Hesperian Health Guides

Daşamak

Bu bapda:

Elektroenergiýa bilen bir hatarda dünýäde iň köp ulanylýan energiýa otlular, uçarlar, ýük daşaýan ulaglary we awtoulaglar üçin ulanylýan ýangyç energiýasydyr. Elektroenergiýa babatda bolşy ýaly, baý ýurtlaryň ilaty ulag üçin ýangyjy hem garyp ýurtlara garanda has köp ulanýar. Ulag serişdeleriniň ýakýan ýangyjy zerarly döreýän hapalanma demgysma, bronhit, düwnük (rak) ýaly keselleriň döremeginiň we dünýä möçberindäki maýlamanyň iň esasy sebäbidir.

Ýangyjyň az ýakylmagy we ulag serişdeleriniň adalatly ulanylmagy üçin, baý ýurtlaryň, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilaty hususy ulaglaryndan däl-de, jemgyýetçilik ulaglaryndan (otlular, awtobuslar) köp peýdalanmalydyr. Şäherlerde daşamak ulgamyny ulaglaryň deregine welosipedler amala aşyrmalydyr.

Ösümliklerden alynýan ýangyç bilen bagly mesele

A plant stalk ends in a gas nozzle.

Awtoulagyň herekete getirijisi (dwigatel) oýlanyp tapylanda, ol ösümlik ýagy ýa-da alkogol ýaly ösümlik ýangyjy bilen işledilýärdi. Emma nebitiň önümçiligi arzanlansoň, nebit we dizel ýangyjy (ikisem nebitden alynýar) awtoulaglar, motosikller, ýük ulaglary, uçarlar üçin esasy ýangyç hökmünde ulanylyp başlandy. Ösümlik ýangyjynyň ulanylmagyna päsgel bermek üçin, nebit senagaty örän güýçli depginlerde işläp başlaýar.

Häzirki döwürde, nebit ýene-de gymmatlap başlanda, ýurtlaryň köpüsi ösümlik ýangyjyna dolanyp gelýär. Palmadan, soýadan, mekgejöwenden ýa-da beýleki ösümlik ýaglaryndan alynýan ýangyja “bioýangyç” ýa-da “agroýangyç” diýilýär. Bu oňat çözgüt bolup görünýär, sebäbi bu ekinler her ýyl hasyl berýär. Aslynda welin agroýangyjyň döredýän kynçylyklary az däldir. Olara şular degişli:

  • Bioýangyjy öndürmek üçin sarp edilýän önümleri iýmit üçin ulanyp bolýar. Emma ösümlikleriň ýangyç üçin ulanylmagy azyk we ýangyç ulgamlarynyň arasynda başdaşlyk döredýär. Bu bolsa adamlaryň açlyga sezewar bolmagyna sebäp bolýar. Şonuň üçin-de, biz iýmiti ýangyja öwürmeli däl.
  • Gazylyp alynýan ýangyjyň mukdaryny azaltmagyň esasy maksady dünýä möçberindäki maýlamany artdyrmazlykdyr. Emma bioýangyç üçin ýeterlik mukdarda däneli ösümlikleri öndürmek, hasyly işlemek, alnan önümi adamlara ýetirmek üçin köp mukdarda ulaglary we nebit dökünlerini talap edýär. Netijede, bioýangyç öz öndüren energiýasyndan köp energiýany sarp edýär. Boiýangyç dünýä möçberindäki maýlamany nebitden-de köp artdyrýar!
  • Bioýangyç üçin däneli ekinleri ekmek üçin, uly meýdanlar arassalanyp, dünýä möçberindäki maýlamany artdyrýan kömürturşy gazy özüne siňdirýän agaçlar ýok edilýär. Mysal üçin, ýangyjyň palma ýagyndan öndürilmegi hem hut dizel ýangyjy ýaly, daşky gurşawa zyýan ýetirýär.


This page was updated:18 dek 2022