Hesperian Health Guides

Öýdäki zäherler

Bu bapda:

Gurluşyk materiallary, reňk, mebel, arassalaýjy serişdeler we öýde ulanylýan beýleki zatlar öz düzüminde zyýanly himikatlary saklaýarlar. Asbestli we gurşunly reňkler käbir ýurtlarda gadagan edildi, emma zäherleriň beýleki görnüşleri häzirem giňden ýaýrandyr.

Gurşun bilen zäherlenme

Gurşun – reňk, suw geçiriji turbalar, käbir toýundan ýasalan syrçaly gaplar, pol plitkalary, konserwa bankalary, benzin we maşyn işlände bölünip çykýan gazlar ýaly önümlerdäki zäherli metaldyr. Gurşunyň köp mukdarynyň bir gezeklik täsiri saglyk bilen bagly kynçylyklary ýüze çykaryp biler. Ýöne gurşun bilen zäherlenme adatça onuň az mukdarynyň gaýta-gaýta, kem-kemden täsir etmegi bilen häsiýetlendirilýär. Gurşun zäherlenmesiniň ilkinji tapgyrlarynda mese-mälim alamatlar ýüze çykmasa-da, wagtyň geçmegi bilen çynlakaý saglyk kynçylyklarynyň döremegi ahmal.

Ululara garanyňda, gurşun zäherlenmesi çaga üçin has zyýanly bolýar. Sebäbi ol nerw ulgamynyň we beýniniň ösüşine täsir edýär. Çaga näçe kiçi bolsa, gurşun şonça-da güýçli täsir edýändir. Uzak wagtyň dowamynda gurşun pes derejede täsir edäýende-de, ol çaganyň aň taýdan ösüşine zyýan ýetirýär. (Zäherleriň çagalara täsir edişi barada has köp maglumat almak Himikatlaryň çagalara ýetirýän zyýany ser.).

Adamlaryň gurşunyň täsirine sezewar bolmagynyň ýollary

A woman washing her hands at a sink.
Some glazed pottery
An urban garden.
Gurşun turbalar Toýundan ýasalan käbir syrçaly gap-gaçlar Hapalanan toprak
A child picking paint off a windowsill.
A car with smoky exhaust pipes.
Children playing ball by a factory.
Düzümi gurşunly boýaglar Awtoulag gazlary Senagat galyndylarynyň howa düşmegi

Beýleki zäherler ýaly, gurşun hem bedene iýmit, içgi ýa-da deri arkaly düşüp biler. Gurşun böwrekleri, gany, nerw we iýmit siňdiriş ulgamyny zaýalap bilýär. Ganda köp mukdarda gurşun bar bolsa, ol ýürekbulanmany, ýörelende durnuksyz ýöremäni, yrgyldyny, myşsa gowşaklygyny, tutgaýlary ýa-da komany (özünden gitmegi) döredip biler. Ganda gurşunyň mukdary artdygyça, saglyk kynçylyklary hem güýjeýändir.

Alamatlary

Kimdir birinde gurşun zäherlenmesi bardyr öýtseňiz, saglyk öýünde ýa-da hassahanada onuň ganyny barlaň. Sebäbi adamlarda gurşun zäherlenmesiniň alamatlary ýüze çykanda bu eýýäm onuň ganynda gurşunyň köp mukdarynyň bardygyny aňladýar. Hut şonuň üçin-de, zäherlenmäniň alamatlary ýüze çykmanka, onuň öňüni almak wajypdyr.

Gurşun zäherlenmesiniň alamatlary:

  • uzaga çekýän gaharjaňlyk;
  • işdäsizlik we ysgynsyzlyk;
  • ukusyzlyk;
  • kellagyrylar;
  • kiçi çagalar öňki başarnyklaryny ýitirýärler;
  • ganazlyk (anemiýa);
  • iç gatama;
  • garyn agyrylary we sanjylamalary (bu gurşun bilen güýçli zäherlenmäniň ilkinji alamatydyr).
Öňüni almak

Gurşun zäherlenmesiniň öňüni almak iň gowy bejergidir:

  • Ýerli saglygy goraýyş guramalarynyň suwda gurşunyň bolup-bolmazlygyna barlag geçirýändikleri babatda habarly boluň. Siziň ulanýan suwuňyzyň düzüminde gurşunyň köp mukdary bar bolsa, içmek we nahar taýýarlamak üçin başga suw çeşmesini gözläň.
A woman shakes water from her hands.
  • Krandan içmek ýa-da nahar taýýarlamak üçin suw alanyňyzda, ilki bilen birnäçe minut suwy akdyryp goýuň.
  • Daşy gurşun syrçaly toýundan ýasalan gaplary nahar taýýarlamak we iýmek üçin ulanmaň.
  • Gurşun bilen jebislendirilen kanistralardaky önümlerden gaça duruň.
  • Boýagda gurşunyň bolup-bolmazlygyny anyk bilmeýän bolsaňyz, reňklenen köne oýnawaçlardan dynyň.
  • Gurşun goşulyp ýasalan gaplarda suwuklyk saklamaň. Sebäbi gurşunyň şol suwuklyga ýuwlup düşmegi ähtimal.
  • Gurşunly toprakda iýmit önümlerini ösdürip ýetişdirmekden, jaý gurmakdan, guýy gazmakdan gaça duruň. Siz ýerden batareýleri, reňk petdelerini, nebit we beýleki senagat galyndylaryny ýa-da olaryň gömlen ýerlerini tapsaňyz, bu topragyň hapalanandygynyň alamatydyr.
  • Siz işlän bolsaňyz ýa-da çagalar köçede oýnap gelen bolsalar, nahar iýmezden öň eliňizi ýuwuň.
Düzümi gurşunly boýaglar bilen zäherlenmäniň öňüni almak
A man washes down a door in a room where a woman cares for 2 children and prepares a meal.
Zatlaryň ýüzüni çygly mata bilen süpüriň. Bu olaryň hapalanmagyny we gurşunly boýaglaryň täsirini peseldip, gurşunly boýaglaryň petdelerini aýyrmaga kömek eder.

Boýag könelende ýa-da ýaramaz çalnanda, ol jaýrylyp diwarlardan, germeçlerden we mebellerden gopup gaçýar. Şol petdelerden aňsat dem almak bolýar, kiçi çagalar bolsa ony ýuwdup bilýärler. Boýagda gurşun bar bolsa, ol örän zyýanlydyr.

Köne boýagdaky gurşundan zäherlenmegiň öňüni almagyň iň gowy usuly – ony zatlaryň ýüzünden aýryp, gurşunsyz boýag bilen reňklemek.

Köne boýagy aýranyňyzda:

  • Hemişe ellik, maska geýiň we gorag äýnegini dakynyň.
  • Çagalary işleýän ýerleriňizde ýa-da hapalanmagy mümkin bolan ýerlerde oýnamaklaryna ýol bermäň.
  • Howany hapalamazlyk üçin, köne boýagy ilki çyglap, ony çagylly suw bilen aýyrýarlar.
  • Işi tamamlap, boýag tozanyny ýuwuň. Sübsäni däl-de, çyg şwabralary we esgileri ulanyň.
  • Boýagyň petdelerini we tozanyny konserwa bankalaryna ýa-da beýleki agzy jebis ýapylýan gaplara ýygnaň, politilen pakete salyp, howpsuz çukura gömüň.
Turba geçirijidäki gurşunly suwdan zäherlenmegiň öňüni almak

Posly suw, ýuwlan gap-gaçlarda we ýorgan-düşek daşlyklarynda tegmilleriň bolmagy suwda gurşunyň barlygynyň alamatydyr. Gurşun turbalaryndan alnan suwy çagalaryň iýmiti üçin ulanmaly däldir. Mümkinçilik bar bolsa, gurşun turbalaryny demir, mis ýa-da plastmassa turbalaryna çalyşmaly.

Turbalardaky gurşun sowuk suwa garanyňda, gyzgyn suwda has aňsat dargaýar. Şonuň üçin gurşun turbalardan alnan gyzgyn suwy nahar taýýarlamak we içmek üçin ulanmaly däldir. Ýöne ulanmaly bolaýanda-da, ony ilki sowadyň. Käbir suw süzgüçleri gurşuny süzüp arassalaýar.

Ýatda saklaň: Suwuň gaýnadylmagy gurşuny aýyrmaýar, tersine – ony has köpeldýär!
Hapalanan howadaky gurşun bilen zäherlenmegiň öňüni almak

Daş-töwerekdäki howadan gurşunyň içerik girmezligi üçin aýnalaryň we gapylaryň aşagyna çyg esgi düşäň. Howanyň hapalanmagyny çäklendirmek we senagat önümlerinde gurşunyň ulanylmagyny, howanyň zäherlenmegini peseltmek maksady bilen hökümet we senagatçylar hyzmatdaşlyk etmelidirler.

Asbestoz

A man coughs as he removes a dusty tile from a ceiling.

Asbest – birwagtlar jaýlarda, boýaglarda, tosterler, howur peçler, maňňallar ýaly käbir enjamlarda (aýratynam köne görnüşlerinde) ýylylyk geçirmeýän we ýangyna garşy ulanylan materialdyr. Asbest ownuk süýümlerden taýýarlanan. Dem alnanda, ol süýümler aňsatlyk bilen öýkene düşüp, öýken dokumalaryny sypjyrýarlar. Dem almagyň netijesinde öýkene düşeninden birnäçe ýyl geçenden soň, süýümler öýkeni yzygiderli şikeslendirip durýar. Asbest örän howply bolany üçin, köp döwletleriň hökümeti ony täze jaýlar salnanda we senagat enjamlarynda ulanmagy gadagan etdiler. Emma asbest häzir hem köne jaýlaryň we enjamlaryň köpüsinde bar.

Asbestiň täsir etmeginiň netijesinde asbestoz (öýkeni şikeslendirýän kesel) we öýken düwnügi döreýär. Bu keselleriň ilkinji alamatlary: üsgülewük, demgysma, döşdäki agyry, horlanma we ysgynsyzlyk.

Adamlar asbestiň täsirine nähili sezewar bolýarlar

Asbest könelende, ol owranyp başlýar. Asbest jaý gurluşygynda ulanylyp, ähli seresaplylyk çäreleri görlen bolsa ýa-da soň başga ýere geçirilse, onuň zyýany ýok. Asbestli materiallar ýa-da enjamlar bir ýerden başga ýere geçirilse ýa-da sökülip täzeden gurulsa, howply süýümler howa düşýärler. Ol ondan dem alýan islendik adama uly zyýan ýetirýär. Asbesti gazyp alýan adamlaryň hem (21-nji baba ser.) asbestoz bilen kesellemekleriniň töwekgelligi ýokarydyr.

Öňüni almak

Asbesti jaýlardan we gurluşyk materiallardan ýok edip bolar, ýöne bu iş gymmada düşer. Asbestiň aýrylmagy onuň täsir etmegine eltip biler, şol sebäpli hem bu işi ýörite okadylan adamlar gorag enjamlary bilen ýerine ýetirmelidir.

Ýatda saklaň: Hünärmeniň kömegi we degişli gorag enjamlar bolmasa, asbesti aýyrjak bolmaň.
Bejergisi

Asbest dem alyş arkaly öýkene düşenden soň ony aýryp bolmaýar. Asbestozyň we öýken düwnüginiň alamatlary birnäçe ýyl geçenden soň ýüze çykýar. Bu keselleri doly bejerip bolmaýar. Bejergi agyrylary gowşadyp biler, emma keselden saplap bilmez.

Mebelde we matada bolýan

A dog sleeps on a carpet beside a child who sleeps on a bed
Çagalar we öý haýwanlary köp wagtyny halylaryň we mebeliň üstünde geçirýärler. Mebelde we halylarda zäherli himikatlar bar bolsa, saglyk bilen bagly kynçylyklaryň ýüze çykmagy mümkin.

Käbir halylar, tutular, egin-ejikler we mebeliň ýüzüne tutulýan mata öndürilende, zäherli himikatlar ulanylýar. Bu himikatlaryň käbiri oduň bromlanan haýalladyjysy diýip atlandyrylýarlar. Olar matalaryň ýanmagynyň ýa-da könelmeginiň öňüni alýar. Emma biziň derimiz uzak wagtyň dowamynda olar bilen galtaşanda, onuň tozanyndan, bugundan dem alnanda, saglygymyza zyýan ýetýär. (Bu himikatlar barada we olaryň zyýanyny azaltmak usullary barada has köp bilmek üçin 16-njy we 20-nji baplara ser.).

Arassalaýjy serişdeler

Arassalaýjy serişdeleriň köpüsi adamlary keselledýän zäherli himikataryň ulanylmagy bilen taýýarlanýandyr. Şol zäherli önümlerden dem alnanda, olar ýuwlanda ýa-da deriden geçende, olar saglyk bilen bagly meseleleri hut şol wagt döredýärler, düwnük ýaly keseller bolsa birnäçe ýyl geçenden soň ýüze çykyp bilýär.

Containers of bleach, paint thinner, paint, degreaser, hair perm, and flea and tick dip.
Öýde ulanýlýan arassalaýjy serişdeleriň käbiri saglyk üçin zyýanlydyr.

Serişdeleriň köpüsiniň etiketkalarynda olaryň zäherlidigi we olardan nähili goranmalydygy barada ýazylmaýar. Käbir ýazgylarda “Seresap boluň” ýa-da “Çagalara elýeter ýerde goýmaň” diýip ýazylýar. Şeýle ýazgyly serişdäni başga howpsuz serişdä çalşanyň gowy. Ýöne şeýle duýduryş ýazgylarynyň bolmazlygy arassalaýjy serişdäniň bütinleý howpsuzdygyny aňlatmaýar.

Eger haýsydyr bir arassalaýjy serişdäniň ysy ýiti bolup, gözüňizi ýaşartsa, dem alşy kynlaşdyrsa ýa-da agzyňyzda ýakymsyz tagam döretse, ol zäherlidir. Öýde ulanylýan himikatlardan saglyga zyýan ýetirmek howpundan dynmagyň iň oňat usuly – arassalamak üçin has howpsuz serişdeleri ulanmak. Köplenç sabynly suw bilen arassalamak zyýanly serişdelerden gowudyr. Ol has howpsuz we arzan bolýar.

A woman holding a mop speaks.
Men öýi zäherli himikatlary ulanman arassalasam, öýde ys bolmaýar we meniň saglygyma zyýan ýetmeýär!

Howpsuz arassalaýjy serişdeler

Käbir himiki arassalaýjy serişdelerden tapawutlylykda, tebigy arassalaýjy serişdeleri öňünden ýumşadylyp, ýagy we köpügi aýyrmak üçin gazawlaryň we piljagazlaryň ulanylan ýagdaýynda oňat netijeleri berýär. Şeýle serişdeden birnäçe gezek peýdalansaňyz has netijeli bolýar.

Sabyn ýuwujy serişdeden has gowudyr. Sebäbi ol nebitden ýasalmaýar we suwda zäherleri galdyrmaýar. Bura (bor turşusynyň natriý duzy) we nahar sodasy (natriniň karbonaty) zatlaryň üstlerini arassalamak üçin howpsuz bolýar. Ak aşhana sirkesini (uksus) ýada limonyň şiresini aşhanadaky ýaglary aýyrmakda ulanmak netijelidir. Bu arassalaýjy serişdeleri saklamak aňsat, sebäbi olar howply bolmaýarlar, zaýalanmaýarlar we sowuk ýerde saklanylmaýarlar. Emma şonda-da olary çagalaryň elleri ýetmeýän ýerlerinde goýmalydyr.

Arassalaýjy serişdeleri has howpsuz etmegiň usullary:

EHB Ch17 Page 373-2.png

Köp taraplaýyn arassalaýjy serişdeler

Düzümi:
Buranyň (bor kislotasynyň natriý duzy) 2 çaý çemçesi, suwuk sabynyň 1 çaý çemçesi, ýyly suwuň 950 ml we arassa ak aşhana sirkesiniň ýa-da ýagy aýyrmak üçin hojalyk sodasynyň ¼ käsesini.

Görkezmeler:
Şol zatlaryň ählisini garyň we pürküçli ýa-da gapakly çüýşede saklaň. Garyşdyrmak üçin, çaýkaň. Aşhanadaky we naharhanadaky diwarlary, plitalary, halylary we mebelleriň daşlyklaryny arassalamak üçin ulanyň.

EHB Ch17 Page 373-2.png

Ýassyk-ýorgan daşlyklary üçin krahmal (pet)

Düzümi:
Krahmal (pet), 473 ml sowuk suw.

Görkezme:
Krahmaly (peti) çüýşä atyň, azajyk suw goşup, krahmal ereýänçä çaýkaşdyryň.

Galan suwdan çüýşäni dolduryň we ýene-de çaýkaşdyryň. Çüýşäni pürküç ýa-da gapak bilen ýapyň. Arassa çyg egin-eşiklere krahmaly pürküň, gurar ýaly epläň ýa-da asyp goýuň.

EHB Ch17 Page 373-2.png

Aýna arassalamak üçin serişde

Düzümi:
Suwuň 950 ml, ak aşhana sirkesiniň ¼ käsesini ýa-da limon şiresiniň 2 nahar çemçesini.

Görkezme:
Komponentleri garyşdyryň we pürküçli çüýşede saklaň.

EHB Ch17 Page 373-2.png

Zatlaryn üstüni zyýansyzlandyrmak üçin serişde

Düzümi:
Buranyň ½ käsesi, 2 litr gyzgyn suw.

Görkezme:
Burany gyzgyn suwda erediň. Arassalanjak ýeri gubka (sürtgüç) ýa-da esgi bilen süpüriň we ýyly suw bilen ýuwup aýryň. Heňlemez ýaly, bura bilen durlamaň.

Öýi adaty serişdeler bilen arassalamak saglygy goraýar

Maribel Nikaraguadan Birleşen Ştatlara gelende, ol şereketde tam süpüriji bolup iş tapynýar. Ol her agşam 3 edarany süpürip, gatlary we aýnalary ýuwýardy. Käte birnäçe sagat işläninden soň, onuň başy aýlanýardy, ýüregi bulanýardy we aljyraňňyly bolýardy. Maribel lukmana ýüz tutýar, emma berlen dermanlar onuň ýagdaýyny beterleşdirýärdi. Işleýän wagty, onuň agyrylary aýrylmaýardy.


Günleriň birinde ol işsiz galýar. Ol işlemese-de, özüni oňat duýup başlaýar. Şonda ol “Öýleriň Adaty Arassalanmagy” diýen zäherli däl arassalaýjy serişdeleri ulanýan edara barada bilýär. “Öýleriň Adaty Arassalanmagy” edarasynda işleýän aýallar adamlaryň ulanýan arassalaýjy serişdeleriniň köpüsiniň zyýanlydygyny, şol sebäpli hem adamlar özlerini ýarawsyz duýýandygyny aýdýarlar. Maribel şol bada öz keseliniň sebäbini düşünýär!


“Öýleriň Adaty Arassalanmagy” – işçileriň eýeçiligindäki birleşme. Onda işleýän aýallar arassalamak üçin nähili serişdeleriň ulanylmalydygyny özleri çözýärler. Işçiler diňe sirke, nahar sodasy, suwuk sabyn we ýyly suw ýaly sagdyn önümleri ulanmak kararyna gelýärler. Olar işlänlerinde pilçeler, gyrgyçlyr, sürtüjiler ýaly gurallary ulanyp, şol materiallary has netijeli etmegiň ugruny tapýarlar. Beýleki aýallara hem adaty usullar bilen öýleri arassalamagy öwretmek olaryň işiniň bir bölegidir

A woman mopping.


Maribel “Öýleriň adaty arassalanmagy” birleşmesinde işläp başlanda, goňşularyna, dost- ýarlaryna, hatda bazardaky nätanyş adamlara hem zäherli arassalaýjy serişdeleriň deregine adaty arassalaýjy serişdelerini ulanmagy öwredýärdi. Adaty serişdeler bilen arassalamak himikatlary ulanyp arassalamakdan käte has kyn, ýöne saglyk üçin howpsuz bolýar. Maribel işlände öz enesiniň öýlerini arassalaýşyny ýatlaýardy we şol tejribesini öz ogullaryna we gyzlaryna geçiresi gelýärdi. Adamlara öýleri adaty usul bilen arassalamagy öwretmek Maribel üçin dine işiň däl-de, eýsem onuň durmuşynyň ähmiýetli bölegine öwrüldi.