Hesperian Health Guides
Işden öýe howply maddalary getirmäň
Zäherli maddalaryň gulply şkafda saklanylmagy çagalary howpdan goraýar. |
Magdan gazyp alyjy senagatynda, saglygy goraýyşda we fabriklerde zäherli materiallar bilen iş salyşýan adamlar köplenç zäheri egineşiklerinde ýa-da bedenleri bilen öýlerine getirýärler. Bu işçiniň özüne hem-de öýdäki maşgala agzalaryna zyýan ýetirip biler. (Bu töwekgelligiň öňüni nähili almaly? 14-nji, 20-nji we 21-nji baplara ser.).
Sökülen batareýler ýa-da döwlen kompýuterler, ýygnalýan elektronika, tekstil ýaly howply enjamlary we zäherli maddalary bolan öýdäki iş ýerler saglyk bilen bagly kynçylyklary döredýärler. Işiň bu görnüşleriniň özbaşdak ýerine ýetirilmegi örän howply, sebäbi şereket öýde işleýänleri gorag bilen üpjün etmeýär. Mundan başga-da olara aýlyk haky tölenmeýär we ähli işçileriň mynasyp hukuklaryny üpjün etmeýär. Bu howply iş ýeri maşgalanyň beýleki agzalaryny, aýratyn-da çagalary zäherli maddalaryň täsirine sezewar edýär.
Öýde howply materiallar bilen işläniňizde, seresaply boluň:
- nähili himikatlary ulanýandyňyzy we olary ulanmagyň howpsuzlygy barada bilmeli;
- talaba laýyk ýelejiredilmäniň bardygyna göz ýetiriň;
- goranyş serişdelerini alyp bilseňiz, olardan peýdalanyň (ser. Goşundy A);
- çagalary iş ýerden we materiallardan daşda saklaň;
- işiň howpuny artdyrmazlyk we ýadamazlyk üçin, az işlejek boluň;
- şeýle işi ýerine ýetirýän beýleki adamlar bilen gürrüňdeş boluň, saglyga we howpsuzlyga bolan hukuklaryňyzy talap etmegi gurnaň.