Hesperian Health Guides

Pestisidleriň zyýanyny azaltmak

Bu bapda:

Siz pestisidler bilen işleýän bolsaňyz, olary örän seresap ulanyň. Özüňiziň daýhandygyňyza ýa-da işçidigiňize garamazdan, öz abadançylygyňyz, beýleki adamlaryň we daşky gurşawyň abadançylygy barada alada ediň. Özüňizi we töweregiňizdäki adamlary goramak üçin:

  • zyýanly mör-möjeklere garşy pestisidsiz göreşiň (15-nji we 17-nji baplara ser.).
  • ýekelikde pestisidler bilen işlemäň.
  • pestisidleri diňe olaryň niýetlenen ekinlerinde ulanyň.
  • mümkin boldugyndan az mukdarda ulanyň.
  • dürli pestisidleri bir-birleri bilen garyşdyrmaň.
  • pestisidleri teniňizden we beýleki adamlardan daşda saklaň.
  • pestisidleri suw gözbaşlaryndan daşda saklaň.
  • pestisidleri ýelli howada, ýagyşda, ýagyşdan öň ulanmaň.
  • geýimleriňiziň siziň endamyňyzy doly ýapýandygyna göz ýetiriň.
  • pestisidler bilen işläniňizde, gözüňizi, ýüzüňizi, boýnuňyzy süpürmezlige çalşyň.
  • iýip-içmezden ýa-da ýüzüňizi ellemezden öň, elleriňizi ýuwuň.
  • elleriňiziň we aýaklaryňyzyň dyrnaklarynyň aşagynda pestisidler galmaz ýaly, olary alyp gysgaldyň.
  • goranmak üçin ýörite geýimleri we enjamlary ulanyň.
  • ýaňy-ýakynda pestisidler pürkülen meýdanlara girmejek boluň.
  • pestisidleri ulananyňyzdan soň, ymykly ýuwnuň.
In a sunny field, a man and woman wearing protective clothing speak.
Howa bularyň baryny geýerden örän yssy!
Hawa, gorag geýimleri rahat däl, ýöne ony geýseňiz, siz zäherlenmersiňiz.

Gorag geýimler rahat bolmasa-da, siziň saglygyňyzy goraýandyr

Gorag geýimler rahat bolar ýaly, pestisidleri gün gaty gyzmanka, ir ertir ýa-da günüň ahyrynda pürküň. Gün urmaz ýaly kölegede dynç alyň we arassa suwy köpräk içiň. Gorag geýimler we enjamlar barada has köp bilmek üçin, kitabyň ahyrynda berilýän Goşunda serediň. Gün urmanyň öňüni almak ýa-da bejermek üçin, Where There Is No Doctor (“Maşgala saglygy”) ýa-da beleki lukmançylyk kitaplaryna serediň.

A man's backpack sprayer drips as he sprays a field.

Siz meýdanda işläniňizde

Enjamyňyzyň gurat işleýändigine göz ýetiriňy

Ulanmazdan öň, enjamyňyzyň howpsuzlygyny barlaň. Pestisidleri geçirýän enjamlaryň şikessizdigine we pestisidiň siziň üstüňize akmajakdygyna göz ýetiriň. Döwük ýa-da jaýrylan arka atylýan pürküjini, ýyrtyk we jaýryk-jaýryk bolan ellikleri geýmäň. Respiratoryňyz bar bolsa, ony ulanyň, süzgüçleri günde çalşyň. Respiratory ulanmasaňyz, pestisidleriň islendik görnüşi hem saglygyňyza täsir edip biler.

Daýhanlaryň we oba hojalyk işçileriniň köpüsi gowy gorag enjamyny tapyp bilmeýärler. Bu pestisidleri ulanmagyň howply bolmagynyň bir sebäbidir.
A woman holding a respirator speaks.
Respiratorlar we ellikler erkekler üçin edilen. Olar aýallara ýa-da ýaşlara laýyk bolmaýar. Aýallar hem erkekler ýaly pestisidler bilen köp iş salyşýarlar. Şonuň üçin gorag geýimleri olary hem goramaly. Ol laýyk bolmasa, goramaýar

Daýhan birleşikleriň eýeleri ýuwunmak üçin niýetlenen jaýlar bilen üpjün etmeli

Işçiler ekin meýdanlarynda pestisid ulanýan bolsalar, daýhan birleşiginiň eýesi olary egin-eşiklerini, enjamlaryny ýuwar ýaly, özleri hem ýuwnup biler ýaly jaý bilen üpjün etmelidir. Mundan başga-da, ol sabynyň we arassa suwuň ýeterlik mukdary bilen üpjün etmäge hem borçludyr.

A man washes his hands at an outdoor tap.

Ýaltanman, ýygy- ýygydan ýuwnuň

Nahardan, çilim çekmekden, içmekden, sakgyç ýa-da temmäki çeýnemekden, gözleriňizi, burnuňyzy we agzyňyzy ellemekden öň, hajathana gitmezden öň, elleriňizi sabynlap ýuwuň.

Işden soň, elleriňiziň we aýaklaryňyzyň dyrnaklaryny arassalaň. Soňra teniňizi tutuşlaýyn sabyn we aram sowuk suw bilen ýuwuň.

Pestisidler bilen işläniňizden soň, geýimleriňizi seresaply ýuwuň

Iş geýimleriňizi ýuwmak bilen, pestisid zäherlenmesine garşy berk çäre görýänsiňiz. Geýimler ýuwulman, gaýtadan geýilse, pestisidler deriňize täsir edýär.

A man washes his clothes in a large bucket.

Işden soň geýimleriňizi çalşyň we iş geýimleriňizi ýuwjak adamy goramak üçin plastik pakete salyň (hatda özüňiz bolsaňyzam).

Arassa suw bilen sabyn ulanyň. Elleriňizi goramak üçin, ellik geýiň. Pestisidli geýimleriňizi derýada ýuwmaň. Suwaryş we zeýkeş ýaplarynda hiç wagt suwa düşünmäň we kir ýuwmaň. Geýimleri elliksiz ellemejek boluň. Kir ýuwanyňyzdan soň, elleriňizi hem ýuwuň. Hapa suwy suw gözbaşlaryndan daşda, yzyna – meýdanlara döküň.

Geýimleri az-azdan ýuwuň we pestisidleriň ysy we tegmilleri aýrylýança gaýtadan ýuwuň.

Geýimleriňizi pestisidleriň pürkülýän ýerinden daşda guradyň. Pestisidleri uçardan ýa-da golaýyňyzda pürkýän bolsalar, geýimleriňizi daşarda sermäň.

Kir ýuwulýan legende başga geýimleri ýuwmakçy bolsaňyz, ilki ony ýuwujy serişde bilen arassalap ýuwuň. Iş geýimleriňizi beýleki zatlardan aýry saklaň.

Pestisidleriň ýaňy pürkülen meýdanlaryna şobada girmäň

Pürkülmeden syçran damjalar guraýança, ýel ýatyşýança garaşyň. Nähili pestisidleriň ulanylandygyny biliň we howp aýrylýança, meýdana girmäň. Pürkülmeden soň meýdana girmegiň haçan howpsuz bolýandygyny bilmek üçin, pestisidli gabyň daşyndaky ýazgylary okaň.

Pestisidleriň saklanylyşy

Pestisidler howpsuz we gury ýerde saklanylmaly. Köplenç pestisidleri ammarlarda uzak wagtlyk goýýarlar. Bu bolsa olaryň gaplardan syzmagyna eltýär. Pestisidleriň saklanýan jaýlarynyň töwereginde pişikleriň, guşlaryň we beýleki haýwanlaryň maslyklarynyň tapylmagy himikatlaryň ýere we suwa syzyp başlandygynyň ilkinji alamatydyr.

Pestisidleri ýörite gaplarda saklaň

Pestisidleri iým haltalarda, içgi çüýşelerinde ýa-da suwdan boşan bedrelerde saklamaň. Pestisidli gaplaryň berk ýapylandygyna we dikligine saklanýandygyna göz ýetiriň. Jaýryklaryň we syzdyrýan ýerleriň bolmazlygy üçin, olary yzygider barlap duruň.

Pestisidli gaplara bellik goýuň

A skull and crossbones.

Illustration of the below:A woman drinks from a container labelled with a skull and crossbones which has been crossed out with a large x.
ÝOK!

Siz pestisidleriň az mukdaryny satyn alsaňyz we olary gaplara salsaňyz, gaba pestisidiň adyny ýazyp we howplulygyny aňladýan surat çekip (mysal üçin kelleçanak süňküniň şekili), bellik ediň. Pestisidden boşan gaplary başga zatlar üçin ulanmaň. Pestisidleri çagalaryň alyp bilmejek ýerinde, gulplanýan şkafda ýa-da gapda, azyk önümlerinden we mallaryň iýminden daşda saklamalydyr.

Pestisidleri seresaplylyk bilen daşaň

Pestisidleri ulag bilen daşanyňyzda ýa-da ýerinden süýşüreniňizde, olary ýük ulagynyň yzky bölegine ýa-da ulagyň ýük goýulýan ýerine goýmaly. Pestisidli gaplar süýşmez we ýykylmaz ýaly, olary berk daňyň. Pestisidleri azyk sebediň içinde ýa-da kelläňiziň üstünde götermäň. Çagalara pestisidleri satyn almaga we daşamaga rugsat bermäň.

Pestisidlerden boşan gaplary seresaplyk bilen ýok ediň

Pestisidlerden boşan konteýnerleri hiç wagt suw, iýmit saklamak, ýuwunmak we beýleki zatlar üçin ulanmaň. Pestisidleriň plastik haltalaryny ýagyşdan goranmak üçin plaş ýa-da beýleki şahsy ulanyşa gerek bolan zat hökmünde ulanmaň. Pestisidlerden boşan gaplary hiç kim täzeden ulanmaz ýaly, ony deşim-deşim edip gömüň.

A man wearing protective clothing fills a backpack sprayer from a container of pesticide.

Pestisidleri garyşdyranyňyzda we dolduranyňyzda

Gorag geýimini geýiň

Pestisidleri garanyňyzda we ony pürküji enjamyňyza guýanyňyzda, gözleriňizi goraýan serişdäni, rezin ellikleri, öňlük we hemişe geýýän beýleki gorag geýimleiňizi geýiň. (ser.: Goşundy A).

Ýatda saklaň: Pestisidleri hiç wagt elleriňiz bilen garyşdyrmaň

Seresap boluň

Scissors.

Pestisidiň tozany daşyna çykmaz ýaly, pestisidli haltalary ýiti pyçak ýa-da gaýçy bilen açyň. Pyçagy ýa-da gaýçyny ýuwup, oňa bellik ediň we diňe pestisidler üçin ulanyň.

Pestisidere suw goşýan bolsaňyz, onda suw şlangany göni pestisid garyndysyna atmaň. Adamlaryň ondan suw içmegi ýa-da ýuwunmagy ahmal.

Ölçeg görkezijilerine eýeriň. Gabyň daşynda ýazylan hatda görkezilen mukdary ulanyň. Pestisidleri suw ýollarynyň ýa-da gözbaşlarynyň golaýynda garyşdyrmaň, ýüklemäň we enjamlaryňyzy arassalamaň.

Pestisidleriň agza düşmeginiň öňüni alyň

Pürküji enjamyň dykylan ujuny arassalamak üçin, suw içilýän turbajykdan üfläň. Soňra enjama degen ujuny gelejekde agzyňyza almaz ýaly ýa-da täzeden ulanmaz ýaly, onuň şol tarapyna bellik ediň. Pestisidleri pürküji enjamyň içinden çykarmak üçin ýa-da pestisidleri we ýangyjy gaplardan başga gaplara geçirmek üçin sifony (bir gapdan ikinji gaba suwuklyk guýmak üçin niýetlenen egri turba) hiç haçan agzyňyz bilen işletjek bolmaň. Zäheri ýuwutmaz ýaly, seresap boluň.

Pestisidleri ýa-da pestisidli tohumlary ellemäň, olary dadyp görmäň. Meýdanlardan ýygnalan zatlaryň hiç birini gowy ýuwman iýmäň.

Pestisidleri garanyňyzda we ulananyňyzda, çilim çekmäň, içmäň, iýmäň. Iýmiti, sakgyjy, temmäkini pestisidler bilen işlenilmedik ýerde ýapyk gaplarda saklaň. Temmäki we iýmit pestisidleri özlerine siňdirýärler, şonuň üçin olary iş wagtynda götermäň.

Eger Siz tötänlikde pestisidleri döken bolsaňyz...

Dökülen pestisidleri aýyrmazdan öň, özüňizi, golaýyňyzdaky adamlary we suw gözbaşlaryny goramak üçin, degişli çäreleri görüň. Dökülen pestisidleri aýyrmakda ýörite taýýarlygy bolan adamlary kömege çagyryň. Dökülen pestisidleri aýyrýan wagtyňyzda hemişe gorag geýimlerini geýiň. (Pestisidleri we beýleki dökülen himikatlary ýygnaşdyrmak üçin, ser.: Goşundy A).