Hesperian Health Guides
Önelgelilik ulgamynyň saglyk meseleleri
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 16: Zäherli himikatlaryň zyýany > Önelgelilik ulgamynyň saglyk meseleleri
Käbir himikatlar çaga düşmegini, aýallarda we erkeklerde önelgesizligi döredip bilýärler. Olar muny gormonlar arkaly amala aşyrýarlar. Gormonlar bolsa biziň bilşimiz ýaly, adamyň ösüşini, onuň önelgelilik ulgamyny, aýallarda aýbaşy aýlawy ýaly prosessleri dolandyrýan tebigy himiki maddalardyr. Beýleki himikatlar adamyň bedenine aralaşanda, gormonlara ýalan “buýruklar” iberip, tebigy gormonlary üýtgedip bilýärler. Şonuň üçin-de, bu himikatlary käte “ýumrujy” gormonlar diýip atlandyrýarlar.
Mazmuny
Önelgelilik gormonlary nähili işleýärler
Gyz bedeniniň jyns taýdan ýetişmegine ýardam berýän tebigy üýtgeşmelerini estrogen we progesteron aýal gormonlary döredýärler. Olar her aýda aýalyň ýumurtgalyklarynda bir aýal jyns öýjüginiň ýetişmegini, göwrelilik döwründe aýbaşynyň bolmazlygyny we dogrumdan soň ene süýdüniň emele gelmegini üpjün edýändirler. Gormonlar çaganyň enesiniň ýatgysynda ösmegini hem kesgitleýändirler.
Zäherli himikatlar gormonlary ýumurýarlar
Ýumrujy gormonlar bolan himikatlar gyzlarda aýbaşylarynyň yzygider bolmazlygynyň ýa-da olaryň düýbünden bolmazlygynyň sebäbi bolup bilerler. Gormonlaryň kadaly işlemeginiň bozulmagy aýallarda ýatgydan daşky göwreliligiň bolmagyna sebäp bolup bilýär. Ýatgydan daşky göwrelilik bolsa lukmançylyk kömeginiň bolmadyk ýerlerinde aýallary heläkleýändirler.
Polihlorirlenen definiller, dioksinler we plastmassalar ýaly käbir himikatlaryň azajyk mukdary hem önelgelilik saglygyň agyr şikeslenmesini döredip bilerler. Bu himikatlaryň köpüsini görüp bolmaýar ýa-da olar yssyz bolýarlar. Olar täsir eden badyna saglyk kynçylygyny döretmezligi-de ahmal. Ýöne olar köp ýyllardan soň ýa-da indiki nesillerde saglyk kynçylyklaryny döredip bilerler.
Endometrioz
Endometrioz – ýatgynyň içgi gatlagynyň üýtgemegi sebäpli döreýän agyr kesel. Endometriozyň sebäpleriniň biri-de heniz takyk anyklanylan däldir. Ýöne keseliň senagatyň ösen we örän hapalanan ýerlerde giňden ýaýrandygy mälimdir. Şonuň üçin-de, keseliň esasy sebäpleriniň biri senagat taýdan hapalanma bolup biler. Endometrioz örän agyryly bolup biýär. Endometrioz önelgesizligi döredip bilýär.
Alamatlary
Her aýda aýbaşy wagtynda agyrylar, bildäki we garyndaky agyry endometriozyň esasy alamatlarydyr. Beýleki alamatlara şular degişlidir:
- her aýdaky aýbaşylaryň güýçli gelmegi ýa-da başga wagt jynshanadan gan akmagy;
- jyns gatnaşyklarynda agyrynyň ýüze çykmagy;
- içgeçmeli ýa-da iç gatamaly agyryly täret;
- garnyň çişmegi, gaýtarma, ýürek bulanma, bilagyry we ýadawlyk.
Bu alamatlar beýleki saglyk meselelerine hem degişli bolup bilýär . Munuň endometriozdygyny ýada beýleki agyr keseldigini bilmek üçin, lukmana ýüz tutuň.
Emma saglygy goraýyş gullugynyň (SSG) işgärleriniň köpüsi endometrioz bilen tanyş däldirler. Sizde bu keseliň birnäçe alamatlary bolup, SSGniň işgäri sizde endometriozyň ýokdugyny aýtsa, mümkinçiligiň bolan ýagdaýynda başga bir lukmana ýüz tutuň.
Öňüni almak we bejermek
Agyrylary gowşatmak üçin ýa-da agyr geçýän we kadasyz aýbaşylarda göwreli bolmaklygyň öňüni alýan dermanlardan peýdalanyň. Lukman bilen maslahatlaşyň. Siz ibuprofen ýaly dermany içip, agyrylary gowşadyp bilersiňiz. Agyrylary bejermek üçin, “Aýallar üçin lukmanyň bolmadyk ýerinde” atly saglyk baradaky kitaba serediň.
Aýallaryň käbirine iýmitiň üýtgedilmegi agyrylary we bu keseliň alamatlaryny gowşatmaga kömek etmegi mümkindir. Endometriozyň estrogen bilen bagly meseleler zerarly ýüze çykýandygy üçin, düzüminde estrogen ýa-da estrogene meňzeş maddalary bolan önümlerden gaça duruň:
- pestisidli dänäni iýen ýa-da gormon berlen mallardan alnan et we süýt önümleri;
- pestisid pürkülen ir-iýmişler we bakja önümleri;
- soýa we soýadan, arahisden we beýleki kösüklerden taýýarlanan önümler.
Şeýle hem bedeniň estrogen ýa-da estrogene meňzeş maddalary has köp işläp çykarmagyny talap edýän itüzümler maşgalasyndan bolan önümleri (badam, ýer almasy, pomidor we burç), kofeini, şokolady, çaýy, düzüminde kola bolan içgileri ulanmakdan saklanmak kömek edip biler. Käbir önümler bedene endometrioza garşy göreşmäge kömek edýärler. Olara şular degişlidir:
- arassalanmadyk tüwi, kösükliler, bitin däneler ýaly düzümi süýümli önümler;
- hoz, kädi çigidi, gyzyl balyk we beýleki ýagly balyklar ýaly düzüminde omega3 ýagly turşulyklar saklaýan sagdyn ýagly önümler;
- goýy ýaşyl bakja önümleri, kelem, brokkoli, gül kelem, künji, tüwi we badam.