Hesperian Health Guides

Gurluşyk taslamalaryny bilelikde taýýarlamak

Bu bapda:

Adamlar öz hususy jaýalarynyň taslamalaryny we gurluşygyny bilelikde amala aşyrsalar, olar durmuşlarynyň öz gözegçiliginde saklap, öz isleglerine, umytlaryna, zerurlyklaryna laýyk gelýän meýilnamalary işläp düzüp bilerler. Jemgyýetiň ösüş meseleleri boýunça wekillikleri we hökümet ýerli ilaty gurluşyk taslamalaryny düzmekde we eýýäm gurlan jaýlaryň abatlygyna gözegçilik etmekde hyzmatdaşlyga höweslendirmelidir. Oňat gurnalan jemgyýetde her bir öý baglar, suw, ýuwmak hyzmatlary, bazarlar, mekdepler ýaly adamlaryň bir-birleri bilen işleşýän, duşuşýan ýerleri bilen baglanyşyklydyr.

Jaýyň gurluşygy adamlaryň arkalaşyp işlemeklerini talap edýär. Taslamaçylar, gurluşykçylar, ösüş meseleleri boýunça wekillikler we ýaşaýyş jaýlary hödürleýänler biri-birleri we ýerli ilat bilen hyzmatdaşlyk etseler, olar diňe jaýlary däl, eýsem abadan jemgyýeti gurarlar.

A community viewed from above.
Jaýlaryň we jemgyýet toparynyň gurluşygy

Günorta Afrikada adamlar köp ýyllaryň dowamynda durmuş şertleriniň çökgünliginde ýaşadylar. Bu ýagdaý olaryň saglygyny we garyplygyny öňküden-de erbet bolmagyna sebäp boldy. Hökümet garyplar üçin jaýlary gurup, bu meseläni çözmäge synanyşdy. Emma täze jaýlar kiçi, garaňky, bir-birine örän golaý guruldy. Olar ýa örän sowuk, ýa-da örän yssydy. Ol jaýlar mekdeplerden, saglyk öýlerinden, dükanlardan daşda ýerleşýärdiler, suw gözbaşlaryndan uzakdady, arassaçylyk şertleri pesdi, ýaramaz howada ýygy-ýygydan abatlaýyş işleriniň geçirmek zerurdy.


Garyplar garyplygyna galdyryldy. Bu meseläni çözmek üçin, Tlholego atly topar obanyň täze görnüşini gurmak üçin birleşýär. Olar toprak, kerpiç we saman ýaly ýerli ýagdaýlarda ulanylýan elýeter materiallardan guruljak jaýlaryň taslamalaryny döredýärler. Daşdan edilen binýat çig kerpiçleri ulanyp, olar sagdyn we elýeter bahaly (her jaý üçin 1000 $ amerikan dollaryndan biraz köpräk) jaýlaryň taslamalaryny düzüp, we olary gurýarlar.


Jaýlar ýerli şertlere laýyk gurlan we oňaýlydy. Olarda elektroenergiýa, ýagyş suwuny ýygnar ýaly ýer, aşhananyň we wannanyň ýuwundy suwlarynyň akdyrylýan baglary, kompostlaýjy hajathanalar, güne gyzan suw we mör-möjeklere garşy penjire torlary bardy. Güne bakyp duran penjire, töweregindäki saýaly agaçlar we berk kerpiç diwarlary jaýy juda ýokary temperaturadan we sowukdan goraýardylar. Tlholego adamlara jaý gurmagy öwredýärdi. Bu bolsa taslama düzmäge sarp ediljek puly tugşytlap, her bir maşgalanyň jaýly bolmak ynamyny artdyrýardy. Olar şol jaýlarda ýaşajakdyklaryna buýsanýardylar.


Jaýlary ýollar, baglar we jemgyýetçilik binalar ýaly köpçülikleýin ýerleriniň golaýynda gurmak meýilnamalaşdyryldy we guruldy. Şeýlelikde, her bir maşgalanyň öýi jemgyýetiň bir bölegine öwrüldi.


A community viewed from above.

Tlholego ululary okatmak, çagalaryň okuwy, matematikany öwrenmekleri üçin, oba hojalygy, saglyk we daşky gurşaw barada bilim almaklary üçin bilim maksatnamasyny işläp taýýarlaýar. Tlholego – adamlaryň zerurlyklary we daşky gurşaw bilen sazlaşykly gurlan “eko-obadyr”. Garyplar üçin arzan jaýlaryň gurulmagyndan öň, Tlholego bileleşigi gurnady. Tlholego garyplykda ýaşamaga mejbur bolan adamlar üçin jaýlaryň we mynasyp bileleşikleriň ýerli serişdelerden gurulmaga mümkinçiliginiň bardygyny öz üstünlikleri arkaly subut edýär.