Hesperian Health Guides

Pestisidleriň saglyga täsir etmeginiň uzak wagtlaýyn netijeleri

Bu bapda:

Pestisid zäherlenmeleriniň köpüsi olaryň bir gezek ulanylanylany üçin däl-de, olaryň hepdeleriň, aýlaryň, ýyllaryň dowamynda ulanylmagynyň netijesinde döreýär. Adamlar pestisidler zerarly ençeme ýyl geçensoň keselläp biler. Pestisidler bilen hemişe işleşen uly adamlar 5, 10, 20, 30 ýyldan keselläp biler. Keseliň näçe wagtlap ýüze çykman biljekdigi köp zatlara baglydyr. Çagalarda bu uzak wagty talap etmeýär. Çagada pestisid zerarly keselleme dogulmazyndan öň, enesi göwreli wagtynda pestisidler bilen işlände başlap biler.

Adam uzak wagtlap pestisidleriň täsirinde bolanda, saglyk kynçylyklarynyň şolar zerarly dörändigine düşünmek kyn bolýar. Pestisidler bilen uzak wagtlap işlemek rak, önelgelik ulgamynyň bozulmalaryna, bagryň, beýniniň we bedeniň beýleki içki agzalarynyň dowamly zeperlenmegine eltýär.

Pestisidleriň uzak möhletleýin zyýanlaryny görmek kyn bolýar. Sebäbi adamlara oba hojalyk ýerlerinde dürli himikatlar täsir edýär, oba hojalyk işgärleri bolsa bir ýerden başga ýere göçýärler.

Adamlar rak bilen kesellänlerinde, lukmanlar hem alymlar munuň pestisidlerden we beýleki zäherli himikatlardan däl-de, tötänleýin ýa-da başga sebäpden dörändigini aýdýarlar. Käte pestisidleri satýanlar we olaryň ulanylmagyny ündeýänler adamlaryň saglyk kynçylyklaryna jogapkär bolmazlyk üçin, pestisidler barada ýalan sözleýärler. Olar pestisidleriň zyýansyzdygyny aýdyp bilerler, sebäbi köp wagt geçenden soň dörän keseliň gürrüňsiz pestisidler ýa-da beýleki himikatlar zerarly ýüze çykandygyny köplenç subut edip bolmaýar.

A man carries bananas through a plantation as an airplane sprays overhead.
A sick man in his bed wearing a breathing mask.
Huan banan ekin meýdanlarynda işleýärdi... ...10 ýyldan ol rak bilen keselledi.

Pestisidler zerarly dörän dowamly keselleriň alamatlary

Pestisidler we beýleki zäherli maddalar dowamly keselleriň köpüsine sebäp bolup bilerler. Dowamly keselleriň käbir alamatlary şular bolup biler: agramyň kemelmegi, hemişelik ysgynsyzlyk, uzaga çekýän ýa-da ganly üsgülewük, bitmeýän ýaralar, elleriň we aýagyň guruşmagy, deňagramlylygy saklap bilmezlik, görüşiň ýitmegi, örän çalt ýa-da örän haýal ýürek urmasy, keýpiň birdenkä üýtgäp durmagy, aljyraňňylyk, huşuň ýitmegi ýa-da pikiri bir ýere jemläp bilmezlik.

Eger sizde ýokardaky alamatlaryň käbiri bar bolsa, lukmanyňyza ýa-da lukmançylyk işgärine ýüz tutuň. Oňa pestisidler bilen nähili usullar arkaly iş salyşandygyňyz we mümkin bolsa, olaryň haýsylarydygy barada hökman gürrüň beriň.

Pestisidleriň saglyga uzak wagtlaýyn edýän täsirleriniň käbir görnüşleri

A thin man coughing.

Öýken şikeslenmesi: Pestisidleriň täsir eden adamlarynda üznüksiz ýada aýrylmaýan üsgülewük bolýar ýa-da olaryň döşi gysylýar. Bular bronhitiň, demgysmanyň ýa-da beýleki öýken keselleriniň alamatlary bolup biler. Uzak wagta çeken şikes öýkeniň rak keseline öwrülip biler. Sizde öýkeniň şikeslenmesiniň haýsydyr bir alamatlary bar bolsa, çilim çekmäň! Çilim çekmek öýken keselini has-da beterleşdirýär.

Rak: Beýleki adamlara garanyňda, pestisidleriň täsiri ýeten adamlaryň rak bilen kesellemek töwekgelligi has ýokary bolýar. Emma bu pestisidler bilen iş salyşýan her bir adam hökman rak bilen kesellär diýildigi däldir. Bu pestisidler bilen iş salyşýan adamda rak keseline uçramak töwekgelliginiň artdyrýandygyny aňladýar. Ýüzlerçe pestisidleriň we pestisidleriň düzümine girýän maddalaryň rak keselini döredýändigi bellidir. Beýleki görnüşleri heniz doly öwrenilmedik. Pestisidleriň döredýän rak keseliniň iň giňden ýaýran görnüşi ganyň ragy (akganlylyk), limfoma we beýniniň ragydyr.

Bagryň şikeslenmegi: Bagyr ganyň arassalanmagyna we zäherlerden saplanmagyna kömek edýär. Pestisidleriň örän güýçli zäherdigi sebäpli, käte bagyr olardan arassalanyp bilmeýär. Bagryň agyr şikeslenmesi güýçli zäherlenmeden soň ýa-da uzak ýyllaryň dowamynda pestisidler bilen işlenende bolup biler.

A man sitting next to a pesticide sprayer drinks from a bottle.
Alkogolyň bagra zyýan edýändigi sebäpli...
...onuň içilmegi pestisid zäherlenmäni beterleşdirýär.

Zäherli gepatit: Bu kesel adamlarda uzak wagtlap pestisidler bilen işlänlerinde döreýär. Zäherli gepatit ýürekbulanma, gaýtarma we gyzdyrma, deriniň saralmagy ýaly alamatlary ýüze çykaryp, bagry weýran edip bilýär.

Nerw ulgamynyň şikeslenmegi: Pestisidler beýnä we nerw ulgamyna zyýan ýetirýärler. Pestisidler uzak wagtlap täsir edende, ýatkeşligiň ýitmegine, biynjalyklyga, keýpiň üýtgäp durmaklygyna we pikiri bir ýere jemläp bilmezlige eltýär.

Immun ulgamynyň bozulmalary: Käbir pestisidler adam bedenini kesellerden goraýan immun ulgamyny gowşadýar. Adamyň immun ulgamy ýaramaz iýmitlenme, pestisidler, AIW/AIDS ýaly keseller zerarly gowşasa, ol allergiki täsirlere we dürli ýokançlyklara tiz ýolugýar. Şeýle adama adaty kesellerden saplanmak has kyn bolýar.

Pestisidleriň önelgelilik ulgamyna ýetirýän zyýany

A woman breastfeeding a baby.
Ene süýdi – iň oňat iýmit!
Pestisidleriň zyýany hem beýleki zäherli himikatlaryň köpüsiniň önelgelilik saglygyna ýetirýän zyýany ýalydyr. Olar aýallaryň çaga dogurmak ukybyny ýa-da çagalaryny sagdyn ýetişdirme ukyplaryny bozup bilýärler.


Himikatlar aýalyň bedenine aralaşyp, onuň süýdüniň düzümine geçip biler. Dünýädäki pestisidleriň sany örän köpdür. Pestisidler bilen ömründe iş salyşmadyk eneleriň süýdünde-de käbir zäherli elementler bolup bilýär.

Süýdüňizde pestisidler bardyr öýtseňiz-de, olaryň zyýanyndan ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň peýdasy köpdür. Çaganyň sagdyn we güýçli bolmagy üçin, ol ene süýdi bilen iýmitlendirilmelidir.

Pestisidleriň önelgelilik saglygyna ýetirýän zyýanynyň käbirleri, ine, şulardyr:

A pregnant woman standing next to a man.

Önelgesizlik: Dünýädäki oba hojalygynda işleýän adamlaryň köpüsi pestisidler zerarly önelgesiz boldular. Olar döli işläp çykaryp bilmeýänlikleri üçin, olardan çaga önmeýär.

Dogabitdi şikesler: Pestisidler diňe bir göwreli aýalyň bedenine däl, eýsem onuň içindäki çaga hem ýaramaz täsir edýär. Netijede, çaga ejir çekip bilýär. Pestisidleriň täsir etmegi çaganyň hökman dogabitdi şikesli bolmagyna eltmeýär. Ýöne şonda-da, çagada dogabitdi şikesleriň, okuw bilen bagly kynçylyklaryň, allergiki täsirliligiň we saglygyň beýleki kynçylyklarynyň ýüze çykmak töwekgelligi artýar.

A farm worker standing beside his pesticide sprayer hands his clothes to a woman to wash.
Geýimlerdäki pestisidler oňa galtaşýan adamlaryň hemmesine täsir edip biler.

Gormon bölüp çykaryjy mäzleriň şikeslenmegi: Gormonlar biziň bedenimiziň önelgelilik we ösüş ukybyna gözegçilik edýärler. Pestisidler gormonlary bölüp çykarýan mäzlere şikes ýetirenlerinde, dogurma we önelgelilik bilen bagly kynçylyklar ýüze çykyp biler.

Aýal göwreli bolmazyndan öň pestisidler bilen iş salşan bolsa, göwrelilik döwründe çagasy düşüp ýa-da çaga öli doglup bilýär.