Hesperian Health Guides
Öýüň howasynyň hapalanmagy
Köplenç tüssäniň täsirine aýallar we çagalar sezewar bolýarlar. Göwreli aýallar günde tüssäniň täsirine sezewar bolanlarynda, ol kiçi agramly (iglije) çaganyň dogulmagyna, olaryň haýal ösüşine we gelejekde aň-bilim bilen bagly kynçylyklardan ejir çekmegine sebäp bolmagy mümkin. Käte tüssäniň täsirinden çaga öli dogulýar.
Öýüň howasynyň hapalanmagyny azatlamak üçin siz:
- ýelejirediş ulgamyny gowulandyrmaly;
- peçleri gowulandyrmaly;
- has arassa ýangyjy ulanmaly;
- has howpsuz arassalaýjy serişdeleri ulanyň;
- howanyň daşarynyň täsirinden hapalanmagyny azaldyň.
Mazmuny
Ýaramaz ýelejirediş ulgamy saglyga zyýan ýetirýär
Ýelejiretme (wentilyasiýa) – arassa howany öýe ýa-da jaýa salmagyň we hapa howanyň daşyna çykarylmagynyň usuly. Öýüň ýelejiredilişi ýaramaz bolsa, tüsse we hapalanan howa içerde galýar. Şeýle hem ýaramaz ýelejirediliş öýde çyglygy saklaýar. Netijede yzgar we heň emele gelýär. Öýüň howasynyň hapalanmagyny azaltmagyň iň aňsat usuly – ýelejirediş ulgamyny gowulandyrmakdan ybarat. Siziň öýüňiziň ýelejiredilişiniň gowudygyny ýa-da ýaramazdygyny bilmek üçin, şu alamatlara üns beriň:
- Tüsse öýüň içine dolýar, potolok tüsseden garalýar.
- Aýnalar we diwarlar öl bolýar.
- Egin-eşikler, ýatylýan zatlar ýa-da diwarlar heňleýär.
- Hajathanalaryň ýa-da lagymyň ýakymsyz yslary öýe ýaýraýar.
Siz gazda nahar taýýarlanyňyzda köplenç başaýlanmadan we aňyň bulaşmagyndan ejir çekýän bolsaňyz, bu ýaramaz ýelejiredilişiň ýa-da gazyň syzmagynyň alamatlarydyr.
Gowulandyrylan ýelejiretme köp meseleleri çözýär
Günleriň birinde 3 çaganyň enesi Nditada ertirine biynjalyk edýän güýçli tutgaý görnüşli üsgülewük başlanýar. Ol aşhanada suw gyzdyrmak we nahar taýýarlamak üçin ot ýakanda, öý tüsseden dolup, Nditanyň demini gysdyrýardy. Aşhanadaky tüsse Nditadanyň dem almasyny kynlaşdyryp, onda demgysmanyň döremegine sebäp bolýardy.
Saglyk kynçylygy zerarly Ndita we onuň ýanýoldaşy Refa Keniýanyň tüsse we saglyk boýunça taslamasyna gatnaşmaga razylaşýarlar. Refa öýüň howasynyň hapalanma derejesini ölçäp, onuň örän köp mukdardadygyna göz ýetirýär. Tüsse zerarly döreýän hapalanmany azaltmak üçin, Refa we Ndito üýtgeşmeleri girizmek kararyna gelýärler.
Taslamanyň işçileri Ndito tüssäniň öýden çykmagy üçin tüsseçekerli peç gurmaga kömek etdiler. Mundan başga-da Refa ýelejiretmäni gowulandyrmak üçin, uly penjireleri ýasaýar. Öýde tüssäniň azalandygy sebäpli, maşgala köp wagtyny bile geçirýär. Ndito üçin penjireden mallaryna gözegçilik etmek aňsatlaşýar we otaga düşýän ýagty onuň hünji bilen nagyş çekmegini ýeňilleşdirýär.
Bu üýtgeşmelerden öň Refa aşhanadan gaça durýardy. Indi ol ot ýakmak we çaý gaýnatmak üçin, daň bilen turýar. Bu bolsa Ndito ýatyp ukusyny almaga mümkinçilik berýär we hojalyk işlerini ýeke özüniň etmegini aradan aýyrýar. Täze telär we tüsseçykar gurumy azaltdy. Şeýlelikde, Ndito öýi öňküsinden az ýygnaşdyrmaly bolýar. Ndito öňküsinden az üsgürýär.
Refa we Ndito peje tüsseçykary goýdurtmak üçin çykdajy etmeli boldular. Ýöne bu Nditonyň saglygyny gowulandyrdy. Gelejekde-de bütin maşgalany kesellerden gorar. Saglygyň gowulanmagy olaryň durşmuş şertlerini gowulandyrdy. Şunlukda, olaryň tüsseçykara sarp eden pullary olaryň geljeginiň maýa goýumyna öwrüldi.
Ýelejiretmäni gowulandyrmak
Bogujy gaz bilen zäherlenme (Co)
Tebigy gaz, ergin nebit (suwuklandyrylan nebit gazy), nebit, kerosin, kömür, agaç kömri ýa-da odun ýakylýan peçler ýa-da enjamlar bogujy gazy bölüp çykarýarlar. Bogujy gaz (CO) – reňksiz, tagamsyz, yssyz zäherli gazdyr. Ýangyç bilen işleýän ulaglar hem bogujy gazy bölüp çykarýar.
Adamlar ýylynmak we ýangyjy az sarp etmek üçin köplenç otagy berk ýapýarlar. Ýöne ýelejiretmesiz ýylytma howply bolup bilýär. Ýaramaz ýelejiredilýän ýerde CO agyr keselleri döredip biler, hatda ölüme eltip hem biler.
Alamatlary
CO bilen zäherlenmek dümewe meňzeýär, emma onda gyzdyrmanyň alamatlary bolmaýar. Oňa kellagyry, ýadawlyk, demgysma, ýürekbulanma we başaýlanma ýaly alamatlar mahsus bolýar.
Öňüni almak
CO bilen zäherlenmäniň öňüni almak üçin, öýüňiziň oňat ýelejiredilýändigine göz ýetiriň. Tüsseçykarlaryňyzy we demkeşiňizi barlap, olarda jaýryklaryň, böwetleriň, poslamanyň ýokdugyna, hemme bölekleriniň jebis birikdirilendigine göz ýetiriň. Ýaramaz ýelejiredilýän öýde, ulag serişdelerinde ýa-da çadyrlarda hiç haçan agaç kömrüni, gazy, oduny ýa-da beýleki ýangyçlary ýakmaň. Ýapyk jaýda gurallary we herekete getirijileri (dwigatel) gyzdyrmak üçin gorelka, peç ýa-da geýim guradylýan ýaly gaz enjamlaryny ulanmaň. Siz olary ulanjak bolsaňyz, otagyň oňat ýelejiredilýändigine göz ýetiriň we herekete getirijini işlenilen gazlary daşyna çykar ýaly ýerleşdiriň.
Çilim çekmek
Temmäkini çekmek çilimkeşiň we onuň töweregindäki adamlaryň saglygyna zeper ýetirýär. Çilim çekmek şulara sebäp bolýar:
- öýken düwnügi, emfizema ýaly agyr öýken keselleri we dowamly bronhit;
- ýüregagyry, ýürek tutgaýy we ýokary gan basyşy;
- agzyň, bokurdagyň, boýnuň we peşew haltanyň düwnügi.
Passiw çilim çekmeklik – çilim tüssesi bilen çilimkeşiň ony çeken mahalynda howa goýberýän tüssesiniň garyndysy. Şeýle garyndydan dem almak çilimkeş bilen ýaşaýanlaryň ählisi, aýratyn-da çagalar üçin howpludyr. Şeýle garyndydan dem almak çilim çekmek bilen des-deň bolup, onuň döredýän saglyk kynçylyklaryna uçradýar.
Çilim çekmegi taşlamak ýa-da kimdir birine bu meselede kömek bermek
Çilim çekýän adamlar temmäkidäki nikotin diýilýän madda öwrenişýärler. Çilim çekmeseler, olar özlerini ysgynsyz duýup, gaharjaň bolýarlar. Nikotin özüne öwrenişdirýändigi üçin, çilim çekmegi taşlamagyň kyn bolýandygyny her bir çilimkeş bilýär. Temmäkini öndürýän kompaniýalar öz önümlerini erjellik bilen satýarlar. Şol sebäpli adamlaryň köpüsi ýaşlykdan çilim çekip, nikotine garaşly bolýarlar-da, çilimi taşlap bilmeýärler. Temmäki kompaniýalary çilim çekmegi ýaramaz endik hasaplaman, tersine, her kimiň öz erkin islegi diýip hasaplaýarlar.
Bu düýbünden nädogry. Çilim çekmegiň kimdir biriniň islegi däl-de, zyýanly endikdigine düşünmek çilim çekmegi taşlamaga edilen ilkinji ädimdir.
“Çilim çekmäň” diýen duýduryş çilimkeşlere çilimi taşlamaga kömek etmeýär. Çilim çekmäge bolan höwesi aradan aýyrmagyň we çilim çekmegi taşlamagyň käbir usullary:
- her gezek çilim çekmäge isleg dörände, uludan dem almagy endik ediniň;
- muny günde gaýtalaň;
- çilimkeşligiň deregine bir käse çaý içmek ýa-da ýöremek ýaly sagdyn endikleri ulanyň;
- bedeniňizden nikotini çykarmak üçin, köpräk suw içiň;
- dostlaryňyzdan we maşgalaňyzdan goldaw soraň.
Inçekesel
Inçekesel – öýkeni şikeslendirýän kesel. Inçekeselli näsagyň üsgülewüginden düşen ýokançlyk howada birnäçe sagatlap saklanýar. Şol howa arkaly inçekesel bir adamdan beýleki adama geçýär. Örän köp ýaşaýjyly jaýlarda, ýelejiretmesi ýaramaz fabriklerde, işçiler düşelgelerinde, türmelerde, bosgunlaryň düşelgelerinde inçekesel örän tiz ýaýraýar.
Inçekesele kim ýolugyp bilýär
Adamlaryň köpüsinde inçekesel taýajygy bar. Emma olaryň onusyndan biri inçekesel bilen keselleýär. Demgysma, gyzzyrma, AIW ýaly keselleri bolan örän ýaş we garry adamlar inçekesele (IK) aňsat ýolugýarlar. Howa hapa bolsa, inçekesel adamdan adama aňsatlyk bilen geçýär.
Alamatlary
Inçekesel wagtynda we düýpli bejerilse, aradan aýrylýar. Inçekesel bilen kesellän adamlarda alamatlaryň hemmesi ýa-da olaryň birnäçesi bolup biler:
- 3 hepdeden uzaga çekýän, ertirlerine has güýjeýän üsgülewük;
- gijelerine az-kem gyzdyrmak we derlemek;
- döşdäki we arkanyň ýokarky bölegindäki agyry;
- kem-kemden horlanmak we ysgyndan düşmek.
Çagalaryň köplenç gyzgyny galýar, olar horlanýarlar, boýunlary ýa-da garynlary çişýär, deriniň reňki solgun bolýar.
Treatment
Inçekeselli adamlar üsgürende, agzyny tutmaly, ýere tüýkürmeli däl. |
Siz inçekesele ýolugan bolsaňyz, üsgüreniňizde agzyňyzy ýaglyk bilen tutuň (ýapyň) we elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwuň. Haýal etmän lukmana ýüz tutuň. Lukman inçekeseli anyklan bolsa, siz dermanlary kabul edip başlamalysyňyz. IK bejermek üçin 6-12 aýyň dowamynda dermanyň 3 ýa-da 4 görnüşini kabul etmeli.
Öýüňizde inçekesele ýolugan adam bar bolsa:
- maşgala agzalarynyň hemmesini barlaglardan geçiriň we kesellänlere bejergi alyň.
- çagalaryň ählisine IK garşy sanjym (waksina) ediň.
- IK-li näsag sähel üsgürýän hem bolsa, ol çagalardan aýry naharlanmaly we ýatmaly.
Öýler we iş ýerler gowy şemalladylsa, IK seýrek ýüze çykýar. Emma jemgyýetde IK ýokançlyklary bar bolsa, ondaky adamlara hem howp abanýar. Garyplygyň aradan aýrylmagy we adamlaryň IK barada bilmeklerini gazanmak bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almagynyň iň oňat çözgüdidir. IK-ň alamatlary barada has köp bilmek isleseňiz, saglygy goraýyş işgärine ýüz tutuň ýa-da Where There Is No Doctor (“Maşgala saglygy”) atly kitaby okaň.