Hesperian Health Guides
Himikatlaryň çagalara ýetirýän zyýany
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 16: Zäherli himikatlaryň zyýany > Himikatlaryň çagalara ýetirýän zyýany
Çagalar, esasan hem bäbekler, ululara garanyňda himikatlaryň täsirine has aňsat düşüp, agyr zeperlenmelere sezewar bolýarlar.
Çaganyň göwresiniň kiçi bolandygy üçin, zäherli himikatlaryň ululara zyýan ýetirip bilmejek mukdary çaga agyr şikes ýetirip biler. |
- Kiçijek çagalar ýere has golaý bolýarlar. Şonuň üçin-de, olar golaýdaky we toprakda ýygnanýan himikatlara galtaşmaklary, olardan dem almaklary, iýmekleri has ähtimaldyr.
- Çagalar ululara garanda ýygy- ýygydan dem alýarlar we howanyň hapalanmagyndan has aňsat keselläp bilýärler.
- Çagalar köplenç ellerini, oýnawaçlary we beýleki zatlary agyzlaryna alýarlar. Şonuň üçin-de, olaryň zyýan ýetirip biljek zatlary iýmekleri has ähtimaldyr.
- Ululary zäherlerden goraýaýn içki beden agzalarynyň käbiri bäbeklerde we çagalarda heniz kemala gelip ýetişen däldir.
- Çaganyň ösüp barýan beden agzalary himikatlaryň täsirine has ejiz gelýär.
Mazmuny
Çaganyň ösüş döwrüniň dürli tapgyrlarynda
Adamyň bäbeklik, çagalyk we jahyllyk döwürlerinde onuň bedeni çalt ösýär we üýtgeýär. Şeýle ýagdaýlarda himikatlaryň örän azajyk mukdary hem çaganyň bedeninde uzak möhletleýin we zyýanly üýtgeşmeleri döredip biler.
Göwreli bolmazdan öň
Enäniň ýa-da atanyň önelgelilik ulgamy ýa-da genleri himikatlaryň täsirine hatda çaga göwrede galmazdan öň sezewar edilen bolsa-da, onuň täsiri bäbege-de ýetip biler.
Zäherleriň ýatgydaky çaga ýetirýän täsiri
Enäniň bedenindäki himikatlar göwrelilik wagtynda ösüp barýan çaga geçip bilýärler. Mysal üçin, aýal çaga wagty gurşunyň täsirine sezewar bolan bolsa, onuň süňklerinde gurşunyň galyndylary bolup bilýär. Ol göwrelikä, gurşun ýatgydaky çaga geçýär.
PHD (polihlorirlenen definiller), gurşun we simap ýaly zäherler göwreli aýala täsir edip bilýändir. Olar çaga ýoldaşyndan (plasentadan) ösüp barýan çaga geçip, ony zäherläp bilýärler.
Temmäkiniň tüssesi, neşe serişdeleri we alkogol içgileri hem ýatgydaky çaga zyýan ýetirip bilýändirler. Şonuň üçin-de göwrelilik wagtynda olardan gaça durmalydyr
Doglan wagtyndan 2 ýaşyna çenli
Ene süýdi ähli zatdan gowudyr! |
Çaganyň derisi we iýmit siňdiriş ulgamy himikatlaryň köp böleginiň çaganyň bedenine geçmegine mümkinçilik berýärler.
Ene haýsydyr bir himikatyň täsirine sezewar bolan bolsa, ol ene süýdi bilen çaga geçip biler. Çagalar üçin emeli süýt taýýarlaýan kärhanalaryň öz önümçiliginde hapa suwlary ulanan ýagdaýynda hem zäher çaga geçip bilýär. Şonuň üçin-de, ene süýdi çaga üçin iň oňat iýmitdir. Eneler çagalarynyň sagdyn bolmagy üçin, olary emdirmekden ýüz öwürmän, tersine, himikatlaryň ene süýdüne düşmezligi üçin degişli çäreleriň geçirilmegini talap etmelidirler.
Bäbekler we kiçi çagalar ähli zatlary agzyna alýarlar. Bu bolsa olaryň zäherlenmegine sebäp bolýar.
2 ýaşdan 12 ýaşa çenli
Zäherleriň täsirine sezewar bolan çagalar haýal okaýarlar, gaharjaň we biynjalyk bolýarlar. Olarda haýal ösüşiň beýleki alamatlarynyň ýüze çykmagy hem ahmal. |
Çagalar körpeler bagyna ýa-da mekdebe gatnap başlanlarynda, birgiden himikatlaryň (mysal üçin, mekdebiň howlusynda pestisidler sepilen bolsa) täsirine sezewar bolýarlar. Köwüş arassalamak, hapa atylýan ýerde zir-zibil aýyrmak ýada başga ýollar bilen pul gazanýan çagalar köplenç zäherli himikatlaryň täsirine sezewar bolýarlar. Zäherli himikatlar diňe kesellere sezewar etmän, eýsem ýaşlaryň okuwa bolan ukybyna hem zyýan ýetirip bilýärler.
12 ýaşdan 18 ýaşa çenli
Ýetginjeklik döwri bedende gormonlaryň işlenilip çykyp başlamagy sebäpli ýüze çykýan çalt fiziki ösüşiň we üýtgeşmeleriň wagtydyr. Zäherleriň täsirleri ýaş oglanyň soň sagdyn nesilli bolmak ukybyna agyr zyýan ýetirip bilerler.
Dogabitdi şikesler
Dogabitdi şikesler adamlaryň genlerine şikes ýetirilen ýagdaýynda döreýär. Genleriň çaga eneatadan geçýändigi sebäpli, zäherli himikatlar diňe olara sezewar bolan adama täsirini ýetirmän, eýsem onuň çagalaryna we agtyklaryna hem täsir edip bilýär. Dogabitdi şikesleriň ahlisi diňe zäherli himikatlar sebäpli döreýän däldir. Ýöne olar zäherli himikatlary öndürýän senagatyň ýa-da onuň galyndylarynyň bar ýerinde has köp duş gelýär. Dogabitdi şikesler dürli görnüşde bolup bilerler. Olaryň käbiri örän ortaça (ýüzdäki tegmiller) we käbiri örän agyr derejede bolýarlar (beýniniň ösüşiniň saklanmagy).
Eger çagaňyz dogabitdi şikesli doglan bolsa...
Siziň çagaňyz dogabitdi şikesli doglan bolsa, siz ruhdan düşüp, ol barada alada edip biljekdigiňiz babatda şübhelenýärsiňiz. Ýöne siz ýalňyz dälsiňiz!
Öz duýgularyňyzy boýun alyň. Ene-atalar ruhdan düşüp, çagany kabul etmezligi, hasraty, hatda gahar-gazaby hem başdan geçirýärler. Sagdyn çagaňyzy ýitirendigiňize aglap, siz umydyňyzyň puç bolandygy barada pikir edýärsiňiz. Duýgularyňyza düşünip, sizi goldap biljek adamlar bilen gürrüňdeş boluň.
Jemgyýetiň goldawyny gözläň. Saglygy goraýyş gullugynyň ýa-da durmuş-üpjünçilik edarasynyň işgärinden ýaşaýan ýeriňizde şeýle ýagdaýly çagalary bar bolan beýleki ene-atalar barada soraň. Olar bilen aragatnaşyk açyp, goldaw toparyny gurnaň. Bu jemgyýetçilik topary sizi we çagaňyzy alada bilen gurşap, goldaw berer.
Öz çagaňyzy höweslendiriň. Çagaňyzy gujaklap, onuň bilen oýnaň. Onuň ösüşine gözegçilik edip, çagaňyza guwanyň. Öz balaňyzy ene-atalyk mährinden mahrum etmäň. Begenjiňizi maşgalaňyz we dostlaryňyz bilen paýlaşyň.
Çagaňyz bilen bile öwreniň. Dogabitdi şikesler baradaky maglumatlary gözläň. Olar çagaňyzyň ösüşine baglylykda başyndan geçirýän üýtgeşmelerini ýeňip geşmäge size kömek eder.
Fiziki maşklar kömek edip bilerler. Maýyplyk bilen bagly ýetmezçilikleriň köpüsini maşklar we beýleki usullar bilen azaldyp bolar. (Dogabitdi şikesli we beýleki kemçilikli çagalara kömek edip biljek fiziki maşklar we beýleki usullar barada bilmek üçin Hesperianyň Disabled Village Children (“Obadaky maýyp çagalar”), Helping Children Who Are Blind (“Kör çagalara hemaýat”), Helping Children Who Are Deaf (“Ker çagalara hemaýat”) atly kitaplaryna seret.).