Hesperian Health Guides

Himikatlaryň nerw ulgamyna ýetirýän zyýany

Bu bapda:

Zäherli himikatlaryň köpüsi biziň nerw ulgamymyza zyýan ýetirýärler. Nerwleriň şikeslenmegi aňyň bulaşmagyny, huşuň ýitirilmegini, garaguş keseliniň tutgaýlaryny we beýni bilen bagly beýleki saglyk kynçylyklaryny döredip biler. Şeýle hem nerwiň şikeslenmegi syzyşyň we ys alşyň zeperlenmegine, bedeniň sazlaşykly hereketiniň ýitirilmegine, ýörelende deňagramlylygy saklamagyň kynlaşmagyna getirýär. Himikatlaryň käbiri adamy ysmaz edip bilýär ýa-da ölüme eltýär. Ýagly tegmilleri arassalamak üçin ulanylýan aseton, benzol, skipidar, benzin ýaly erediji erginler nerw ulgamy üçin zäherlidir A pregnant woman lies shaking on the ground next to an overturned chair and a container of solvent.

Öňüni almak

Zäheriň nerw ulgamyna ýetirýän zyýanly täsiriniň öňüni almagyň iň gowy usuly – işde we öýde olaryň ulanylmagyny azaltmak. Siz olary ulansaňyz, oňat ellikleriň, ýelejirediş ulgamynyň bardygyna göz ýetiriň we maskadan (agza tutulýan mata) peýdalanyň (ser. Goşundy A).