Hesperian Health Guides

Goşundy A: Howpsuzlyk we adatdan daşary ýagdaýlar


HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Goşundy A: Howpsuzlyk we adatdan daşary ýagdaýlar


Bu bapda:

5 men help place a man on a stretcher.


Iş ýeriňizde, köpçülik ýerlerinde, öýde howply maddalara sezewar bolanyňyzda ýa-da olar bilen işläniňizde, mümkin boldugyça howpsuzlygy berjaý etmeli we ýüze çykaýjak heläkçiliklere taýýar bolmaly. Şu bölümde aşaky mowzuklara degişli maglumatlar bar:

  • adatdan daşary ýagdaýlar üçin howpsuzlyk meýilnamasyny düzmek;
  • dermanhanajyk;
  • gorag geýimleri we enjamlar;
  • gorag maskalary;
  • dökülen himiki maddalar;
  • himikatlar zerarly dörän şikeslenmeleriň bejerilişi;
  • ýanyklaryň bejerilişi;
  • şok;
  • emeli usulda dem bermek (agyzdan agza dem bermek).


Şu ýerde berlen maglumatlar size adatdan daşary ýagdaýlara taýýar bolmaga kömek eder. Ýöne bu tiz lukmançylyk kömegiň doly gollanmasy däldir. Doly taýýarlygy geçmek üçin, tiz kömegi bermegiň usullaryny we himiki şikeslenmeleri bejermegiň usullaryny öwreniň. Tiz kömek boýunça gollanmany alyp, onuň mazmunyna düşüniň, saglygy goraýşyň işgärlerinden howpsuzlyk meýilnamasyny kämilleşdirmekde kömek bermeklerini soraň.



This page was updated:05 ýan 2024