Hesperian Health Guides

Öýüň saglyk meseleleri

Bu bapda:

Biziň öýlerimiz daşky gurşawyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýandyr. Iş ýerlerimizde we jemgyýetde duş gelýän saglyk babatdaky şol bir ekologik ýagdaýlaryň köpüsi öýlerde-de bolup bilýär. Täze jaý gurunmagy meýilleşdirip ýa-da öň ýaşap ýören jaýyňyzy kämilleşdirip, siz öz saglygyňyzy gorap bilersiňiz. Munuň üçin öýüň nädip we nirede gurlandygyna, onuň içinde nämeleriň goýlandygyna we bezegine üns bermeli.

a bedroom.
Açyk karnizlerden we aýakçylardan goraýan tor tutulmadyk penjireden gyzzyrmany we gyzdyrmany ýaýradýan aýakçylar girýärler.
Elektrik geçirijiler nädogry çekilen bolsa, ýangyny döredip biler.
Düzümi gurşunly ýasama boýaglar bedeniňize düşen bolsa ýa-da olardan dem alan bolsaňyz, olar nerw ulgamyny we beýnini şikeslendirýärler
Halylar we mebeller dem almak we ellemek üçin zyýanly örtügi bilen örtülen bolmagy ahmal. Şeýle örtükleriň düzüminde zyýanly ýelimiň bolmagy-da mümkin.
Öý haýwanlary allergiki täsirliligi we demgysmany döredip bilerler. Olaryň täretleri bolsa gurçuk ýokançlyklary we beýleki keselleri ýaýradyp bilerler.
A cooking area in a home.
Senagat ýerlerde we pestisidleriň köp ulanylýan ýerlerinde öýüň daşyndaky howanyň hapalanmagy demgysmanyň, öýkeniň, burnuň, bokurdagyň we gözleriň beýleki keselleriň döremegine sebäp bolup bilerler.
Gemrijiler, aýakçylar we beýleki mörmöjekler üçekdäki samanda, gatlaryň we diwarlaryň jaýryklarynda ýaşap bilýärler we amerikan tripanozomozy (Şagasyň keseli) ýaly keselleri ýaýradýarlar.
Binýatdaky, poldaky we diwarlardaky jaýryklar, jebisleşlendirilmedik üçekler we penjireler ýylylygyň ýitirilmegine we çyglylyga sebäp bolýar. Bu ýagdaýlar heňiň diwarlaryň ýüzüne, ýatylýan zatlara we mebellere ýaýramagyna mümkinçilik berýär. Heň öz gezeginde dem alyş bilen bagly meselelere, örgüne we beýleki kesellere sebäp bolýar.
Arassalaýjy serişdeler, pestisidler we beýleki himikatlar deri örgünini, dem alyş ulgamynyň kesellerini we başga uzaga çekýän keselleri döredip bilýärler.
Gurşundan ýasalan suw turbalary nahar taýýarlamak üçin ulanylýan agyz suwuny hapalap, dogabitdi kemçiliklere we beýleki agyr kesellere eltýär.
Iýmitdäki ýa-da onuň ýüzündäki mikroblar içgeçmäni we iýmit zäherlenmesini döredýärler.
Ýangyjyň islendik görnüşi ýelejiredilmeýän otagda ýananda, agyr keselleri döredýän uglerodyň okisi we beýleki zyýanly gazlary bölünip çykýarlar.
Açyk ot burun, bokurdak, göz we öýken kesellerini döredýän zyýanly tüssäni çykarýar, ýanygyň we ýangynyň ýüze çykmagyna eltýär.