Hesperian Health Guides

Ýel energiýasy

Bu bapda:

Wind turbines on a hill.

Ýel energiýasy ýüzlerçe ýylyň dowamynda suwy ýokaryk çykarmak we bugdaýy üwemek üçin ulanylypdyr. Soňky ýyllarda ýel Ýewropada, Demirgazyk Amerikada, Hindistanda, Hytaýda, Günorta Afrikada we Braziliýada elektroenergiýany öndürmek üçin ulanylýar. Ýeliň güýji perleri aýlanda, uly we kiçi ýel degirmenleri energiýany öndürýär. Köp mukdarda energiýany öndürmek üçin ulanylýan gazylyp alynýan ýangyjyň deregine ýel energiýasyny ulanmaklyk arzan we iň oňat usuldyr. Iri möçberli ýel taslamalary köplenç milli elektrik geçirijilerine birigýär. Ýel energiýasynyň oňat öndürilmegi üçin hemişe güýçli ýelleriň bolmagy zerurdyr. Kenarýakanyň töwerekleri, açyk düzlükler we dag geçelgeleri ýel energiýasyny öndürmek üçin iň oňaýly ýerlerdir.

Köp ýerlerde ýel hemişe bolmaýar. Ýel turbinalary energiýanyň saklanylmagyny ýa-da energiýa ulgamlarynyň ätiýaçdan saklanylmagyny talap edýär (gün galkanlary ýa-da gaz generatorlary).

Kiçi möçberli ýel energiýasy

Dünýäniň käbir ýerlerinde ýel turbinalary ýaşaýyş jaýlaryndaky batareýleri işletmek üçin ulanylýar. Ýel energiýasy hemişe ýel bolmagyny talap edýär, şol sebäpli hem turbinalary saklamak we gurnamak üçin, olary ölçäp durmalydyr. Olaryň gymmat bolmagy hem ähtimaldyr. Mümkin, öý ýa-da oba üçin bu iň gowy energiýa däldir. Ilki göräýmäge ýel energiýasy gün energiýasyndan has gowy ýalydyr, sebäbi ýel turbinalary gün galkanlaryndan arzan bolup biler. Emma wagtyň geçmegi bilen ýel turbinalary abatlaýşa mätäç bolýar.

A small wind turbine by a home.



This page was updated:18 dek 2022