestisidler düşen bolsa:

  • Pestisid degen geýimleriň ählisini derrew çykaryň.
  • Sabyn we aram sowuk suw bilen derrew pestisidleri deriňizden ýuwup aýryň.
  • Pestisidler gözleriňize düşen bolsa, 15 min dowamynda gözleriňizi arassa suw bilen ýuwuň.


Deriňizi pestisidler ýakan bolsa:

Hands under a running tap.

  • Deriňizi aram sowuk suw bilen ýuwuň.
  • Ýanan ýeriňize bir zat ýelmeşen bolsa, ony aýyrmaň.
  • Losýony, mal ýaglary, ösümlik ýagyny çalmaň.
  • Emele gelen gabarçaklary ýarmaň.
  • Soýlan derini aýyrmaň.
  • Mümkinçilik bar bolsa, ýanan ýeriňizi arassa sargy bilen daňyň.
  • Agyry köşemese, lukmana ýüz tutuň! Lukmana ýüz tutmakçy bolanyňyzda, ýanyňyz bilen pestisid gabynyň daşyndaky ýazgyny ýada şol pestisidleriň atlaryny alyp gidiň.


Siz görmeseňizem, ysyny almasaňyzam pestisidler siziň deriňize, saçyňyza we geýimleriňize ýelmeşip biler. Pestisidleri ulananyňyzdan soň, hemişe sabyn bilen ýuwnuň.

Pestisidler ýuwdulan bolsa...

A farm worker holds his belly.
Pestisidler pürkilen iýmiti iýseňiz, bu siziň kesellemegiňize sebäp bolup biler.

Adamlar iýip-içenlerinde, pestisidler bilen iş salşanlarynda, çilim çekenlerinde, pestisidler bilen hapalanan suwy içenlerinde, zäherli himikatlary ýuwdup bilerler. Pestisidlerden boşan gaplar iýmit saklamak üçin ulanylsa ýa-da olar elýeter ýerde goýulsa, çagalaryň pestisidleri iýmekleri mümkin.

Bejergisi

Siz ýa-da kimdir biri pestisidleri ýuwdan bolsa:

  • Adam huşsuz bolsa, ony gapdalyna öwrüp ýatyryň-da, dem alýandygyna göz ýetiriň.
  • Adam demini almaýan bolsa, oňa emeli usulda dem beriň. Agyzdan agza dem bereniňizde, pestisidleriň size geçmegi mümkin. Şonuň üçin emeli dem bermezden öň, agzyňyza bir bölek arassa mata ýa-da ortasy deşilen plastik dolag bilen ýapyň.
  • Pestisidiň gabyny tapyň we ony şol bada okaň. Onda siziň adama zäheri gaýtartmaly ýa-da gaýtartmaly däldigiňiz barada görkezme bolmaly.
  • Adam suw içmäge ukyply bolsa, oňa köpräk arassa suw içiriň.
  • Lukmana ýüz tutuň. Mümkin bolsa, pestisidiň gabyndaky ýazgyny ýanyňyz bilen alyň ýa-da onuň adyny ýatda saklaň.
a woman offers liquid to another woman who is bending over and trying to vomit.

Pestisidli gabyň daşyndaky ýazgyda görkezilen bolmasa, adamy gaýtartjak bolmaň. Düzüminde nebitden alnan benzin, kerosin, ksilol ýa-da beýleki erginler bolan pestisidler ýuwdulsa, adamy gaýtartmaň. Bu ýagdaýy has-da beterleşdirer. Adam huşsuz bolsa, sakawlap ýa-da gaty titräp dursa, ony hiç wagt gaýtarmaga mejbur etmäň.

Pestisidli gabyň daşyndaky ýazgyda adamy gaýtardyp bolýandygy barada ýazgy bar bolsa, oňa:

  • 1 bulgur örän duzly suw ýa-da,
  • ýiti ysly we iýmite ýaramly ösümligiň (gardak, reýhan ýa-da beýleki ýerli ösümlik) külkesiniň 2 n. ç. berip, soňra 1 ýa-da 2 bulgur ýyly suw içiriň.


Adama hereket etdiriň. Bu oňa tizräk gaýtarmaga kömek eder.

Adam gaýtarandan soň, oňa aktiwirlenen ýa-da külke görnüşli kömür (indiki sahypa serediň) aşgazanda galan zäheri özüne siňdirip, kömek edip biler.

EHB Ch14 Page 258-1.png
aktiwirlenen kömür
toz görnüşli kömür
suw
suw
+
+
ýa-da

½ bulgur aktiwirlenen kömri ýa-da aktiwirlenen kömür tozunyň 1 n.ç-ni uly bulgurda ýa-da gapda ýyly suw bilen garyň. Kömrüň tozuny ýanan agaçdan ýa-da çörekden etseňizem bolýar. Ol edil aktiwirlenen kömür ýaly gowy bolmasa hem, onuň haýry degýändir. HIÇ HAÇAN kömür briketini ulanmaň! Ol zäherlidir.

Adam gaýtarandan soň ýa-da gaýtaryp bilmese-de, oňa 1 ýumurtganyň agyny ýa-da 1 bulgur sygyr süýdüni beriň. Bu çäre lukmanyň ýanyna barýançaňyz, zäheriň ýaýramagyny haýallaşdyryp biler.

  • oňa 1 ýumurtganyň agyny, ýa-da
  • 1 bulgur sygyr süýdüni beriň.


Süýt pestisid zäherlernmäniň öňüni alyp bilmeýär. Ol zäheriň ýaýramagyny haýallaşdyrýar.

Kimdir-biri pestisidi ýuwdandan soň, aşgazanda ýiti agyry duýmasa, ol sorbit ýa-da magniniň gidrookisini (magniý gidroksidi) içip biler. Bu dermanlar bedenden zäherleri çykarmaga kömek edip biljek içgeçmäni döredýär.

Atropini haçan ulanmaly

A hand holding a syringe.

Atropin organofosfatlar ýa-da karbonatlar diýlip atlandyrylýan käbir pestisidler bilen zäherlenmegi bejermekde ulanylýan dermandyr. Pestisidli gabyň daşynda atropini ulanylmalydygy barada bellik bar bolsa ýa-da pestisidiň “holinesterazanyň ingibitorydygy” barada aýdylýan bolsa, atropini görkezmelere laýyklykda ulanyň. Pestisidli gabyň daşynda atropini ulanmak barada ýazylmadyk bolsa, onda ony ulanmaň. Atropin diňe organofosfatlar ýa-da karbonatlar bilen zäherlenmede ulanylýar. Atropin pestisid zäherlenmesiniň öňüni almaýar. Ol zäheriň täsirini gowşadýar. Atropine is used only for organophosphate or carbamate poisoning.

4 men use a cloth gurney to move a poisoned man to an ambulance.

Atropin pestisidleri pürkmezden öň ulanylmaly däl

Ýatda saklaň: Şu aşakda agzalýan dermanlary pestisid zäherlenmesinde ulanmak gadagan: Uky dermanlaryny (rahatlandyryjy serişdeleri), morfini, barbituratlary, fenotiazinleri, aminofellini ýa-da dem alşy haýalladýan islendik dermanlary pestisid zäherlenmesinde ulanmaň! Olar adamyň dem alşyny haýalladyp ýa-da bütinleý togtadyp biler.


Pestisidleri ulanýan daýhan hojalyklarynyň her birinde zäherlenmede ulanyp boljak dermanly we serişdeli ilkinji kömek dermanhanajyk gutusy bolmalydyr.

Ilkinji kömek üçin dermanhanajykda nämeleriň bolmalydygy barada serediň.

Pestisidlerden dem alnan bolsa...

2 men use with an ox cart to spray a field.

Pestisidler howa düşende, biz olardan burnumyz we agzymyz bilen dem alýarys. Pestisidler öýkene aralaşandan soň, gana tiz geçip, bedeniň ähli ýerlerine ýaýraýarlar.

Pestisidleriň ysy bolmansoň, köplenç olaryň howadadygyna düşünmek kyn bolýar. Fumigatlar, aerozoller, tozgadyjylar, tüsse şaşkalary, zyýanly mör-möjeklere garşy zolaklar, pürküjiler we pürkülmäniň galyndylary howa pestisidleriniň iň köp duş gelýän görnüşleridir. Şeýle hem olar ýapyk ýerlerde, mysal üçin teplisada ulanylanda ýa-da meýdanlara göçürilende, pestisid tozany bilen dem almagyňyz mümkin.

A man holding his hand over his face is helped by another to walk away from pesticide containers.
Şübhe dörän bolsa, gaýdyň!

Pestisid tozany howada birnäçe kilometr uzaklyga ýaýrap, ulanylýan ýerlerinden uzak ýerleri hem hapalap bilýär. Pestisid tozany öýüň içine aňsat geçip bilýär.

Pestisidlerden dem alandyryn öýtseňiz, haýal etmän ol ýerden gidiň. Ýagdaýyňyzyň erbetleşerine garaşyp durmaň.

Bejergisi

Siz ýa-da kimdir biri pestisidlerden dem alan bolsa:

  • Adamy zäherden dem alan ýerinden, esasanam ýapyk ýerlerden alyp çykyň.
  • Arassa howa çykyň.
  • Dem almagy ýeňilleşdirmek üçin dar geýimleri çykaryň.
  • Eginleriňizi we kelläňizi galdyryp oturyň.
  • Adam huşsuz bolsa, ony gapdallaýyn ýatyryň-da, onuň dem almagyna hiç zadyň päsgel bermeýändigine göz ýetiriň.
  • Adam dem almaýan bolsa, oňa emeli usulda dem beriň.


Lukmana ýüz tutuň. Ýanyňyz bilen pestisidiň gabynyň daşyndaky ýazgyny alyp gidiň ýa-da onuň adyny ýat tutuň.

A small airplane sprays a village with pesticide.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin, “Pestisidler bedene nähili düşýärler?” diýen mowzukda surat çekmek

Using a pesticide container on his back, a man sprays crops.

A woman asks questions.

Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:

  • Erkek adamyň edip duran hereketleri oňa nähili zyýan ýetirip biler?
  • Özüni goramak üçin ol näme edip biler?
  • Onuň hereketleri ýene kime täsir edip biler?
  • Ol näme üçin özüni zäherli pestisidden goramaýarka?