Hesperian Health Guides

Welosipediň energiýasy

Bu bapda:

A woman pedals a machine.
Käbir maşynlar welosipediň adam energiýasynyň hasabyna hereketlendirilýär.

Welosiped – haçah-da bolsa bir wagt oýlanyp tapylan maşynlaryň iň beýigi bolsa gerek. Welosiped diňe adam energiýasyny ulanyp hereket edýär we ol adam saglygy we daşky gurşaw üçin juda peýdalydyr. Mundan başga-da adam güýjüniň, ýagny energiýasy diňe welosiped üçin ulanylman, eýsem maşynlaryň beýleki görnüşlerini hereketlendirmek üçin ulanylyp bilner.

A bicycle connected to a battery. Welosipede batareýleriň birikdirilmegi çyrany ýakyp, telewizory we beýleki maşynlary işledip biler.
Maýýa Pedal welosipediniň energiýasy
A woman pedals a bicycle-powered blender.

1997-nji ýylda Gwatemalanyň Çimaltenango şäherinde käbir adamlar durnukly ösüşi öňe sürmek maksady bilen topar döredýärler. Topar welosiped energiýasy arkaly oba hojalygynyň durmuş ykdysadyýetini we daşky gurşawy goramagy we sagdyn durmuşy wagyz edýän “Maýýa Pedal” atly hökümete degişli bolmadyk guramany çagyrýar.


Olar obalylara gerek bolan maşyny herekete getirjek welosipedi gurmak üçin, onuň ulanylýan böleklerini ýygnamakdan başlady. “Maýýa Pedal” welosipedi satyn almak isleýänleriň ählisine satýardy. Durnukly ösüşiň taslamalaryny amala aşyrmaga girişýän toparlar üçin bu welosipedler örän arzan bahadan satylýardy. Aýallar öz baglarynda ösýän aloe weradan şampun öndürmek üçin blenderleri işledip biljek welosipedi soraýardy. Şampun öndürmekden alan girdejileriniň hasabyna olar öz maşgalasyny ekleýärler, öz şäherlerindäki tokaý toplumlaryny dikeltmek boýunça taslamany maliýeleşdirýärler.


Beýleki bir topar bugdaý degirmenini işletjek welosipedi sorady. Olar ýerli ilata arzan bahadan satmak üçin iým taýýarlamak maksady bilen dänäni üwejek degirmeni ulanýar. Adamlar ähli ýerde welosipediň energiýasyndan peýdalanmagyň döredijilikli ýollaryny tapdy.



This page was updated:18 dek 2022