Hesperian Health Guides
Bap 23: Ekologik taýdan arassa energiýa
Energiýa öýüň içini yşyklandyrmak, nahar taýýarlamak, suwy ýokaryk galdyrmak we daşamak, gündeki işlerimiziň ählisini ýerine ýetirmek üçin öndürilýär. Ýöremek, tokaýda agaç çapmak ýa-da bedräni galdyrmak üçin köplenç adam güýji, ýagny adam energiýasy ulanylýar. Käte bu energiýa çyralary, suw sorujylary, perleri we beýleki enjamlary herekete getirmek üçin elektroenergiýa öwrülýär.
Elektroenergiýa biziň durmuşymyzy we işimizi ýeňilleşdirýär. Ol bize okamak üçin yşyk, iýmiti we dermanlary zaýalaman saklamak üçin salkyn ýer berýär, işimizi ýeňilleşdirýän kir ýuwujy maşynlary, drelleri, ähli zatdan habarly bolar ýaly we dynç alar ýaly radiony we telewizory herekete getirýär. Bu zatlaryň hemmesi biziň ýaşaýşymyzy has sagdyn we oňaýly edip bilýär. Gynansak-da, elektroenergiýa adamlaryň köpüsi üçin elýetmez arzuwdyr. Dünýäde ulanylýan elektroenergiýanyň aglaba bölegi Demirgazyk ýurtlarynyň baý şäherlerinde ýerleşýär. Dünýädäki 6 milliard adamyň 2 milliardynyň elektroenergiýadan peýdalanmaga mümkinçiligi ýok.
Awtoulaglary, ýük daşalýan ulaglary, uçarlary we otlulary hereketlendirmek üçin adatça benzin ýa-da dizel ýaly organiki ýangyç ulanylýar. Demirgazyk ýurtlary öz paýyna düşýän ulag ýangyjy hem hut elektroenergiýa ýaly gereginden artyk ulanýarlar.
Hapalanmanyň we dünýä möçberindäki maýlamanyň öňüni almak üçin, dünýäde nebit, kömür we gaz ýangyjyny azrak ýakmaly. Baý ýurtlaryň ilaty elektroenergiýany azrak ulanjak bolmaly. Daşky gurşawa ýetýän zyýany artdyrmazdan her bir adamy elektrik we ulag serişdeleri bilen üpjün etmek üçin, biz energiýanyň howpsuz we arassa çeşmelerinden peýdalanmalydyrys (energiýanyň ekologik taýdan arassa görnüşine başgaça gaýatadan dikeldip bolýan energiýa hem diýilýär). Bu çeşmelere ýeliň, günüň, suwuň energiýasy we biogaz degişlidir.