Hesperian Health Guides
Nahar taýýarlamak we jaýlary ýylytmak üçin ýangyç
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 17: Sagdyn öý > Nahar taýýarlamak we jaýlary ýylytmak üçin ýangyç
Adamlaryň köpüsi nahar taýýarlamak üçin ýangyç hökmünde günüň howruny, ösümlikleriň işlenilen bölekleri (şalynyň şulhasy we beýleki galyndylardan ýasalan logala we gemre görnüşli galyndylar) ýaly we biogazy (çüýreýän ösümlikleriň, adamyň we haýwanlaryň galyndylaryndan bölüp çykýan gazlary) ulanýlýar.
Hasyl galyndylarynyň ownudylyp, suw bilen garylmagy, soňra basyp goýulmagy we guradylmagy onuň has arassa bolmagyny üpjün edýär. |
Mazmuny
Ekiniň galyndylary
Şalynyň we mekgejöweniň şulhasy, pagta çöpi, üzüm we bag çybyklary ýaly guran ekinleriň galyndylary köp ýerlerde ýangyç hökmünde ulanylýar. Ol materiallar işlenilmän ulanylsa, saglyga zyýan ýetirip biljek tüssäni çykarýar. Olaryň ownudylmagy (ýangyç bölekleri) oduň arassa we uzak ýanmagyny üpjün eder.
Içerde örülip goýlan odun has gowy guraýar we ýananda, az tüsse çykarýar. |
Ýangyç bölekleriniň ýasalmagy ýörite maşynlary we energiýa çeşmelerini talap edýär. Olaryň gymmat düşmegi mümkin. Adamlaryň käbirine ýangyç bölekleri ýakylyp taýýarlanan naharyň tagamy ýaramaýar. Emma ýangyjyň ýetmezçilik edýän ýerlerinde we adamlaryň kömrüň we agaç kömrüniň ulanylmagyny çäklendirmek isleýän ýerlerinde ýangyç bölekleri ulanylýar.
Odun
Agaç – ýangyjyň iň oňat çesmesidir, emma ol köp ýerlerde ýetmezçilik edýär. Gymmatly tokaý serişdelerini gorap saklamak we tüssäni azaltmak üçin, ownudylan gury odun ulanylýar.
Biogaz
Tebigy, köp halatlarda metan gazy energiýanyň gymmat bahaly çesmesidir. Biogaz adamyň, haýwanlaryň we ösümlikleriň organiki galyndylaryny energiýa öwrüp, galyndylaryň daşky gurşawa we adam saglygyna ýetirýän zyýanyny azaldýar.
Günüň howruny ulanyp nahar taýýarlamak
Siz gün howrunyň ýokary gyzgynlygyny ulanyp, nahary “gün peçlerinde” taýýarlap bilersiňiz. Gün peçleri siziň nahap taýýarlamak endikleriňiziň üýtgemegini talap edýär. Olar nahary peçden we otdan has haýal taýýarlaýarlar. Yssy howada gün pejini, gije ýa-da bulutly howada adaty öý pejini ulansaňyz, siz ýangyjy tygşytlap bilersiňiz. Agaç kömrüne, gaza ýa-da oduna çykdajylary azaldýanlygy sebäpli, käbir peçler birnäçe aýdan öz-özüni ödäp bilýär. Agyz suwuny zyýansyzlandyrmak üçin hem “gün peçlerini” ulanmak bolar.
Günüň howruna nahar taýýarlamak boýunça gollanma
“Gün peçleriň” dürli görnüşleri bardyr. Siz olary ýasap ýa-da satyn alyp bilersiňiz. Olaryň ählisi diýen ýaly şol bir usulda işleýär. Olar:
- günüň şöhlesini ýylylyk energiýasyna öwürýärler. Üsti gara zatlar günüň şöhlesine gyzýarlar. Nahar ýokary temperaturany we çyglylygy saklar ýaly agzy jebis ýapylýan gara, kiçi we ýuka demir gazanlarda oňat taýýarlanýar.
- ýylylygy ýygnaýarlar. Arassa ýylylyk günüň şöhlesini gara gazanyň daşyna ýygnap, ýokary temperaturany “gapanda” saklaýar. Gazana ýapmak üçin aýna gapagy, düňderip ýapylýan aýna togalagyny ýa-da ýokary berklikdäki, aňyrsy görünýän, oda dözümli polietilen paketi ulanyň.
- goşmaça gün ýagtysyny “tutup alýarlar”. Plastikleriň ýüzüne gün düşende, olar naharyň çalt taýýar bolmagy üçin goşmaça gün şöhlesini gazana gönükdirýärler. Kartona ýazylan alýuminiý folgasy gowy, arzan gün örtügini üpjün edýär. Demir listleri we demir boýaglary gönükdiriji hökmünde ýeterlik derejede ýaramly bolmaýarlar.
Gün pejini guranyňyzda, eräp, penopolistirol, poliwinil ýa-da beýleki platmassany bug görnüşinde çykarýan materiallary ulanmaň.
Gün pejini nähili ulanmaly
Gara ýa-da aňyrsy görünýän aýna gapakly keramikadan peýdalanyň. Tagamy çalt taýýarlamak üçin, önümleri ownuk bölüşdiriň we suw goşuň. Günüň has gyzýan wagty ýa-da onuň öň ýanynda pejiň aşagynda ýorgan ýa-da ýylylygy saklaýan islendik materialy goýup, peji gönüden-göni günüň aşagynda ýerleşdiriň. Gün şöhlelerini ýygnaýan örtügiň güne bakyp durandygyna göz ýetiriň. Peç günüň aşagynda durar ýaly, ony her 30 minutdan öwrüp duruň. Günüň öňi bulut bilen tutulan bolsa, pejiň daşyna ýylylygy saklaýan haýsydyr bir materialy aýlaň. Iýmit gyzgyn, emma taýýar bolmasa, ony adaty pejiň ýa-da oduň üstünde taýýarlaň.
Çalt taýýarlamak | Haýal taýýarlamak | Taýýar bolmadyk |