Hesperian Health Guides

Pestisid zäherlenmesi beýleki kesellere meňzäp biler

Bu bapda:

Pestisid zäherlenmesiniň birgiden görnüşleri bolup, olary sowuklamanyň, gyzzyrmanyň, allergiki täsirleriň ýa-da öýken keselleriniň alamatlary bilen garjaşdyrmak aňsat. Ýeke-täk alamat seýrek duş gelýär. Köplenç alamatlaryň birnäçesi ýüze çykýar. Alamatlaryň haýal ýüze çykýandygy sebäpli, siz adamy zäherlenendir diýip pikir-de etmeýärsiňiz.

A group of people talking.
Pestisid zäherlenmesiniň käbir alamatlary nähili?
Kellagyry we başaýlanma.
Gaýtarma, derleme we içgeçme.


Lukmançylyk işgäri üçin bellik:
Kimdir biriniň saglyk kynçylyklarynyň pestisidlerden ýüze çykandygyny bilmek üçin, birnäçe ýönekeýje soraglary beriň:


A group of people talking.
Ýöne sowuklamada gaýtarma hem derleme bolýar.
Gyzzyrmada-da!
Içgi melullygynda-da!
Göwrelilikde-de!
A woman asks questions.
Siz ekin meýdanynda işleýärsiňizmi? Siz golaýda pestisidler bilen işlediňizmi? Siziň ýaşaýan ýeriňiziň töweregindäki meýdanlarda pestisidler pürküldimi?

Saglyk kynçylyklarynyň pestisidler zerarly ýüze çykandygyny nädip bilmeli?

Siz haýsy sebäplere görä kesellediňiz? Bu pestisidler zerarly ýüze çykaýdymyka? Siz muny meňzeş keseli bolan adamlar ýa-da pestisidler bilen işleýän adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňyzdan soň aýdyňlaşdyryp bilersiňiz. Adamlaryň zäherlenmeleriniň alamatlary bir-biriniňkä meňzeş bolup, golaýda pestisidler bar bolsa, mümkin, olaryň hemmesi pestisidler zerarly keselländir.

Lukmanlar käwagt jogap berip bilmeýärler
A woman tries to speak as a doctor at a clinic holds up his hand.

Karolina ýer tudanasynyň ägirt ekin meýdanlarynda işleýärdi. Günleriň birinde onuň aşgazany agyryp başlaýar, gözleri awuşaýar. Ol işini bes edip, başlyk bilen gürleşmäge gidýär. Başlyk oňa kompaniýanyň lukmanynyň ýanyna barmagy maslahat berýär.


Lukmanyň otagyna baranda, lukman oňa ne ýüz berýär, ne-de kömek edýär. Karolina özüniň pestisidler bilen zäherlenendigini çaklasada, muny lukmana aýdardan juda utanjaňdy. Lukman onuň işi barada we haýsy sebäplere görä syrkawlandygy barada gyzyklanyp-da durmaýar.


Lukmanyň Karolina berýän soraglary kesellemeginde özüni günäkärleýän ýalydy: Siz su gün näme iýdiňiz? Siz çilim çekýärsiňizmi ýa-da arak-şeraby köp içýärsiňizmi? Siz düýn işden soň näme bilen meşgullandyňyz? Siz ukyňyzy aldyňyzmy?


Netijede, lukman ony ýaltalykda aýyplap, onuň işden gaçmak üçin kepilnama aljak bolýandygyny aýtdy. Ol Karolina serhoşluk zerarly keselländigini aýdýar!


Ahyrynda lukman oňa kellagyry dermanyny ýazyp berdi. Karolina ol dermanlaryň haýryna ynanmasa-da, olary aldy. Öýe gaýdyp barýarka, ol ertesi işe gelmezlik barada oýlanýardy. Lukmanyň ýanyna barandan soň, ol özüni öňküden-de erbet duýýardy.

Karolina dogry lukmançylyk kömegini nädip alyp bilerdi?

PBelki, Karolina ýany bilen işlän pestisidleriniň gutusynyň daşyndaky ýazgyny alyp, keseliniň şol zerarly ýüze çykandygyny lukmana aýdan bolsa, lukman onuň keseliniň sebäbini pestisid zäherlenmesinden görerdi.


Ýöne ol muny aýdaýanam bolsa, bu kömek etmezdi. Lukman ýer tudanasynyň ýetişdirilýän ekin meýdanyna degişli kompaniýada işleýärdi. Köplenç kompaniýanyň öz lukmanlary pestisidleriň oba hojalyk işgärleriniň kesellemeklerine sebäp bolýandygyny boýun almaýarlar. Pestisid zäherlenmesini bejermek kyn we gymmat bolup biler. Kompaniýanyň ýolbaşçylary kesellän işgärlerini bejerenden, täze işgär alanlaryny amatly hasaplaýarlar.


Belki, Karolina başga lukmana ýüz tutmalydy. Ýöne bu oňa gymmat düşerdi we ol işden uzak wagtlyk rugsat almaly bolardy. Mundan başga-da, lukmanlaryň köpüsi pestisidler barada bilmeýär ahyryn.


Bu mesele Karolina we oba hojalyk işgärleriniň ählisi üçin örän kyndyr. Karolina ýaly oba hojalyk işgärleri üçin iň gowusy ilki bilen özleriniň syrkawlamagyna sebäp bolýan şertleriň üýtgedilmegi ugrunda agzybir hereket etmekdir.

Bedeniň şekilini çyzmak

Bu sapak adamlara pestisidleriň täsiri baradaky tejribelerini paýlaşmaga kömek eder. Adam bedeniniň şekilini çyzyp, onda pestisidleriň täsir eden ýerlerini belläň. Soňra adamlar öz işlerinde duçar bolan umumy howplar barada pikir alşyp bilerler. Bu hem surat sapagy, hem-de topar çekeleşikleriniň sapagy bolup biler.

A woman draws a large outline of a body.

Wagty: 1-2 sagat

Enjamlar: surat çekmek üçin uly kagyz tagtasy, ruçkalar ýa-da galamlar, knopkalar we ýelimli zolak

  1. Adam bedeniniň şekilini çyzyň. Adam boýy bilen deň kagyz tagtasyny ýa-da ondan kiçiräk birnäçe kagyz tagtasyny bileleşdirip ulanyň. Şol kagyza bir adamy ýatyryň, beýleki bir adam onuň bedeniniň şekilini çyzsyn. Soňra suraty hemmelere görner ýaly, diwara asyp goýuň ýa-da ýelmäň. Isleseňiz, suratda bedeniň öňüni, ikinji suratda bedeniň yzky bölegini çekiň.

  2. Bedeniň haýsy böleklerine pestisidleriň täsir edendigini görkeziň. Topardaky her bir adam x (atanajyk) bilen pestisidleriň bedeniň haýsy ýerlerine degendigini belleýär. Topar kiçiräk bolsa, her bir adam nähili saglyk kynçylyklarynyň ýüze çykandygyny aýdýar. Meselem, aşgazandaky agyry, deridäki örgün, başaýlanma. Olar saglygyň ýaramazlaşmagyna näme sebäp bolandygyny hem aýdyp bilerler. Bu ýagdaý haýsy sebäplere görä ýüze çykandygyny hem aýdyp bilerler (pestisidleriň dökülmegi, garylyp durlan wagty pajygaly wakanyň bolmagy, bir ýerden başga bir ýere geçirilmegi, adaty işmi ýa-da başga bir zatmy?).

    Topar uly bolsa, her kim öz belliklerini edensoň, topardan haýsy hem bolsa bir adam saglyga edilen täsirleri ara alyp maslahatlaşmany alyp barsa, gowy bolar. Sapagy alyp baryjy her bir belligi görkezip, onuň nähili täsiri aňladýandygyny soramaly. Her bir adamyň pestisidler baradaky tejribesini bedeniň şekillendirilen suratynda bellemegi wajypdyr.

  3. Adamlara pestisidler barada gürrüň bermäge kömek etmek üçin degişli soraglary beriň. Başga bir adam hemmelere görünýän suratda bellikleri etse, peýdaly bolar. Başda 3 esasy soraglaryň berilmegi gürrüňi takyklaşdyrar.

    Esasy soraglar: Adamlar pestisidleriň eden täsirlerini duýdularmy? Pestisidleriň täsir etmeginiň netijesinde nähili hereketler ýa-da netijeler ýüze çykyp biler? Pestisidleriň haýsy görnüşleri täsir etdiler? Bedeniň şekili adamlaryň pestisidleriň iň ýaramaz täsirlerini nirelerinde duýýandyklaryny görkezýär. Ara alyp maslahatlaşma we bellikler pestisidler bilen bagly meselelerden näçe adamyň ejir çekýändigini we haýsy täsiriň giňden ýaýrandygyny bellemegiň iň gowy usulydyr. Soňra şeýle täsirleriň öňüni almagyň tärleri barada maslahatlaşma geçirmek hem bolar.