Hesperian Health Guides

Biomassa energiýasy

Bu bapda:

Köp ýurtlarda biomassa (haýwanlaryň we ösümlikleriň galyndylary) adaty öý energoserişdesidir. Biomassanyň energiýasy ýananda ýa-da çüýrände, biogaz (tebigy gaz) emele gelýär. Ösümlik biomassasynyň öwezi dyngysyz dolunýar, emma ol ýangyç hökmünde ýakylanda, saglyk meseleleriniň we dünýä möçberindäki maýlamanyň döremegine sebäp bolýar. Siz odun ýa-da sygryň dersini ýakanyňyzda, biomassa energiýasyny az möçberde ulanýarsyňyz.

Piles of plant waste and a defecating cow.
Biomassa energiýasy üçin umumy serişdeler

Uly möçberdäki ekiniň galyndylary elektroenergiýany öndürmek üçin ulanylyp bilner. Mysal üçin, Kubada gant çiňrigi ýygnalandan we gant öndürmek üçin üwelenden soň, onuň çybyklary ýakylyp, elektroenergiýa öndürilýär. Şeýle usul bilen şalynyň şulhasyndan, agaç galyndylaryndan we biomassanyň beýleki görnüşlerinden peýdalanmak bolar. Biomassa täzelense-de, hasyl galyndylarynyň ýakylmagyndan döreýän hapalanma ýerli ilatyň saglygy we daşky gurşaw üçin zyýanlydyr.

Biogaz

Organiki madda çüýrände, biogaz emele gelýär. Biogaz ýapyk gapda bolsa, ol nahar taýýarlamak üçin pessejik ody, gyzdyrmak, yşyklandyrmak, suwy ýokaryk çykarmak, herekete getirijileri we oba hojalyk enjamlary üçin energiýany döredip biler. Adamlardan, haýwanlardan we ösümlik galyndylaryndan energiýany öndürip, biogaz gerekmejek önümleri daşky gurşawa we ýerli ilatyň saglygyna peýdaly serişdelere öwürýär. Biogazy organiki maddalaryň köp görnüşlerinden öndürip bolýar:

  • haýwanlaryň dersinden we peşewinden;
  • adamyň nesajaty we peşewi;
  • et, gan, süňk ýaly iýmit galyndylary we ösümlik galyndylary;
  • hasyl galyndylary, saman, ýapraklar, agajyň gabygy, şahalar ýaly ösümlik bölekleri.


Biogaz göze görünmeýär we onuň ysy bolmaýar. Ol ýakylanda arassa gök alawy emele getirýär. Nahar taýýarlamak üçin agaç ýaly gaty ýangyjyň deregine biogazyň ulanylmagy öýdäki tüsse zerarly döreýän keselleri (17-nji baba ser.) we agaçlaryň ýangyç üçin ulanylmagyny azaldýar. Biogazyň ýakylmagyndan galýan materialy ýokary hilli dökün ýaly ulanmak bolýar. Ýakylýan biogaz dünýä möçberindäki maýlamany artdyrmaýar, klimaty üýtgetmeýär.

Biogazyň kiçiräk enjamyny ýasamak

Biogazy öndürmek üçin niýetlenen enjamyň taslamasy sizdäki galyndylaryň mukdaryna we hiline, howa şertlerine we elýeter gurluşyk materiallaryna baglydyr. Haýwan we ösümlik galyndylarynyň dürli görnüşleri gazy dürli mukdarda öndürýärler, şol sebäpli hem biogazy öndürmek üçin näçe haýwanyň gerek boljakdygyny aýtmak kyn bolýar.

Sygyrlaryň, doňuzlaryň, towuklaryň, hatda adamlaryň galyndylaryndan bolan dökün biogaz öndürmek üçin ulanylyp bilner. Sygyrlar has köp ders öndürýär we biogaz üçin iň oňat çeşme bolup durýar. Nahar taýýarlamak üçin günde ýeterlik ýangyç bolar ýaly (iki gözli peji 5 sagat ýakmak üçin) 4 ýa-da 5 sygyr gerek bolar.

Biogaz öndürýän enjamy ýasamazdan öň, sizde energiýany öndürmek üçin ýeterlik galyndylaryň bardygyna göz ýetiriň.

Biogaz öndürýän enjamy ýasamak

EHB Ch23 Page 541-1.png
Doldurmak üçin organiki madda we suw
Biogazy boşadýan material fertmentleri
Gaz ýokaryk galýar
Turba gazy öýe eltýär
Dökün hökmünde ulanmak üçin gerekmejek material ýok edilýär
Gaz yşyklandyrmak we ýylytmak üçin ýakylýar.
Biogaz oba ilatyny energiýa bilen üpjün edýär


A woman kneels to cook on burners fueled by biogas.

Nepalda adamlaryň köpüsi beýik daglaryň arasyndaky, dag eteklerindäki we giň jülgelerdäki uzak obalarda ýaşaýar. Garyplyk we ýeriň üstüniň büdür- südürligi ýurdy elektroenergiýa bilen üpjün etmäge hökümete mümkinçilik bermeýär.


Bu millet oba hojalygy bilen meşgullanansoň, Nepaldaky hojalyklaryň köpüsinde iri şahly mallar bar. 1990-njy ýylda Nepalyň hökümeti iri şahly mallaryň dersini suw bilen garyp, biogaz öndürip boljakdygyna göz ýetirýär. Bu bolsa oba ýaşaýjylaryny ýylylyk, yşyklandyrma we arzan ýangyjy öndürmäge gerek bolan energiýa bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Germaniýanyň we Gollandiýanyň hökümetleriniň goldamagy bilen olar Biogazy Goldamagyň Maksatnamasyny (BGM) tassyklady.


Bu maksatnamanyň esasy maksady – biogaz bilen mümkin boldugyça köp jaýlary üpjün etmek. BGM biogazyň arzan, netijeli we saklamak üçin oňaýly ulgamynyň taslamasyny düzýär. BGM işgärleri mätäçlere kömek etmegiň maksatnamasyny amala aşyryp, oba ýaşaýjylaryna biogazdan peýdalanmagy öwretdiler we onuň peýdasyny düşündirdiler. Şeýle hem olar maşgalalara biogaz ulgamyna tölemäge kömek etmek üçin, mikrokredit maksatnamasyny işe girizdi.


Ilkinji iki ýylyň içinde biogazyň 6000 ulgamy gurnaldy. Maksatnamanyň örän netijeli bolandygy sebäpli, indiki 10 ýylyň içinde 100 000 ulgam gurnaldy. 2010-njy ýyla çenli hökümet 200 000 biogaz ulgamyny gurnamagy maksat edindi.


Nepalyň ähli obalaryndaky maşgalalar nahar taýýarlamak, ýylylyk we yşyklandyrmak üçin biogaz ulanýarlar. Biogaz ulanylanda, her bir hojalyk ýylyň dowamynda 4 tonna oduny we 32 litr kerosini tygşytlaýar. Biogaz öndürýän desganyň her biri daýhanlaryň hasyly gowulandyrmak üçin ulanýan dökünleriniň 5 tonnasyny öndürýär. Biogaz arkaly Nepaldaky maşgalalaryň köpüsi has sagdyn bolup, ýylylykda ýaşaýarlar, ýangyjyň daşky gurşawy hapalaýan we weýran edýän görnüşlerini ulanmaýarlar.




This page was updated:18 dek 2022