Hesperian Health Guides
Elektroenergiýanyň öndürilişi
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 23: Ekologik taýdan arassa energiýa > Elektroenergiýanyň öndürilişi
Elektroenergiýanyň kömürden, nebitden, tebigy gazdan ýa-da atom ýadro energiýasyndan öndürilýändigine garamazdan, olaryň ählisi şol bir ýol bilen alynýar. Ilki bilen energiýanyň çeşmesi buga öwrülip, elektroenergiýany öndürmek üçin uly turbinalary aýlar ýaly, gyzdyrylýar. Uly gidroelektrik bentler elektroenergiýany işläp çykarmak üçin bugdan peýdalanman, şaglawuklary ulanýarlar. Emma energiýnyň bu görnüşleriniň ählisi hapalanma, ilatly ýerleriň we suw sakalarynyň weýran bolmagyna, adam saglygy bilen bagly agyr meseleleriň döremegine eltýär. Ýokarda agzalan elektroenergiýa çeşmeleri, esasanam uly möçberde ulanylanda, sagdyn we durnukly bolmaýar.
Gazylyp alynýan ýangyç ýeterlik bolmaýar we onuň gözlegi gymmat düşýär. Gazylyp alynýan ýangyç täzelenip durmaýar we onuň gutaran güni, oňa esaslanýan ulgamlaryň işi bes edýär. Şol bir wagtda-da gazylyp alynýan ýangyç serişdeleriň ýakylmagy netijesinde döreýän hapalanma we dünýä möçberindäki maýlama her bir adamyň saglygy we ähli dünýä üçin çylşyrymly ekologik meselä öwrülip, gitdigisaýy ulalýar.
Gaýtadan dikeldilmeýän energiýa zerarly döreýän saglyk kynçylyklary
Uly elektrostansiýalarda elektorenergiýa gazylyp alynýan ýangyjy ýakmak arkaly öndürilýär. Gazylyp alynýan ýangyjyň gazylmagy we ýakylmagy howany, topragy we suwy hapalap, dem alyş we deri bilen bagly kynçylyklary döredýär. Şeýle hem, ýangyn düwnük keselini we dogabitdi şikesleri (16-njy baba, we Nebit agyr keselleriň döremegine sebäp bolýar ser.) döredýän zäherli himikatlary bölüp çykarýar. Gazylyp alynýan ýangyjyň ulanylmagy dünýä möçberindäki maýlama hadysasyna we nebit serişdelerine eýeçilik etmek ugrundaky uruşlara eltýär.
Uly gidroelektrik stansiýalarynyň energiýasy (uly bentleriň suwuny elektroenergiýa öndürmek üçin ulanmak) adamlary başga ýerlere göçmäge mejbur edip, açlyga, mes topragyň ýitirilmegine sebäp bolýar, gyzzyrma, şistosomoz ýaly keselleri (9-njy baba ser.) döredýär. Kiçi bentleriň kynçylyklara muňa garanda az bolýar.
Ýokary kuwwatlykdaky togy geçirýän simler (togy öndürilen ýerinden ulanylýan ýerine eltýän kabeller) akganlylyk we düwnük keselleriniň beýleki görnüşleri ýaly agyr keselleri döredip bilýär. Ýokary kuwwatlykdaky togy geçirýän simleriň golaýynda we olaryň aşagynda jaý gurmak maslahat berilmeýär.
Ekologik taýdan arassa ýa-da gazylyp alynýan ýangyç ulanylanda hem, ýokary kuwwatlykdaky togy geçirýän simler howpludyr. Energiýanyň ýerlerde işlenilip çykarylmagy ekologik taýdan arassa energiýanyň wajyp bölegi bolup, ýokary kuwwatlykdaky togy geçirýän simlere bolan islegi aradan aýyrýar.