Hesperian Health Guides

Ýanyklaryň bejerilişi

Bu bapda:

A hand submerged in a container of water.

Islendik ýanyk üçin:

  • Awuşamany azaltmak üçin, ýanan ýeri aram sowuk suwa salyň. Ýanygy 20 minut sowadyň.
  • Agyryny aspirin ýa-da beýleki agyrysyzlandyryjy serişdeler bilen köşeşdiriň.
  • Şok ýagdaýynyň öňüni alyň.


Ýeňil ýanyklar üçin başga bejergi gerek bolmaýar.

Himiki, radiasiýa, elektrik ýanyklar we gabarçakly ýanyklar (ikinji derejeli ýanyklar) üçin:

  • Ýanygyň ýüzünden hiç zat aýyrmaň.
  • Losýon, haýwanlardan we ösümliklerden alnan ýagy çalmaň.
  • Gabarçaklary ýarmaň.
  • Aýrylan derini kesmäň.
  • Himiki ýanyga hiç zat ýapmaň.
  • Haýal etmän, ýanykdan himikatlary arassa suw bilen ýuwup ayryň.
  • Deriniň ýanan ýerini çygly hasa bilen örtüň.
  • Gabarçaklar ýarylan bolsa, ýanygy arassa aram sowuk suw we ýumşak sabyn bilen ýuwuň..
  • Himikatlar bilen hapalanan geýimleriňizi ýok ediň ýa-da beýleki egin-eşiklerden aýratyn ýuwuň.
  • Ýeňil ýanyga çalmak üçin ary balyny ulanyň. Ary baly ýokançlygyň öňüni alyp, ýanan ýeriň tiz bitmegine ýardam berýär. Öňki çalan balyňyzy ýuwup aýryň we iň bolmanda günde iki gezek täzeden çalyň.


Şikes ýeten adamy haýal etmän saglygy goraýyş gullugynyň işgäriniň ýanyna ýa-da hassahana eltiň.

Adamyň dem alyş ýollary ýanandyr diýip pikir etseňiz, ony hassahana eltiň. Dem alyş ýollarynyň ýanygynyň alamatlary:

  • Agzyň, burnuň töwereginiň ýa-da agzyň içiniň awuşamagy.
  • Aňyň bulaşmagy, huşsuzlyk ýa-da köp tüsse zerarly ýüze çykýan üsgülewük.


Şeýle-de ýüzde, gözde, el-aýakda ýa-da daşky jyns agzalarynda agyr ýanyklar bar bolsa, adamy hassahana eltmeli.

Gaty ýanan islendik adamda umumy agyry, gorky we ýanyklardan syzýan suwuklyk zerarly bedeniň suwsuzlanmasy ýüze çykyp, şok ýagdaýyna sezewar edip biler. Adamy köşeşdiriň, agyryny peseldiň, şogy aradan aýryň we köpräk suwuklyk içiriň.



This page was updated:18 dek 2022