Hesperian Health Guides
Zir-zibiller meselesini çözmek üçin gurnalýan köpçülikleýin gezelençler
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 18: Gaty galyndylar: saglyga howp salýan galyndylary peýdaly serişdelere öwürmek > Zir-zibiller meselesini çözmek üçin gurnalýan köpçülikleýin gezelençler
Zir-zibilleri ýygnamak üçin gezelençleri gurnaň
- Adamlary zir-zibilleri ýygnamak üçin gurnalýan gezelençlere gatnaşmaga çagyryň
Zir-zibil dökülýän ýerlere gurnalan gezelençleriň has netijeli bolmagy üçin, oňa diňe goňşulary däl-de, zir-zibil bilen iş salyşýan we onuň ýygnalmagyna, ulag bilen daşalmagyna we galyndylary dolandyrmaga ygtyýary bar adamlary hem çagyryň. Aşakdakylary hem bu işe çekiň:- senagatyň kiçi pudaklarynda işleýän işçileri;
- ulanylan zatlary alýan alyp-satarlary we zir-zibili ulagly daşaýanlary;
- zir-zibili öý hojalyklarynyň ýa-da şereketleriň hut özünden satyn alýanlary ýa-da ýygnaýanlary;
- zir-zibil dökülýän ýerlerden ýa-da köçeden materiallary ýygnaýan zir-zibilçileri;
- şäheri (obany) arassalamaga goldaw berip biljek hökümet agzalaryny.
- Gezelençden öň duşuşyk gurnaň
Näme ýygnamalydygy we gezelenjiň maksatlary barada gürrüňdeş bolmak üçin duşuşyk guramak peýdalydyr. Her bir adamyň gezelenje nähili maksat bilen çykandygyny bilmek hem peýdalydyr. Käbir adamlar beýlekileriň taşlan serişdelerini ýygnap, puly we ýaşaýyş serişdelerini üpjün edip bilýär. Beýlekiler bolsa daşky gurşawyň sagdynlygyny we gözelligini gowulandyrmak isleýärler. - Gezelenjiňizi meýilnamalaşdyryň
Nirä gitjekdiňizi kesgitläň we ol ýerde gözlejek zatlaryňyzyň sanawyny düzüň:- suwy sowýan ýaplara, beýleki suw ýollaryna dykylýan zir-zibiller;
- ýoluň gyralarynda, köçeleriň gyralarynda we suw akarlarynyň boýlarynda adamlaryň we haýwanlaryň nejasatlary;
- zäherli galyndylar;
- zir-zibil taşlanylýan ýerde iýmitlenýän haýwanlar.
Ýerli ilatyň ýaşulularyndan 20-30 ýyl mundan öň bu ýerleriň nähili bolandygyny soraň. Ozal galyndylar az ýa-da köp bolupmy? Zir-zibilleriň düzümi häzirki wagtdan tapawutlanypmy? Adamlar ozal zir-zibilden nädip dynýan ekenler? Gezelençde bu barada pikir ediň.
- Gezelenç ediň
Ýaşaýyş etrabynyň dürli ýerlerine aýlanmak üçin toparlara bölüniň. Her bir toparyň aýry-aýry meseleleri görüp biljekdigini göz öňünde tutup, siz diňe erkeklerden ýa-da diňe aýallardan, diňe ýaşlardan ýa-da diňe ululardan düzülen toparlary döredip bilersiňiz. Siz olaryň ählisini bir topara goşup hem bilersiňiz.
Zir-zibilleriň nirede ýygnanýandygyny we olardan dynmagyň iň ýörgünli usullaryny belläň. Köpçülik ýerlerinde zir-zibil atylýan gaplar barmy? Adamlar zir-zibili ýakýarmy ýa-da açyk ýerlere dökýärmi? Olar zir-zibilleri gömmek üçin ýa-da galyndy ýakylýan desgalarda ýakmak üçin daşaýarlar? Gaýtadan ulanmak we işlemek üçin ýygnalýan zatlar barmy (mysal üçin, aýna çüýşeler ýa-da gazetler)? Kompaniýalaryň zir-zibilleri näme edilýär?
Zir-zibiliň görnüşleriniň we ýüze çykaran meseleleriňiziň sanawyny düzer ýaly ýa-da olaryň suratyny çeker ýaly her toparda bir adamy saýlaň. - Adamlaryň öýlerindäki zir-zibillere serediň
Onuň mukdary näçe we görnüşi nähili? Gezelençde käbir meýletinleriň öýlerine zir-zibilleriň we serişdeleriň görnüşlerini kesgitlemek üçin baryň. Zir-zibillerden doly bedräni alyp, ýere döküň. Zir-zibilleri 5 bölege bölüň:- iýmit galyndylary we beýleki çyg ýa-da öl organiki galyndylar;
- plastmassa;
- kagyz;
- demir;
- beýleki galyndylar.
Üýşmekleriň haýsysy iň uly we haýsysy kiçi? Zir-zibiller näme edilipdir? Olary zyňmagyň deregine näme etmek bolardy? Öýlerden ýygnalan zir-zibilleriň bir bölegini topar bilen ara alyp maslahatlaşmak üçin, alyp gaýdyň. Ýöne zir- zibilleri ýene-de gaplara salmagy unutmaň!</div>
- Gören zatlaryňyz barada pikir alşyň
Şol günüň dowamynda (ýa-da ertesi gün) öwrenen zatlaryňyzy ara alyp maslahatlaşmak üçin, hemme toparlary çagyryň. Gezelenjiň dowamynda gören zatlaryny gürrüň bermeklerini soraň. Her bir adamyň öý zir-zibillerinden getiren böleklerini görkezip, olaryň etrabyň beýleki ýerlerinde hut şolar ýaly zir-zibilleri görüp-görmändiklerini soraň. Şol zir-zibiller kynçylyk döredýärmi ýa-da gaýtadan işlenilýärmi? Adamlar zir-zibilleriň ýaşaýyş etraplaryndan äkidilmeýändigi zerarly haýsy saglyk kynçylyklarynyň döreýändigini ýüze çykarypdyrlar? Maşgalalaryň zir-zibilleri daşamak üçin ulanýan usullarynyň haýsysy iň gowusy diýip soraň? - Sebäpleri we ýüze çykarylan meseleleri anyklaň
Supermarketleriň açylmagy bilen ähli zatlar polietilende satylýar. Bu hem sebäpleriň sanawyna goşulmalydyr.
- Indiki ädimleriňizi meýilleşdiriň
Topardan meselelere garap, olaryň çözgütleri babatda näme pikir edýändiklerini soraň. Aşakda berilýän “ädimler” saglyga ýetirilýän zyýany azaltmakdan ýa-da meseleden gutarnykly dynmaga synanyşmakdan başlanyp bilner. Şeýle soraglary beriň:
- Her bir hojalyk öndürýän zir-zibillerini nähili azaldyp biler?
- Biz adamlary zir-zibili kompostlamaga we bölmäge nädip höweslendirip bileris?
- Zir-zibilleri gaýtadan ulanmak we ýygnamak boýunça işewürler toparyny döretmek mümkinmi?
- Kompostlamak üçin ýer ýa-da zir-zibilleri gaýtadan işlemek merkezi barmy?
- Golaýda zir-zibili gaýtadan işleýän zawod barmy?
- Hökümetiň ýerli agzalary, ýerli ýolbaşçylar, fabrikler we kompaniýalar zir-zibiller zerarly ýüze çykan meseleleri çözmäge jogapkärçiligi nädip öz üstüne alyp biler?
Zir-zibiller nagt pula satyn alynýar
Braziliýadaky Kuritibanyň harabaçylyklarynda zir-zibil dökülýän açyk çukurlar köpdi. Olar gemrijilerden ýokuşýan keselleri ýaýradýardy. Bu meseläni çözmek üçin Kuritibanyň häkimligi “Zir-zibilleriňizi zyňmaň, biz ony satyn alýarys” diýen maksatnamany amala aşarmaga girişýär. Häkimlik zir-zibil dökülýän açyk ýerleri arassalamagyň näçä düşjekdigini hasaplaýar. Olar bu işi etmäge daşyndan adam gözlemän, bir halta hapanyň bahasyny anyklap, ol puly ýaşaýjylara hödürledi.
Zir-zibillere pul tölemek bilen çäklenmän, häkimlik zir-zibili kärhananyň ýük ulagynyň ýanyna getirilmegi üçin her bir adamy mugt petek bilen üpjün edýär. Şäher merkezinden daşda ýerleşýändikleri sebäpli, bu petekleriň gadyry bilinýärdi. Şeýle hem ýygnalan her bir halta zirzibiliň puluny jemgyýetçilik baglarynyň we beýleki taslamalaryň ösdürilmegine sarp edildi. Birwagtlar zir-zibil üýşmekleri bolan ýerler indi agaç ekilen bagy-bossanlyklara öwrüldi.
Täze göçüp gelenlere, maýyplara we iş gözleýän beýleki adamlara serişdeleriň täzeden dikeldiş merkezinde zir-zibili saýlamak boýunça howpsuz iş ýerleri berildi. Iýmit galyndylary we bagdaky zir-zibiller kompost hökmünde şäheriň seýilgählerinde, ekinlerde we baglarda ulanyldy. Plastmassa we demir serişdeler ýerli senagat kärhanalaryna satyldy. Penoplast ownudylyp, ýorganlaryň içine salyndy.
Maksatnama işläp başlanyndan birnäçe ýyl soň, şäher taslamany öňküsinden hem kämilleşdirdi. Şähere golaý daýhan birleşmelerinden adalatly nyrhlardan iýmit önümlerini satyn alyp, adamlara bir halta zir-zibiliň ýerine bir torba ter iýmit hödürleýärler. Bu daýhanlara öz önümlerini satmaga kömek etdi, harabalyklardaky maşgalalaryň iýmitini gowulandyrdy we şäheri arassalady.