Hesperian Health Guides

Bap 18: Gaty galyndylar: saglyga howp salýan galyndylary peýdaly serişdelere öwürmek


HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 18: Gaty galyndylar: saglyga howp salýan galyndylary peýdaly serişdelere öwürmek


Bu bapda:

People interact while using a resource recovery center. Gaty galyndylar köne-küşül, zir-zibil, taşlandy diýp atlandyrylýar. Gaty galyndylar saglyk kynçylyklarynyň döremegine sebäp bolmaly däldir. Olar girdeji we täze önümler üçin çig mal çeşmeleri bolup biler. Emma gaty galyndylar howpsuz ýygnalmasa, ýerlikli bölünmese, gaýtadan ulanylmasa ýa-da talaba laýyk ýok edilmese, olar göze ýakymsyz, ýaramaz ysly üýşmege öwrülip, saglyk kynçylyklarynyň döremegine sebäp bolýar. Biz köplenç zatlarymyzy zyňanymyzda, zir-zibillerimiziň aladasyny kimdir biri eder öýdýäris.

Köp ýagdaýlarda beýleki adamlardan galan zatlaryň hasabyna ýaşaýanlar zir-zibil bilen iş salyşmaly bolýarlar. Hut şol garyp adamlar galyndylary ýygnaýarlar, topar-topar edip bölüşdirýärler, arassalaýarlar, ulanmaga ýaramlylaryny bolsa aýratyn goýýarlar (serişdeleriň dikeldilmegi). Bu işiň daşky gurşawy we biziň saglygymyzy goramak üçin örän ähmiýetli we zerurdygyna ähli adamlar düşünse-de, ony ýerine ýetirýänlere az hak tölenilip, asla sylanylmaýarlar.

Galyndylar adamlara we daşky gurşawa zyýan ýetirmez ýaly, biz taşlaýan zir-zibilimiziň mukdaryny azaltmaly, olary gaýtadan işläp, peýdaly serişdelere öwürmegiň usullaryny gözlemeli. ähli adamlar, esasan hem senagatçylar we hökümet, öz taşlaýan galyndylaryna we olaryň ýygnanmagyna jogapkär bolmalydyr.

Esin öz saglygyny gowulandyryp, hormata mynasyp bolýar

Esin her gün Indoneziýanyň Bandung şäheriniň töweregine aýlanyp zir-zibil ýygnaýardy. Onuň öýi uly zir-zibil dökülýän ýerlerden daşda ýerleşýärdi. Şonuň üçin-de, ol hemişe agyr ýüklerini uzak aralyga daşamaly bolýardy.


Ir bilen alyp-satarlara satmak üçin, Esin zir-zibilleri saýlaşdyryp goýýardy. Alyp-satarlaryň käbirleri bulgurlary, beýlekileri – demir böleklerini, üçünjileri bolsa kagyz satyn alýardylar. Emma satyn alynmadyk zatlar Esiniň öýüniň töwereginde ýygnanýardy. Onuň howlusy hapa we howply zir-zibil dökülýän ýere öwrüldi, emma Esine galyndylardan dynmak üçin ýer ýokdy. Esin käte uzak aýlara çekýän ýokançlyklar bilen keselläp, işläp bilmeýärdi. Wagtal-wagtal ol gyzzyrma zerarly üşütmeden we gyzdyrmadan agyr ejir çekýärdi, sebäbi onuň howlusyndaky maşyn tekerlerinde aýakçylar köpelýärdi. Dükanlaryň öňünde ýa-da köçede Esiniň zir-zibilleri saýlaşdyryp, agyr iş edýändigine garamazdan, polisiýa oňa azar berýärdi.

A man sorts through trash.

Esin we zir-zibil ýygnaýanlaryň ýene-de birnäçesi ýygnan zatlaryny satmak üçin bir-birlerine kömek etmek, beýleki ýeňillikleri üpjün etmek, tejribelerini we usullaryny paýlaşmak maksady bilen merkez döretmek kararyna gelýärler. Olar daşky gurşawy we işçileriň hukuklaryny goramak isleýän ýerli edara baryp, serişdeleri dikeltmegiň has doly maksatnamasyny bilelikde işläp taýýarlamak pikirine gelýärler.


Daşky gurşawy goramak bilen meşgullanýan guramadaky adamlar säher häkimliginden serişdeleri dikeltmegiň maksatnamasyny goldamaklaryny, polisiýadan we dükanlaryň eýelerinden bolsa zir-zibil ýygnaýanlara oňat garamaklaryny haýyş edýärler. Şäher häkimligi razylaşandan soň, merkez açylýar. Esin we beýlekiler ýygnan zir-zibillerini saýlaşdyryp bilýärdiler. Alyp-satarlary aradan aýryp, saýlamak we kabul etmek maksady bilen zir-zibil merkeze daşamak üçin her zibilçä araba berilýär.


Zir-zibilleri gaýtadan işleýän merkez işçileri ýiti we has hapa galyndylardan goramak üçin ellik we ädik bilen üpjün edýär. Guramanyň adamlary Esiniň öň gyzzyrma bilen keselländigini bilenlerinde, oňa hassahanada özüni bejertmäge we derman almaga kömek edýärler.


Esin häzir hem zir-zibil ýygnap, erjellik bilen işleýär. Ýöne onuň saglyk ýagdaýy has gowulaşyp, onuň öýi indi zir-zibil dökülýän ýere meňzemeýär. Polisiýa we dükanlaryň eýeleri Esine we beýleki zibilçilere hormat bilen garaýarlar. Olar dogrudan-da hormata mynasypdyrlar, sebäbi daş-töweregi arassa saklamaga kömek edýärler. Şäheriň ýaşaýjylary zir-zibili gaýtadan işleýän merkeze we arassa şäherlerine buýsanýarlar.