Hesperian Health Guides

Elektroenergiýany has oňat ulanmak

Bu bapda:

Energiýany öndürmek zerarly döreýän hapalanmany azaltmagyň birnäçe ýollary bardyr. Bu diňe energiýanyň arassa görnüşlerinden peýdalanmak bilen çäklenmeýär. Eger biz gündeki durmuşymyzda energiýany tygşytly ulansak, elektrostansiýalar ony köp öndürmeli bolmaz. Netijede bolsa hapalanma azalar.

Energiýany tygşytly ulanmak üçin, hökümet senagat önümçiliginiň has arassa usullaryndan peýdalanylmagyny ýola goýmaly, elektrostansiýalary we tok geçirijileri kämilleşdirmeli.

Galyndylary we sarp edijiligi azaldyňd

Elektroenergiýany köp sarp edýän adamlar we senagat pudaklary ony ulanmaklaryny azaltsalar, gazylyp alynýan ýangyjyň ulanylmagy hem azalar. Fabrikleriň, kompaniýalaryň we şäherlerde ýaşaýan adamlaryň energiýadan has netijeli peýdalanmaklaryny goldap, hökümet toguň tygşytly ulanylmagyny üpjün edip biler. Energiýadan az peýdalanylsa, energiýany öndürmegiň bahasy, daşky gurşawa we adam saglygyna ýetirilýän zyýan azalýar.

Elektroenergiýadan aşa köp peýdalanýan senagat pudaklaryna hökümet has ýokary salgyt salyp ýa-da olardan töleg talap edip biler. Hemmeler tokdan birbada peýdalanmaz ýaly, hökümet onuň günüň dowamynda belli wagt ulanylmagyny ýola goýup biler.

Elektroenergiýany öndürýän iri korporasiýalar hem beýleki kompaniýalar ýalydyr. Olar näçe köp öndürip satsalar, şonça-da köp girdeji alýar. Gazylyp alynýan ýangyçdan elektroenergiýanyň aşa köp öndürilmegi zerarly biziň saglygymyza we daşky gurşawa zyýan ýetýändigi sebäpli, energokompaniýalar giňeldilmeli däldir.

Bar bolan elektrostansiýalary we tok geçirijileri gowulandyryň

A worker on a ladder fixes a power line.
Tok geçirijileriň abatlanmagy energiýanyň has köp bölegini saklaýar.

Tok geçirijiler energiýany öndürilýän ýerinden onuň ulanylýan ýerine daşaýarlar. Elektroenergiýa tok geçirijilerden suwuň turbalardan akyşy ýaly hereket edýär. Deşilen turbanyň suwy boş sarp edişi ýaly, gözegçilik edilmeýän tok geçirijiler hem energiýany boş sarp edýär. Ýaramaz hilli tok geçirijiler köp energiýany biderek sarp edýär.

Bar bolan elektrostansiýalar hem has arassa we howpsuz energiýany öndürmek üçin kämilleşdirilmelidir. Elektrostansiýalaryň gowulandyrylmagy täzeleriň gurulmagyna garanda arzan düşýär, adamlara we daşky gurşawa az zyýan ýetirýär.


This page was updated:18 dek 2022