Hesperian Health Guides
Zyýanly mör-möjeklere we gemrijilere garşy göreşmek
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 17: Sagdyn öý > Zyýanly mör-möjeklere we gemrijilere garşy göreşmek
Adamlaryň köpüsi mör-möjeklerden we gemrijilerden dynmak üçin himiki pestisidleri özbaşdak ulanýarlar. Pestisidler zäherlidir! (14-nji baba ser.). Pestisidler ulanylanda, örän seresap bolmaly we olary berk gorap saklamaly. Öýdäki zýanly mör-möjekleriň we gemrijileriň döremegine sebäp bolýan zatlaryň aradan aýrylmagy olara garşy göreşiň iň oňat usulydyr:
- gemrijileriň öý edinip biljek materiallaryny we iýmit galyndylaryny yzygider arassalap we ýuwup durmaly:
- nahar taýýarlananda we iýlenden soň, ähli zatlaryň üsti arassa we gury bolmaly;
- iýmiti agzy jebis ýapylan gaplarda saklamaly;
- turbalaryň syzýan we deşik ýerlerini ýamamaly, suwuň akýan ýerini gury saklamaly. Saçakçylar we beýleki mör-möjekler suwy halaýarlar.
- öý galyndylaryny ýapyk gaplarda saklaň we hemişe arassalap duruň;
- diwarlardaky, potoloklardaky we gatlaryň arasyndaky yşlary we jaýryklary mör-möjekler we gemrijiler geçmez ýaly petikläň. Kiçiräk yşlary demir ýonuşgalar, torly ekranlar, hek ergini, ýuka kesilen demir gaty ýaly materiallardan dolduryň;
Zyýanly mör-möjekleriň we gemrijileriň köpüsinden organiki maddalary ulanyp dynmak bolýar. Olar himiki pestisidlerden arzan we has howpsuz bolýar.
Zyýanly mör-möjeklere we gemrijilere himikatlary ulanmazdan gözegçilik etmek
Käte öýi arassaçylykda saklamak ýeterlik däldir. Zyýanly mör-möjeklere we gemrijilere işjeň gözegçilik etmek zerurdyr.
Saçakçylara garşy serişde: şeker bilen bor turşusyny ýa-da nahar sodasyny garyň. Saçakçylaryň bar ýerlerine garyndyny sepişdiriň. Olar garyndyny iýip, öler. Bolmasa, bor turşusyny suw bilen garyp, üwmeç taýýarlaň. Mekgejöwen ununy garyp, kiçijek logalary ýasaň. Olary öýüň töweregine taşlaşdyryň, ýöne çagalar iýmez ýaly, olara gözegçilik ediň!
Garynjylara garşy serişde: garynjalaryň bolan ýerine üwelen gyzyl ajy burçy, guradylan narpyzy ýa-da üwelen dalçyny sepişdiriň.
Siňekleriň ýumurtgalaryna garşy serişde: reýhan otuň (bazilik) ownudylan ýapragyny suwa ezip, 24 sagat goýuň. Soňra ony süzüp, liçinkalara sepiň.
Siňeklere garşy ýönekeý gapany ýasamagy öwrenmek üçin “Siňek tutujynyň plastmas çüýşeden ýasalyşy” ser.
Sary garynjalara garşy serişde: agaç gurluşyk materiallaryň toprak bilen galtaşmaýandygyna göz ýetiriň. Odunlary öýüň golaýynda goýmaň.
Gemrijileri ýok etmek üçin, gapanlary ulanyň. Zäherleri diňe ýörite okadylan adamlar tarapyndan ulanylyp, olar berk goralyp saklanylmalydyr.
Şeýle-de howpsuzlygy üpjün edýän oňat enjamlardan peýdalanylmalydyr. Meksikada, Merkezi Amerikada we Günorta Amerikada “çagas” keselini döredýän sakyrtgalar ýaly käbir mör-möjekler jaýlaryň gatlarynyň, diwarlarynyň, üçekleriniň (esasan hem palçykdan salnan jaýlarda) jaýryklarynda ýaşaýarlar. Jaýryklaryň petiklenmegi we diwarlaryň tutuş ýa-da ýerden 1m ýokarlykda suwalmagy mör-möjekleriň ýaýramagynyň öňüni alýar. Saman üçegiň deregine plitka, galaýy ýa-da sement üçek goýulsa ýa-da üçegiň içki bölegi tekizlenilse, mör-möjekler geçmez.
Saçakçylar üçin ýönekeý gapanyň ýasalyşy
- Bankanyň düýbüne piwo, mürepbe, kişmiş ýa-da beýleki süýji zatlary guýuň.
- Saçakçylar çykyp bilmez ýaly, bankanyň içine agzynyň aşagragyna wazelin çalyň.
- Gapana düşen saçakçylary öldürmek üçin, olary sabynly gyzgyn suwa taşlaň.