Hesperian Health Guides

Energiýany paýlamak

Bu bapda:

Hususy senagatyň we hökümetiň dolandyrýan uly elektrostansiýalary elektroenergiýany öndürip, ony ýokary kuwwatly geçirijiler arkaly dürli ýerlere paýlýarlar. Soňra tok transformatorlardan (togy öýlerde we şereketlerde ulanar ýaly, onuň güýjüni has ýokary derejeden peseldýän maşynlar) geçýär. Güýji pes tok maşynlary we yşyklandyryjylary işleder ýaly jaýlara, fabriklere, zawodlara çekilýär.

EHB Ch23 Page 530-1a.png
Transformator

Elektroenergiýanyň köp görnüşiniň öndüriliş usullary daşky gurşawy hapalaýar. Onuň örän köp möçberde öndürilip, uzak aralyklara iberililmegi bolsa örän gymmat düşýär. Öndürilen energiýany paýlamagyň bu görnüşi örän gymmat bolansoň, kiçiräk şäherçeler özlerine tok geçiriji ulgamyň geçirilmegine uzak ýyllaryň dowamynda garaşmaly bolýar. Käwagt bu tok geçirijiler olara asla ýetmän hem bilýär. Şeýlelikde, öndürilýän elektroenergiýanyň köp bölegi senagatyň we şäherleriň paýyna düşýär.

Wires going from a power plant to a home.
Elektroenergiýany uzak aralyklara ýokary kuwwatly geçirijiler arkaly paýlamak örän gymmatdyr.

Ýeliň, günüň we suwuň ekologik taýdan arassa energiýasyny az mukdarda we has arzan bahadan öndürip bolýar. Ekologik taýdan arassa energiýany öndürilen ýerinden golaýda ulanmak has amatly bolýar. Energiýanyň ekologik taýdan arassa görnüşini ulanýan jemgyýetler öz hususy energiýa serişdelerini dolandyryp bilýär. Elektroenergiýa günden, suwdan ýa-da biogazdan öndürilende, ol gazylyp alynýan ýangyja we togy uzak ýerlerden daşaýan geçirijilere bolan garaşlylygy azaldýar.

Wind turbines near homes with solar panels.

Mundan başga-da, elektroenergiýanyň bu görnüşi energiýanyň akymyna gözegçilik edýän we nyrh kesýän hökümet edaralaryna ýa-da uly kompaniýalara garaşly bolmakdan azat edýär.

Ekologik taýdan arassa energiýa dürli çeşmeler arkaly öndürilende, has gowy işleýär. Bulutly howada günüň şöhlesi bolmasa ýa-da gurakçylyk döwründe ýagyn bolmasa, beýleki çeşmeler energiýany öndürip biler.

Gazylyp alynýan ýangyçlaryň ýakylmagy bilen öndürilen energiýa tok bilen birlikde hapaçylygy, mätäçligi, ýaýradýar. Arassa energiýa bolsa tok bilen birlikde garaşsyzlygy, öz güýjüňe bolan ynamy, durnuklylygy ýaýradýar.

Gün batareýleri arkaly işleýän oba hassahanalary

Birmadan uzakda, Tailandyň serhedine golaý ýaşaýan Karen obasynyň halky Birmanyň ýaragly güýçleri bilen yzygider çaknyşyklarda ýaşaýar. Şol sebäpli hem hiç bir hökümet guramasy ýa-da hökümete garaşly däl guramalar bu sebitde saglygy goraýyşy üpjün edip bilmeýär. Emma serhediň Tailanda degişli tarapynda bu halk sebitdäki 100 000 adam barada alada edýän 28-den hem köp hassahanany goldaýan sanitar toparlaryny döretdi. Sanitarlar söweşlerde ýaralanan adamlary bejerýärler we beýleki saglyk meselelerini çözýärler.


Döwlete garaşsyz iki guramanyň: Ýaşyl wekilçilik we Ýaşyl energiýanyň Serhet Topary atly toparlary serhede gün galkanlaryny we batareýleri getirdiler. Bu toparlar Karen obasynyň ilatyna, bosgunlara we sanitarlara batareýleri gurnamagy we olardan peýdalanmagy öwretdiler. Sanitarlar bu enjamlar bilen jeňňelden aşdylar. Indi söweş meýdanlaryň golaýyndaky 28 hassahananyň ählisinde yşyk, noutbuklary we halas ediş lukmançylyk enjamlaryny işletmek üçin elektroenergiýa bardy. Oba ilaty bolsa gün energiýa ulgamyny dikeltmegi we saklamagy başarýar.



This page was updated:18 dek 2022