Hesperian Health Guides
Ekologik taýdan arassa energiýanyň peýdasy we çykdajysy
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 23: Ekologik taýdan arassa energiýa > Ekologik taýdan arassa energiýanyň peýdasy we çykdajysy
Welosipediň energiýasy |
Ýel energiýasy | Kiçi bentleriň suw akymy |
Biogaz we beýleki biomassa | Günüň şöhlesi |
Energiýanyň ekologik taýdan arassa görnüşlerini ulanmak bilen, biz daşky gurşawy we adam saglygyny goraýandyrys. Sebäbi gazylyp alynýan ýangyjyň ýakylmagy bilen öndürilýän energiýa daşky gurşawa örän uly zyýan ýetirýär. Ekologik taýdan arassa energiýa obalary, uly şäherleri we fabrikleri üpjün edip, daşky gurşawa we adam saglygyna zyýan ýetirmeýär.
Arassa energiýany öndürýän usullaryň artykmaçlyklary-da, kemçilikleri-de bardyr. Her bir usul ýerli şertlere: ýeliň, gün şöhlesiniň we ýagşyň mukdaryna bagly bolýar. Elektroenergiýa hatda onuň iň arassa görnüşleri hem adamlaryň köpüsi üçin örän gymmat bolýar. Emma adamlaryň köpüsiniň energiýanyň arassa görnüşlerini has köp ulanýandygy we ony öndürmegiň usullarynyň gowulanýandygy sebäpli, energiýanyň arassa görnüşleriniň elýeter we arzan bolmagy mümkindir.
Energiýanyň ekologik taýdan arassa görnüşi üçin töleg
Gün, ýel we suw energiýasyndan işleýän energiýa ulgamlarynyň öýde gurnalmagy gymmat düşýär. Emma olar gurnalandan soň, olaryň işledilmegi we saklanylmagy gymmat däldir. Bugdaýy owradýan maşyn we suw sorujylary ýaly zähmeti tygşytlaýan elektroenjamlardan alnan girdeji we garaňky düşensoň hem işlemäge bolan mümkinçilik başda edilen çykdajyny doly ödeýär.
Döwletleriň köpüsinde hemme adamlaryň energiýanyň ekologik taýdan arassa görnüşlerinden peýdalanmak mümkinçiliginiň bolmagy ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Energiýa tölegini hemmeleriň bilelikde amala aşyrmagy üçin oba birleşmeleriniň döredilmegi bu meseläniň çözgütleriniň biridir. Beýleki bir çözgüt – ownuk karzlar maksatnamalaryny kabul etmek. Ownuk karzlaryň maksatnamalary maşgalalara tölegi birden amala aşyrman, uzak wagtyň dowamynda azazdan tölemäge mümkinçilik berýär. “Täzelenip durýan karzyň goruna” tölenende, pul has elýeter bolup, adamlaryň köpüsine uzak wagtyň dowamynda öý energiýasyny gurnamaga kömek edýär.
Garyp ýurtlarda ýa-da oba ýerlerinde indi elektroenergiýa bilen üpjünçiligi bökdäp biljek hiç hili tehniki sebäpler ýokdur. Ol ýerlerde elektroenergiýanyň bolmazlygyna diňe ýaşaýyş-durmuş adalatsyzlygy sebäp bolup biler.
Energiýany saklamak
Energiýanyň islendik görnüşiniň gerek bolan wagtynda we möçberinde ulanyp bilinmegi üçin, ony saklamak gerekdir. Ulag serişdelerini herekete getirýän gaz ýa-da nebit awtoulagyň ýa-da awtobusyň baklarynda saklanylýar. Elektroenergiýany saklamak üçin bolsa batareýler ulanylýar.
E Energiýa ýel, gün ýa-da suw ýaly arassa çeşmelerden alnanda hem, ol batareýlerde saklanylmalydyr. Batareýler köplenç energiýanyň ekologik taýdan arassa görnüşleriniň iň gymmat bölegidir. Mundan başga-da, olaryň düzüminde zäherli materiallar bolansoň, olar birnäçe ýyldan çalşylmalydyr. Häzirki döwre çenli elektroenergiýany saklamak üçin batareýlerden oňat usul ýokdur.