Hesperian Health Guides

Kiçi bentler

Bu bapda:

EHB Ch23 Page 534-1.png
Derýadaky suw aşaklygyna turbina akýar we soňra yzyna dolanýar.

Kiçi bentler energiýany akar suwdan ýa-da ygaldan almak üçin ulanylyp bilner (kiçi desgalaryň ulanylmagyna kiçi gidroenergetika we mikrogidroenergetika diýilýär). Derýalarynda ýeterlik mukdarda suw bolan ýerlerde mikrogidroelektroenergetika oba ilatyny tok bilen üpjün etmegiň iň arzan usulydyr. Bu taslamalary oba ýaşaýjylary dolandyryp we amala aşyryp biler. Hytaýda, Hindistanda we Nepalda gidroelektroenergiýanyň kiçi taslamalarynyň müňlerçesi obalary we şäherleri energiýa bilen üpjün edýär.

Gidroelektroenergiýanyň kiçi taslamalarynda suw derýalardan we çeşmelerden turba arkaly ýapaşaklygyna akýar. Turbadan akýan suw turbinany aýlaýar we soňra derýa dolanýar. Kiçi bentler uly bentlere garanda adamlary başga ýerlere göçmäge mejbur etmeýär we derýanyň akymyny üýtgetmeýär. Suwy turbina gönükdirmek üçin, mikrogidroenergetika taslamalary beýikligi diňe birnäçe metr bolan bentlerden peýdalanýar.

Elektroenergiýany öndürmek üçin, suw turbinany aýlaýar.
EHB Ch23 Page 534-2.png
Mikrogidroenergetika adamlary hyzmatdaşlyk üçin birleşdirýär

Uzak ýyllara çeken uruşdan soň, Nikaraguanyň ilaty ekin meýdanlaryny, suw ulgamlaryny, mekdepleri we klinikalary dikeltmek bilen meşgullanýar. Uruş ýyllaryndan soň ýurt örän garypdy. Hökümet oba ilatynyň köpüsini elektroenergiýa bilen üpjün edip bilmeýärdi.


La-Pita obasynda hiç hili tok ýokdy. Iň ýakyn hasaplanýan tok geçirijiler 70 kilometr uzaklykda ýerleşýärdi. La-Pitiň ýaşaýjylary garşylykly taraplarda söweşýärdiler. Bu bolsa ilatyň mätäçlikleriniň öwezini doljak taslamalary amala aşyrmaga päsgel berýärdi. Emma garşydaş toparlar mekdebi we klinikany bilelikde guranlaryndan soň, oba tok geçirmek kararyna gelýär.


Oba ýaşaýjylary La-Pitany tok bilen üpjün etmeklerini haýyş edip, Benjamin Linderiň oba işçileriniň ösüş Assosiasiýasyna ýüzlendiler. Oba derýanyň golaýynda ýerleşýändigi sebäpli, La-Pita mikrogidroelektroenergiýanyň taslamasy üçin örän oňaýly ýerdi. Ösüş Assosiasiýasynyň işgärleri oba adamlaryna taslamany gurnamaga, olara pul serişdelerini beren we tehniki endiklerini öwreden Ýaşyl Ygtyýarlylyk atly kiçiräk halkara gullugynyň goldawyny almaga kömek etdiler. Oba ilaty uzak wagtyň dowamynda bile işläp, kiçiräk bendi we turbinany gurdular.


Indi olar oba adamlarynyň dört ýüzüsini tok bilen üpjün edýär. Elektroenergiýadan ýaşaýyş jaýlarynda, oba mekdebinde, iki agaç ussahanasynda we ýerli oba hojalyklarynda peýdalanylýar. Elektrik stansiýa gurnalanda we işe girizilende, ýerli ýolbaşçylar ulgamy dolandyrmak we oňa gözegçilik etmek boýunça assosiasiýany döredip, onuň La-Pita üçin peýdalydygyna ilaty ynandyrdy. Ozal adamlaryň arasynda tok barada gapma-garşylykly pikirleriniň bolandygyna garamazdan, häzirki wagtda onuň öndürilmegine bolan jogapkärçilik hemmeler tarapyndan deň paýlanyldy. Milli tok geçirijilerden uzakda ýerleşýän La-Pita obasynyň indi öz energiýasy bar.

People work together to build a dam.



This page was updated:18 dek 2022