Hesperian Health Guides

Pestisidler boýunça okuw sapagy

Bu bapda:

Biziň ählimiz pestisidlerden peýdalanmagymyzy goýsak, pestisid zäherlenmesiniň ýaýbaňlanmagyny togtadyp bilerdik, topragymyzy, howamyzy we suwumyzy arassalap başlardyk. Biz pestisidleriň zyýany, azyk önümlerini himikatsyz ýetişdirmek baradaky bilimleri öwrenip, bu işi amala aşyryp bileris. Pestisidleri ulanylmagyň tejribesini ara alyp maslahatlaşmak üçin, siziň obaňyzda, şäheriňizde ýa-da töweregiňizde adamlaryň birleşmegi bu işde ilkinji ädim bolup biler.

Adamlar üýşensoň, ýaşaýan ýeriňiz we jemgyýetiňiz üçin iň wajyp zadyň nämedigini kesgitläň: Şahsy saglykmy? Suwuň pestisidlerden hapalanmagymy? Pestisidleriň bahasymy? Meseleler azdakände aýdyňlaşdyrylansoň, siz maksady ýa-da maksatlary kesgitläp bilersiňiz. Mümkin, adamlar pestisidleriň howpsuzlygy ýa-da pestisidlerden azat oba hojalygyny ýöretmek babatda okuw gurnamak islärler.

People sitting together and talking.
Biz pestisidleriň howpludygyny bilýäris. Emma biz şondada olary günde ulanýarys. Biz näme edip bileris?
Biz pestisidleri ulanmakdan ýüz öwrüp bilmeris!
Eger ýüz öwürsek, işimizi ýitireris! Men çagalarymy eklemeli ahyryn.
Biz pestisidleriň ýetirýän zyýany barada köpräk bilmeli, soňra bilelikde çözgüt tapjak bolmaly.
Daýhanlar garaşsyz bolmak üçin birleşýärler

Bangladeşde daýhanlaryň bir topary öz ulanýan pestisidleri we olaryň satyjylary barada maslahatlamak boýunça maksatnama düzýärler. Olaryň maksatlary pestisidleri howpsuz ulanyp, çykdajylaryny azaltmakdy.


Olar öz ýerli banklarynyň Monsanto atly iri oba hojalyk birleşmesi bilen işleşýändigini bildiler. Bank we kompaniýa karzlary diňe Monsantonyň önümlerini satyn almak üçin ulanyp bolýandygy barada ylalaşyk baglaşypdyrlar. Bu ýagdaý daýhanlary diňe Monsantonyň döreden tohumlaryny we pestisidlerini almaga mejbur edýärdi. Ol oba hojalyk mallary we tohumlar ýaly beýleki zatlary satyn almaga mümkinçilik bermeýärdi.


Daýhanlar bank bilen Monsantonyň arasyndaky ylalaşyk barada bilenlerinden soň, beýleki daýhanlaryň köpüsi bilen birleşip, bu mesele babatda maslahatlaşmaga başladylar.


Daýhanlar banka garşy çykyş edip, täze karzlary almakdan ýüz öwürdiler. Örän köp garşylyklardan soň, bank Monsanto bilen hyzmatdaşlyk etmegi bes etdi.


Pestisidler baradaky çözgütleriň suratyny çekmek


Wagty: 2-3 sagat.
Enjamlar: surat çekmek üçin kagyz, dürli reňkli galamlar ýa-da ruçkalar, knopkalar ýa-da ýelimli zolak.

Adamlar pestisidleriň zyýanlydygy barada eýýäm bilýän bolsalar, bu sapak olara çözgütler barada pikirlenmäge mümkinçilik berer. Sapagy kimdir biri alyp barsa, gowy bolar.

  1. Pestisidler bilen bagly meseleler barada gürrüňdeş boluň
    Illustration of the below: A hand drawing pictures.

    Adamlaryň pestisidlere duçar bolmagynyň ýollary barada maslahatlaşyň.

  2. Pestisidler babatdaky kynçylyklaryň suratyny çekiň
    Her adam pestisidiň täsir edişiniň bir usulynyň suratyny çekýär. Soňra suratlar diwara ýelmenilýär ýa-da berkidilýär. Topar suratlara seredip, iň giňden ýaýran meseleleriň 3-5-sini kesgitleýär. Soňra topar bu meseleleriň nämeden dörändigini barada pikir alyşýar. Pestisidleriň täsirleriniň giňden ýaýramagyna näme sebäp bolýar? Näme üçin olaryň öňüni almak kyn bolýar?
  3. Outside homes where walls are posted with pictures and signs reading "Problems" and "Solutions," women and men sit together and discuss.
  4. Çözgütleriňiziň suratlaryny çekiň
    Adamlar mümkin bolan çözgütler barada pikir alyşýarlar öz çagalarynyň suratlaryny çekýärler. Mysal üçin, arkada göterilýän pürküji enjamlaryň syzdyrmagy esasy sebäp bolsa, onuň gysga möhletleýin çözgüdi – syzýan ýerlerini bejermek we gorag geýimlerini geýmek. Uzak möhletleýin çözgüt bolsa täze enjamyň satyn almakdany ýa-da tebigy dökünli ekerançylyga geçmekden ybaratdyr. Topar bu çözgütleriň ählisinden haýsy hem bolsa biriniň suratyny çekýär. Köplenç bir çözgüt köp meseläni çözüp bilýär.

    Çözgütleri beýleki diwara ýelmäň ýa-da berkidiň.
  5. Çözgütler barada gürrüňdeş boluň.
    Adamlaryň çeken çözgütleri barada gürleşiň. Haýsy çözgütler tiz amala aşyrylar? Haýsy çözgütler köp wagty talap eder? Iň gysga möhletli çözgütler ýokarda bolar ýaly, suratlaryň ýerini çalşyň. Goý, adamlar çözgütlere nädip ýetmelidigi barada, şeýle hem uzak möhletleýin meseleleriň üstünde nähili işlemelidigi barada gürrüňdeş bolsunlar. Şol çözgütleriň güýje girmegi üçin toparyň näme edip biljekdigini ara alyp maslahatlaşyň.

Pestisid gaplarynyň daşyndaky ýazgylary okamak we olara düşünmek

Pestisidler boýunça geçirilýän sapaklaryň esasy maksady – adamlara pestisid gaplarynyň daşyndaky ýazgylara düşünmäge kömek etmekden ybarat. Işçileriň ählisi özlerine haýsy himikatlaryň täsir etjekdigini, töwekgelligiň derejesiniň nähilidigini we nähili goragyň zerur boljakdygyny bilmäge haklydyrlar. Adamlaryň pestisidleri howpsuz we dogry ulanmaklary üçin, pestisidleriň gaplarynda ýörite ýazgylar we bellikler bolmaly. Ýazgylarda haýsy zäheriň ulanylýandygy, ony nädip garmalydygy we ölçemelidigi, zäherlenmäni nädip bejermelidigi, pestisidiň näderejede zäherlidigi we ol ulanylansoň, meýdana girmek üçin näçe wagt garaşmalydygy barada aýdylýar. Pestisid gaplarynyň daşyndaky ýazgylaryň köpüsini okamak kyn. Olar çylşyrymly dilde ýada daşary ýurt dilinde ýazylan bolmagy ahmal. Meýdanda işleýänleriň köpüsi haýsy pestisidi ulanýandyklaryny hem bilmeýärler. Şonuň üçin-de, pestisid gaplarynyň daşyndaky ýazgylar olaryň howpuny azaldyp bilmeýärler.

A man holding a pesticide container speaks with a woman.
Pestisid gaplarynyň daşyndaky ýazgylara düşünmek näme üçin beýle kyn?
Pestisid gaplarynyň daşyndaky ýazgyda “Bu zäher! Ony nädogry ulanyň we ol sizi öldürer!” diýlip ýazylan bolsa, siz ony satyn alardyňyzmy?

Ine, pestisid gabynyň daşyndaky ýazgynyň bir mysaly. Beýleki ýazgylar başga görnüşde bolup bilerler, ýöne olardaky maglumat hut şu görnüşde bolmalydyr. Görkezijä eýerip ulansaňyzam, pestisidleriň size we daşky gurşawa zyýan ýetirip bilýändigini unutmaň.

NO PEST - ABC ChemCorp - INSECTICIDE

RESTRICTED USE PESTICIDE
For retail sale only to and application only by certified applicators or persons under their direct supervision, and only for those uses covered by the Certified Applicator's certification
Reg. No. M7485
ACTIVE INGREDIENTS

deltathion (1,2 phospho-(5)-4 chloromethane)
..........................................................50%
INERT INGREDIENTS......................50%
TOTAL.............................................100%
KEEP OUT OF THE REACH OF CHILDREN
PELIGRO
DANGER
EHB Ch14 page 276-1.png
POISON
PRECAUTIONARY STATEMENTS
Wear long-sleeved clothing, full length trousers, eye protection, and protective gloves when handling. Wash hands and face before eating or using tobacco. Bathe at the end of the work day, washing entire body and hair with soap and water. Change clothing daily. Wash contaminated clothing thoroughly before reusing.
STATEMENT OF PRACTICAL TREATMENT
Hazards to Humans and Domestic Animals
If Swallowed: Do not induce vomiting. Contains aromatic petroleum solvent. Call a physician or poison control center immediately.
If in Eyes: Flush with plenty of water for at least 15 minutes. Get medical attention.
If on Skin: Wash with plenty of soap and water. Get medical attention if irritation persists.
If Inhaled: Remove to fresh air immediately. Get medical attention.
NOTE TO PHYSICIANS: "No Pest" is a cholinesterase inhibitor. Treat symptomatically. If exposed, plasma and red blood cell cholinesterase tests may indicate significant exposure (baseline data are useful). Atropine, only by injection, is the preferable antidote.
ENVIRONMENTAL HAZARDS
This product is extremely toxic to fish and wildlife. Do not apply directly to water or wetlands(swamps, bogs, marshes and potholes). Do not contaminate water by cleaning of equipment or disposal of wastes.
REENTRY STATEMENTS
Do not enter or allow worker entry into treated areas during the restricted entry interval (REI) of 12 hours. Written or oral warnings must be given to workers who are expected to go into a treated area.
DIRECTIONS FOR USE
Use specified dosage of NO PEST according to crop type described on table. Add 1/2 the amount of water indicated on table to the spray tank and begin agitation. Add the required amount of NO PEST to the spray mix. Add the remainder of the water and continue agitation until all solution has been applied.
STORAGE AND DISPOSAL
Store in original container only. Avoid exposure to extreme temperatures. In case of spill or leakage, soak up with absorbent material such as sand, sawdust, earth, etc. Dispose of with chemical waste.


For container disposal, triple rinse and add rinsate to spray tank, then puncture and dispose of according to local authorities.

EHB Ch14 page 277-3.png