Hesperian Health Guides
Şok
Şok – agyr ýanmagyň, köp ganyň ýitirilmeginiň, agyr keseliň, suwsuzlanmanyň, agyr allergik täsirleriň, ýiti zäherlenmeleriň we beýleki adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde ýüze çykýan ölüm howply ýagdaý.
Şoguň alamatlary:
- Aňyň bulaşmagy, gowşaklyk, başaýlanma ýa-da huşuň ýitmegi.
- Damar urmasy çaltlanyp, ol çalaja duýulýar.
- Sowuk der: öçügsi, sowuk, çyg der basýar.
- Arterial gan basyş peselýär.
Şogy aradan aýyrmak ýa-da onuň öňüni almak
Şok ýa-da onuň ilkinji alamatlary ýüze çykanda:
- Suratda görkezilişi ýaly, adamy aýagy kellesinden ýokarrakda bolar ýaly ýatyryň.
- Gan akmany saklaň we ýaralary arassalaň.
- Adam üşese, onuň üstüni ýapyň.
- Adam suw içip bilse, oňa suw beriň. Ol suwsuzlanan bolsa, köpräk suw we regidratasiýa içgisini beriň.
- Adam agyryny duýýan bolsa, aspirin ýa-da düzüminde kodein ýaly rahatlandyryjy serişdesi bolmadyk agyrysyzlandyryjyny beriň.
- Rahatlanyň we şikeslenen adamy köşeşdiriň.
Adam huşundan giden bolsa:
- Ony gapdalyna ýatyryň, kellesini yzraga öwrüp, aşagrak goýberiň (ýokarky suratdaky ýaly). Ol demigýän bolsa, barmaklaryňyz bilen dilini çekiň.
- Ol gaýtaran bolsa, agzyny arassalaň.
- Özüne gelýänçä, agzyna hiç zat bermäň.
- Tiz kömegi çagyryň.
This page was updated:18 dek 2022