Hesperian Health Guides

Gorag egin-eşikler we enjamlar

Bu bapda:

Zyýanly materiallar (serişdeler) bilen iş salyşýan her bir adam gorag egin-eşikleri geýmelidir (şahsy gorag esbaplary). Işgärleri gorag esbaplar bilen korporasiýalar, kompaniýalar ýa-da iş berýän adamlar üpjün etmelidir. Işçiler özleriniň gorag esbaplar bilen üpjün edilmegini, şol esbaplaryň ýagdaýyna gözegçilik edilmegini, işçileriň saglyga we howpsuzlyga bolan hukuklarynyň sylanylmagyny iş bilen üpjün edýän adamlardan talap etmelidirler.


EHB appendixA page 548-1.png
Kaska (howpsuzlyk papagy)
Gorag äýnegi
Tozandan goraýan maska
Uzyn ýeňli köýnek
Ellik
Uzyn balak (aýallarda-da)
Balagy köwşüň içine salmaň
Jorap we ýapyk köwüş

Adamlary gorap biler ýaly, gorag egin-eşikleri talaba laýyk bolup, oňat saklanylmalydyr. Garyp ýurtlarda gorag egin-eşikleriň 3 görnüşi bar diýilýär: aşa uly, aşa kiçi we ýyrtylan. Siziň gorag egin-eşikleriňiz bolmasa, öl geçirmeýän plaş geýip ýa-da polietilen paketlerden gorag egin-eşikleri ýasap bilersiňiz. Uly polietilen paketde kelläňizi, elaýagyňyzy çykarar ýaly deşik ediň, beýleki paketleri eliňizi we dabanyňyzy dolamak üçin ulanyň. Şu surat gorag esbaplaryň zyýanly materiallaryň köpüsinden gorap biljekdigini görkezýär. Hemme iş ýerler we materiallar (serişdeler) bu esbaplaryň ählisini talap etmeýär. Käbir işler ýerine ýetirilende, ýöriteleşdirilen egin-eşikler we enjamlar gerek bolýar.


Pestisidleriň täsirine sezewar bolýan oba hojalyk işgärleri şulary geýmelidir:

2 workers, one wearing googles and a face mask, the other wearing a face shield.
Ýüze dakylýan maska ýa-da respirator bolmasa, adamlar köplenç ýaglyk ýa-da şarf ulanýar. Ýöne pestisidler çygly ýa-da derli ýaglyga ýa-da şarfa ýelmeşip galýar. Bu hiç hili goragyň ýoklugyndan hem howpludyr. Siz ýaglyk ýa-da şarf ulanýan bolsaňyz, olary ýygy-ýygydan ýuwup, guradyp duruň we olaryň oňat kömek etmeýändigini unutmaň.
A farm worker spraying pesticide over seedlings.
Günden goranmak üçin papak
Ýüze dakylýan respirator ýa-da maska
Galyň brezent, polietilen ýa-da rezin öňlük
Ellik
Ýapyk köwüş
Uzyn balak


Nebiti gazyp alýanlar we şahtaçylar aşakdakylary geýseler, has gowy goranýar:

EHB appendixA page 549-1.png
Täsir edýän himikatlara garşy süzgüçli (filtrli) respiratorlar ýa-da tozandan goraýan maskalar
Kelläňizi şikeslenmeden goraýan howpsuzlyk papagy
Gulagy goraýan dyky

Galyndy ýygnaýan adamlar, hassahanalarda, klinikalarda we beýleki saglygy goraýyş gulluklarynda işleýän lukmançylyk işgärleri şulary geýmelidir:

A man lifting a bag out of a trash can labelled "Infectious Waste."
Syçraýan zatlardan goranmak üçin gorag äýnegi
Mikroblardan goranmak üçin ýüze dakylýan maska
Ellik
Ýapyk köwüş

Gorag egin-eşikleri we esbaplary diňe arassa bolanda gorap bilýär. Her gezek ulananyňyzdan soň, ellikleri, maskalary, äýnekleri, beýleki egin-eşikleri we esbaplary ýuwuň, sizden soň olary ulanjak adamy hapa egin-eşik geýmekden goraň

Gorag maskalary

Zäherli himikatlardan we tozandan dem almakdan goranmagyň iň oňat usuly oňat şemallatma we himikatlara garşy gorag maskasydyr. Siz himikatlar zerarly özüňizi ýaramaz duýýan bolsaňyz, bu siziň maskaňyzyň gowy goramaýandygyny ýa-da beýleki bir zäherli himikatyň başga ýol bilen size täsir edýändigini aňladýar.

Ýeňil matadan ýa-da kagyzdan ýasalan maska
EHB appendixA page 550-1.png

Bu maska biraz tozany geçirmän saklap biler. Emma ol size himiki bugdan dem almaga päsgel bermez. Bug kagyzdan we matadan, giň maskanyň mäkäm ýapmaýan gyralaryndan geçýär.

Gysyp durýan kagyz maska
EHB appendixA page 550-2.png

Bu maska sizi tozandan gorar. Maska siziň ýüzüňizde jebis oturmaly. Emma ol sizi himiki bugdan dem almakdan goramaz. Bu maskalar tiz hapalanýar we sürtülýär, halparandan soň, olary çalyşmaly bolýar.

Tozandan goraýan plastik maska
EHB appendixA page 550-3.png

Ýeňil matadan ýa-da gaty kagyzdan ýasalan maska garanda, bu maska tozandan has gowy goraýar. Maska siziň ýüzüňizde jebis oturmaly. Emma ol hem sizi himiki bugdan gorap bilmez.

Rezin respiratory
EHB appendixA page 550-4.png

Süzgüçli rezin maskalar himiki bugdan dem alynmagyna päsgel berip biler. Ol siziň ýüzüňizde deriniň we maskanyň arasynda yş galmaz ýaly jebis oturmaly. Size dürli himikatlar üçin dürli süzgüçleriň gerek bolmagy we olary ýygy-ýygydan çalyşmaly bolmagyňyz mümkindir. Bu maskany gurnamak, ulanmak we arassalamak boýunça size ýörite bilim almak gerek. Bu maskada yssy bolýar we ol rahat däldir. Himikatlar bilen işläniňizde, maskany howpsuz aýyrmak üçin, ýygy-ýygydan açyk, şemalladylýan ýerde arakesme ediň.


Aktiwirlenen kömürden maskanyň we matanyň ýasalyşy

Elde ýasalýan bu maskany Filippinli doktor Maramba oýlap tapdy. Ol himikatlardan we tozandan goraýar.

1. Dolduryjyly býustgalteriň bir tarapyny gyrkyp aýryň.
EHB appendixA page 551-1.png

2. Býustgalteriň içinden dolduryjyny aýryň.


EHB appendixA page 551-2.png
3. Býustgalteriň içine goýjak täze içligiň haltajygyny ýasamak üçin, süzüji kagyzdan biraz gyrkyp alyň. Şol kagyzdan ýasan haltajygyňyzyň içligini aktiwirlenen kömrüň 100 gramy bilen dolduryň. Kömür diňe aşakda üýşmän, süzgüje deň ýaýrandygyna göz ýetiriň. Soňra içindäkiler dökülmez ýaly, kagyzyň agzyny berk ýapyň we ony býustgalteriň öňki işliginiň ýerine salyň.
EHB appendixA page 551-3.png

4. Býustgalteriň çaşkasy ýüzüňizde jebis oturar ýaly, oňa dartýan mata çyzyklaryny berkidiň.

Her gezek ulanmazdan öň, süzgüç şemalladylmalydyr. Zäherli himikatlaryň iň güýçlüleri pürkülende, bu maskany iki gezek dört sagadyň dowamynda ulanmak maslahat berilýär. Aktiwirlenen kömri himiki täsiriň görnüşine we ulanylmagynyň dowamlylygyna baglylykda hepdäniň dowamynda çalyşmalydyr.

EHB appendixA page 551-4.png





This page was updated:18 dek 2022