Hesperian Health Guides
Agyr metallar
Agyr metallar adamlar olardan dem alanlarynda, tozanyny ýa-da buguny ýuwdanlarynda, olar derä ýa-da gözlere düşenlerinde we gana geçenlerinde zyýanly bolýar. Agyr metallar ösümliklerde we hawanlarda ýygnanyp bilýär. Adamlar olary iýenlerinde, olaryň saglygyna zyýan ýetýär.
Mazmuny
Agyr metallar bilen zäherlenmäniň alamatlary
Agyr metallar bilen zäherlenme olaryň bir gezekdäki uly täsirininiň däl-de, az mukdarynyň uzak wagtyň dowamynda täsir etmeginiň netijesinde döreýär. Sarsgynlyk, gaharjaňlyk, ünsi jemläp bilmezlik, ýadawlyk we el-aýakdaky ysgynsyzlyk ilkinji alamatlara degişlidirler. Beýleki alamatlara şular degişlidir:
Agyr metallar bilen zäherlenme böwrekleriň we önelgelilik ulgamyň şikeslenmegine we beýleki uzak möhletleýin agyr saglyk kynçylyklaryna uçradýar.
Indiki sahypalarda simap bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Beýleki agyr metallar bilen zäherlenmäniň alamatlary hem şeýle ýüze çykýarlar. Gurşun bilen zäherlenmäniň meselelerine Öýdäki zäherler ser.
Agyr metallar biziň bedenimize howa, suw, balyklar, toprak we ösümlikler arkaly geçýärler. |
Simap bilen zäherlenme
Simap – gazylyp alynýan zatlar gaýtadan işlenilende, kömür ýananda ýa-da düzümi simaply önümler taşlanylanda daşky gurşawa düşüp, saglyk bilen bagly agyr meseleleri döredip bilýän agyr metal.
Simap derýalarda, köllerde we çeşmelerde ýygnanyp, çüýreýän ösümlikler bilen garyşanda, ol metil simaby diýlip atlandyrylýan has zäherli madda öwrülýär. Simabyň örän az mukdary hem suwuň howdanyndaky ýa-da derýadaky ähli balyklary öldürip bilýär. Daşky gurşawdaky metil simaby birnäçe asyryň dowamynda zäherli bolup galýar.
Simabyň saglyga ýetirýän zyýany
Deriň üsti bilen örän az mukdardaky simabyň siňmegi ýa-da ondan dem alynmagy nerwleriň, böwrekleriň, öýkeniň şikeslenmeginiň we dogabitdi şikesleriň döremeginiň sebäbine öwrülip biler. Saglyk bilen bagly meseleleri ýüze çykarmak köp ýyllary talap edýär.
Simap bilen ortaça zäherlenme dodagy, dili, el-aýagyň barmaklaryny guruşdyrýar, el-aýagy titredýär. Kähalatlarda simap uzak wagt täsir edýänçä, alamatlary ýüze çykman hem bilýär.
Simap bilen güýçli zäherlenme kellagyra, huşuň ýitmegine, hereket sazlaşygynyň bozulmagyna, başaýlanma, agyz boşlugynda demriň tagamynyň bolmagyna, damarlaryň çekmegine, bogunlardaky we myşsalarda hereketiň kynlaşmagyna we agyrylaryň döremegine, ýürek urmasynyň üýtgemegine we damar urmalaryny aşa haýal ýa-da aşa çalt bolmagyna eltýär.
Simabyň erkeklere täsir eden ýagdaýlarynda olaryň jynsy işjeňliginiň ýitmegi we önelgesiz bolmagy ahmal.
Simabyň aýallara täsir eden ýagdaýlarynda, olarda aýbaşy galyp, çaga dogurma bilen bagly kynçylyklar ýüze çykýar.
Göwreli aýallara simabyň hatda azajyk mukdary täsir edende hem çaganyň ösüşi bilen bagly kynçylyklar döreýär.
Balyklardaky simap
Metil simaby balyklaryň, haýwanlaryň we adamlaryň bedenlerinde ýygnanýar. Hapa suwda ýüzmek we suwa düşünmek zyýanly bolmasa-da, onda ýaşaýan balyklary iýmek saglyk üçin howpludyr.
Simabyň az mukdary bedene zyýan ýetirmezden geçip gidýär. Düzümi simaply önümleri iýmegi bes etsek, biziň bedenimiz simapdan saplanyp başlaýar. Emma simap biziň bedenimize onuň çykaryp biljek mukdaryndan köp düşse, ol saglyk bilen bagly agyr kynçylyklary ýüze çykarýar.
Balyk – beloklara baý, gowy iýmit önümi. Käte balyklara “beýniniň iýmiti” hem diýilýär, sebäbi olarda beýni üçin peýdaly ýaglar bar. Olar köp adamlaryň adaty berhizlik iýmitiniň bir bölegidir. Emma balyklar zeýkeş şahtalaryndan ýa-da simap dökülýän ýerlerden tutulan bolsa, olarda simabyň howply mukdary bolup biler.
Balyk we azyk önümleriniň howpsuzlygy
Siz balyga seredip, onda simap bar diýip bilmersiňiz. Simap balygyň teninde bolansoň, ony aýyrmagyň ýa-da simabyň täsiriniň öňüni almak üçin balygy taýýarlamagyň ýörite usuly ýokdur. Balyklaryň käbir görnüşlerinde iýmit we ýaşaýyş endiklerine baglylykda simap az bolup, olar iýmek üçin ýaramlydyr.
Eger siz magdan gazylyp alynýan känleriniň çäklerinde ýaşaýan bolsaňyz, şu aşakdakylar howpludyr:
- iri, ýaşy uly balyk;
- zubatka (dişli deňiz balygy) we zagara balyk ýaly suwuň teýindäki zatlardan iýmitlenýän balyklar;
- siziň esasy iýmitiňiz balyk bolsa;
- balygyň içki agzlary, esasan hem bagry.
Şu aşakdakylar iýmek üçin howpsuzdyr:
- ownuk, ýaş balyklar we mör-möjekleri iýýän balyklar.
- balygy azrak iýmeli. Jüýje eti, merjimek, kösükliler, tüwi, ýumurtga, süýt we peýnir – belogyň oňat çeşmeleridir.
- balyk tüwi we ýer almasy bilen iýilýär. Olar balykdaky simabyň mukdaryny azaltmasalar hem, siziň iýjek balygyňyzyň mukdaryny azaldyp biler.
Agyr metallar bilen zäherlenmäni bejermek
Agyr metallar bilen zäherlenmäni bejermek kyn bolýar. Esasy bejergi helirleme (chelation) diýlip atlandyrylýar. Helirlemede bedenden zäherli metallary çykarýan ösümlikler we dermanlar ulanylýar. Bu bejergi metallaryň uly mukdarynyň (dozasynyň) duýdansyz täsirinden dörän zäherlenmede (ýiti zäherlenme) netijelidir. Agyr metallar bilen zäherlenme bolsa köplenç olar bilen uzak wagtyň dowamynda galtaşylmagyň netijesinde ýüze çykýar. Şonuň üçin bejerginiň bu görnüşiniň netijesiz bolmagy mümkin.
Oňat iýmitlenmek bedeni goraýar
Adamlaryň iýmitinde witaminler, kalsiý, demir ýa-da beloklar ýetmezçilik edende, olar agyr metallar bilen zäherlenmeden ejir çekip bilerler. Sebäbi ýokumly maddalar ýetmezçilik eden ýagdaýynda beden olaryň öwezini dolmak üçin zäherli agyr metallary ulanyp, agyr kesellere sezewar bolýar
Agyr metallar bilen zäherlenmä garşylyk görkezmek ukybyny artdyrýan önümler: kösükliler, işlenilmedik däneler, et, hoz, ýumurtga, gyzyl, sary we gök bakja önümleri, goýy-ýaşyl ýaprak ösümlikleri, koriandr (saýanlylar maşgalasyna degişli), kelem we ir-iýmişler.
Agyr metallar ýa-da beýleki zäherli himikatlar bilen güýçli zäherlenmäni hiç bir azyk önümi bejerip bilmeýär. Emma iýmitlenmegiň gowulanmagy keselleriň köpüsini, şol sanda agyr metallar zerarly dörän keselleri bejermekde kömek edýär. Ýerasty baýlyklary gazyp alýan senagatyň bar ýerlerinde adamlar örän garyp ýaşaýarlar. Olar agyr metallaryň we beýleki zäherleriň täsirine sezewar bolýarlar. Olar üçin adamlaryň oňat iýmitlenmegini, kuwwatly we kesele durnukly bolmagyny kepillendirýän jemgyýetçilik azyk maksatnamasy oňat çözgütdir. (Ýerasty baýlyklaryň gazylyp alynýan ýerindäki ilatyň azyk maksatnamasy “Ýaşaýyş meseleleri” beýan edilýär).