Hesperian Health Guides

Ýangyn howpsuzlygy

Bu bapda:

A woman stands on a chair to install a smoke alarm on the ceiling.
Tüsse barada habar berýän enjamlar ýangynyň başlanýandygyny duýdurýar we köp ýurtlarda elýeter bahalardan satylýar.

Öýüň abatlygynyň iň wajyp şertleriniň biri ýangynyň öňüni almakdyr.

  • Nahar taýýarlaýan oduňyzyň daşyny gabaň.
  • Çagalary otdan daşda saklaň.
  • Ýangyn howply we zäherli materiallary (benzin, reňk, eredijiler we kerosin ) öýüň daşynda, agzy jebis ýapylan gaplarda saklaň. Öýde şeýle materiallar bar bolsa, olary ýokary temperaturanyň gözbaşlaryndan daşda saklaň.
  • Elektrik çogdamlarynyň howpsuz birikdirilendigine göz ýetiriň.
  • Pejiň ýanynda suwly, çägeli ýa-da toprakly bedräni, ýangyn söndürijini saklaň.
Ýatda saklaň: Ýagda nahar taýýarlanyňyzda ýag sebäpli tutaşan ody suw bilen öçürmek gadagandyr. Ol oduň çar tarapa syçramagyna getirer. Şeýle ody öçürmegiň ýeke-täk usuly – oňa howanyň barmagyny kesmek. Ody söndürmek üçin onuň üstüne keçe ýa-da galyň ýüň mata ýapyň, toprak ýa-da çäge sepiň.

Elektroenergiýa

Ujypsyz elektroenergiýa hem adamyň durmuşyny gowulandyryp bilýär: nahar taýýarlama, yşyk, sowadyjylar we ş.m. Emma howply elektrik geçirijiler tok urma we ýangyna eltip bilerler.

Zyýan ýetirilmegiň öňüni almak:

  • elektrik geçirijileriň talaba laýyk geçirilendigine göz ýetiriň;
  • elektrik simleri halylaryň aşagyndan geçirmäň;
  • bir uzyn sim ýasamak üçin birnäçe elektrik simleri sepleşdirmekden gaça duruň. Olar sepleşdirmäge niýetlenen bolmasa, ýangyn döräp biler;
  • rozetkalary, öçüriji we yşyklandyryjy enjamlary öl bolmaz ýaly, olary turbalaryň, suw geçiriji kranlaryň ýanynda ýa-da suw akdyrylýan ýerlerde goýmaň.

Tok geçiriji simler

Ýokary kuwwatly elektrik geçirijileri uly möçberde elektrik radiasiýany bölüp çykarýarlar. Bu bolsa kellagyrylary, dartgynlygy, gaharjaňlygy we leýkemiýa (ganyň rak keseli) ýaly agyr keselleri döredip biler. Ýanyp duran şemiň ýagtysyndan daşlaşylanda, onuň has öçügsi bolşy ýaly, elektroenergiýanyň hem zyýany onuň ýanyndan daşlaşdygyňça peselýär.

Howply täsiriň peseldilmegi:

  • Jaýlary ýokary kuwwatly elektrogeçirijilerden 50-70 metr daşda guruň;
  • Hyzmat ediji kompaniýalar elektrogeçirijilerini ýa-da sütünlerini mekdepleriň ýa-da hassahanalaryň golaýynda gurmaly däldirler.
  • Elektrogeçirijiler mümkin boldugyndan ýokarda däl-de, ýeriň aşagyndan geçirilmelidir.