Hesperian Health Guides

Himikatlardan ýeten zyýanyň bejerilişi

Bu bapda:

Himikatlar derä we geýimlere dökülýär, göze syçraýar, olary ýuwdup we olardan dem alyp bolýar. Kimdir biri şikeslenende, ol haýal etmän, lukmançylyk kömegini almalydyr.

Himikatlardan dem almak

 A woman lies on her side as another comforts her.
  • Adamy zäherden dem alan ýerinden, esasanam ýapyk jaýdan uzagrak ýere göterip geçiriň. Himikat ýapyk jaýda dökülen bolsa, pejireleri we gapylary açyň.
  • Adamy arassa howa çykaryň.
  • Gysýan geýimlerini gowşadyň.
  • Adamyň kellesini we eginlerini galdyryp oturdyň ýa-da ýatyryň.
  • Adam huşsuz bolsa, ony gapdalyna ýatyryň we oňa dem almaga hiç zadyň päsgel bermeýändigine göz ýetiriň.
  • Adam dem almaýan bolsa, agyzdan agza dem beriň.
  • Kellagyry, burnuň ýa-da bokurdagyň gijemegi, başaýlanma, ukuçyllyk ýa-da döşüň gysylmagy ýaly saglyk bilen bagly kynçylyklaryň alamatlary bar bolsa, haýal etmän lukmançylyk kömegini gözläň. Himikatyň etiketkasyny alyň we adyny ýatda saklaň.

Himikatlar ýuwdulan bolsa:

Himikatlar deriňize ýa-da egin-eşikleriňize dökülen bolsa

A woman lies on her back as another pours water over her eyes.
  • Howpsuz bolsa, şikes ýeten adamy dökülen himikatdan daşlaşdyryň.
  • Himikat dökülen geýimleri, köwüşleri çykaryň, gymmat bahaly zatlaryň ählisini aýryň. Himikatlar göze düşmez ýaly, eşikleri çykaranyňyzda, seresap boluň. Geýimleri gyrkyşdyryp aýyrmak has gowy bolar.
  • Şikeslenen ýeri 15 minut aram sowuk suwa ýuwuň.
  • Himikatlar göze düşen bolsa, olary 15 minutlap arassa suw bilen ýuwuň. Gabaklary galdyryp, gözi doly ýuwar ýaly göz almasyny öz töwereginden aýlaň.
  • Adam dem almagyny bes etse, agyzdan agza dem beriň.
  • Himikatlary siňdirmek üçin esgi ulanyň, seresap boluň, himikatlary töwerege syçratmaň.
  • Beden himikatlara ýanan bolsa, ony adaty ýanyk ýaly bejeriň.




This page was updated:18 dek 2022