Hesperian Health Guides

Jemgyýetiň gaty zir-zibiller boýunça maksatnamalary

Bu bapda:

A man speaks.
Bu ädimleri, esasan hem ilkibaşda, hemme jemgyýet toparlary başaryp bilmez.

Jemgyýet zir-zibiller zerarly döreýän meselelere aýdyň düşünen badyna, öz mümkinçiliklerine we zerurlyklaryna laýyk gelýän taslamalary düzüp, olary durmuşa ornaşdyryp biler.

Jemgyýetiň gaty zir-zibiller boýunça maksatnamasyna şu aşakdaky ädimleriň ählisi girýär (her bir ädim barada maglumatlary indiki birnäçe sahypadan tapyp bilersiňiz):

  • Gaty zir-zibilleriň, esasan hem zäherli önümleriň we gaýtadan işläp bolmaýan önümleriň mukdaryny azaldyň.
  • Ulanmaga has ýeňil we howpsuz etmek üçin, zir-zibilleri görnüşi boýunça bölüşdiriň.
A woman speaks.
Adamlaryň zerurlyklaryna we başarjaňlygyna syn edip, gysga döwrüň içinde bilelikde amala aşyryp biljek zatlaryňyzdan başlaň.
  • Iýmit we beýleki organiki galyndylary kompost ediň.
  • Mümkin bolan ýagdaýlarda, materiallary gaýtadan ulanyň.
  • Materiallary gaýtadan işläň, hökümet we senagat üçin zirzibili gaýtadan işlemegiň jemgyýetçilik maksatnamalaryny düzüň.
  • Galyndylary howpsuz ýygnaň, daşaň we saklaň. Bu işi ýerine ýetirýän adamlary sylaň we olara adalatly iş hakyny töläň.
  • Gaýtadan ulanyp we işläp bolmajak zir-zibilleriň ählisinden howpsuzlyk çärelerini berjaý edip dynyň.

Galyndylaryň azaldylmagy

Biziň köçelerimizde, öýlerimizde we etraplarymyzda peýda bolýan galyndylar önümleriň industrial derejesinde öndürilmeginden başlanýar. Adatça bu zir-zibiller gaýtadan ulanylmajak we işlenilmejek galyndylardyr. Zir-zibil maksatnamalarynyň esasy maksatlarynyň biri adamlara gerekmejek materiallary az ulanmaga kömek etmekden ybarat.

Zir-zibiliň mukdaryny azaltmak üçin:

  • köp sanly zatlara dolanan önümleri satyn almaň;
  • plastmassa we metal bulgurlary däl-de, aýna we kagyz bulgurlary satyn alyň;
  • hojalyk sumkalaryňyzy ýa-da sebetleriňizi ulanyp, dükanlardaky polietilen paketlerden ýüz öwrüň;
  • azyk gaplanmalaryň mukdaryny azaltmak üçin, birbada iýmitiň köp mukdaryny satyn alyp bilersiňiz.

A woman holds her head in dismay as she unpacks a fan from a box filled with packaging material. Jemgyýetde ýerleşdirmek we saglyk kynçylyklaryny döredýän zir-zibilleriň emele gelmeginiň öňüni almak maksady bilen, adamlar dükanlaryň eýeleri we ýerli hökümetiň agzalary bilen hyzmatdaşlyk edip bilerler. Jemgyýetçilik guramalary hökümeti kompaniýalaryň döredýän galyndylaryna jogapkärçiligi öz üstlerine almaklary üçin kanunlary kabul etmäge mejbur edip bilerler.

Polietilen paketleriň gadagan edilmegi

Alýaskadaky Emmonak obasynyň daşyndaky zir-zibiller taşlanylýan ýerden polietilen paketler köplenç ýel bilen başga ýerlere düşýärdi. Goňşy Galenita obasynda olar agaçlara ilteşip galýardy ýa-da goňşy Ýukon derýasyna alnyp gidilýärdi. Kotlikada, derýanyň deňiz bilen birigýän ýerinde gyzylbalyklaryň we düwlenleriň maslyklary tapylanda, olaryň polietilen paketlerine çolaşyp demigendigi mälim boldy.


1998-nji ýyldan bäri 3 oba polietilen paketleri ulanmagy gadagan edeninden soň, beýle hadysalar gaýdyp gaýtalanmady. Bu üç obanyň göreldesine eýerip, Alýaska ştatynyň töweregindäki obalaryň 30-sy polietilen paketleri ulanmagy gadagan etdi. Şeýle obalaryň sany gitdigisaýy artýar. Şäherlerde we obalarda adamlaryň birnäçe gezek we köp ýyllaryň dowamynda ulanyp bolýan mata sumkalaryny ýa-da kagyz paketlerini ulanmaklary goldanylýar.


People work with used plastic bags as a youth shows them his backpack.

Alýaskada polietilen zir-zibiliň garşysyna alnyp barylýan işiň bir bölegi hökmünde daşky gurşawy we Ýukon derýasyny goraýan döwlet müdürligi Tarazyň taýpara geňeşi adamlara polietilen paketlerini başga zatlara öwrüp, täzeden ulanmagy öwretmek boýunça maksatnamany amala aşyrmaga girişýär. Häzir adamlar sumkalary zolaklara bölüp, olardan arkada göterilýän sumkalary, kiçijek sumkajyklary, sebetleri we beýleki peýdaly zatlary örýärler. Olar ozal zir-zibil çeleklerini çogdurýan we ýollary hapalaýan zatlary satyp, pul gazanýarlar.

Galyndylary bölüşdirmek

Iýmit galyndylarynyň kagyz, aýna ýa-da beýleki galyndylar bilen garylmazlygy zatlaryň gaýtadan ulanylmagyny, işlenilmegini we ýok edilmegini ýeňilleşdirýär. Mundan başga-da, garyşdyrylan galyndylar zerarly ýüze çykyp biläýjek saglyk kynçylyklarynyň öňüni almaga kömek edýär. Zirzibilleriň bölünmegi olaryň oňat dolandyrylmagy ugrunda edilýän ilkinji ädimdir. Ýöne bu ädim zirzibil bölünenden soň, galyndylary haýsydyr bir zat üçin ikilenç ulanmagyň usulynyň bar ýagdaýynda meseläni çözýär. Zir-zibilleriň bölünmegi ulgamyň bir bölegidir. Bu ulgam gaýtadan ulanmagy, kompostlamagy, yzygider ýygnanylmagy, birnäçe gezek doly ýa-da bölekleýin ulanylmagy we howpsuz ýerleşdirmegi öz içine alýandyr.

Galyndylary bölmegiň usullary

Şäher we oba ýerlerinde öndürilen zir-zibilleriň köp bölegi organiki ýa-da çyglydyr (bagyň guran ösümlikleri, ýapraklary we iýmit taşlandylary ýaly galyndylary). Organiki galyndylar günüň ýagtysyndan we suwdan çüýreýärler. Janly-jandarlar olary iýýärler (gurçuklar, mör-möjekler, bakteriýalar), olar wagtyň geçmegi bilen komposta öwrülýär.

Zir-zibiliň düzüminde adatça kagyz, aýna, metal we plastmassa köp bolýar. Bu zir-zibilleriň köp bölegi – ulanylan dolag materialy. Hojalyk zir-zibillerinde reňk, batareýler, çaga podguznikleri, maşyn ýagy, köne pestisidler we ýuwujy serişdelerden boşap galan gaplar ýaly zäherli zatlar bolýar.


Zir-zibilleriň iki görnüşe bölünmegi


Çyg zir-zibil komposta öwrülýär.
Organic waste in a trashcan.
Bottles and newspapers.
Gury galyndylar gaýtadan ulanmak we işlemek üçin bölünýär ýada gömmäge äkidilýär.
Zir-zibilleriň üç we ondan köp görnüşe bölünmegi
A box with worms in it.
Bottles, cans and paper.
Containers labelled with a skull and crossbones and an X.
Çyg zir-zibiller komposta öwrülýär. Gury we gaýtadan ulanylmaga ýaramly bolup, birnäçe gezek ulanylýan materiallara bölünýär, gaýtadan peýdalanylýar, täzeden işlenilýär ýa-da gömülmäge äkidilýär. Zäherli galyndylar ýörite arassalaýyş we ýerleşdiriş usullarynda ýok edilýär.

Zir-zibilleri bölmäge kim jogapkär?

Hojalyklar, kompaniýalar öz zir-zibillerini we ony ýygnaýan adamlar zir-zibili bölüşdirip bilerler. Zir-zibilleri gaýtadan ulanmak we ýerleşdirmek üçin, ony ýygnamak we bölmek babatda siziň çäkleriňizde ulanylýan düzgünleriň nähilidigine garamazdan, bu işi ýerine ýetirýän adamlaryň gadyry bilnip, olara adalatly hak tölenilmelidir.

Has gymmat bahaly zatlary saýlap, satyp we bölünen zir-zibilleriň galan bölegine gaýtadan işlenilýän merkeze tabşyryp zir-zibilçi gazanç edip biler. Zir-zibil ýygnaýanlaryň käbiri öý eýelerine galyndylary bölýändikleri üçin biraz pul töleýärler ýa-da olardan zir-zibili bölmän ýygnandyklary üçin biraz pul alýarlar.

Zir-zibiller öýde bölünse, gury materiallar alnyp gidilýänçä, ýapyk jaýlarda gaplarda saklamaly. Öl ýa-da çyg zir-zibilli gaplary daşarda goýup, galyndylary hususy bagyňyz üçin komposta öwrüp bolar ýa-da olar goňşular bilen kompost üçin ýygnalyp bilner.

People pick through trash at a dump.
Zir-zibilleriň taşlandy üýşmeklerinde bölünmegi howply we az netijeli bolýar. Şonuň üçin-de, olary öýde we kärhanalarda bölmek has amatlydyr.
A woman empties a bucket into a compost container.
Taýýar bolan kompostyň ysy ýakymly bolýar. Ol mes tokaý topragy ýaly ýumşak we gara bolýar.

Komposty taýýarlamak: organiki galyndylary döküne öwürmek

Galyndylaryň köp böleginiň organiki maddalar bolany üçin, iýmit galyndylaryň bölünip kompostlanmagy zir-zibilleriň azaldylmagyna ýardam edýär. Kompostyň tohuma garylmagy örän peýdalydyr. Ol hasyly ýokarlandyryp, topragy ýokumly maddalar bilen upjün edýär.

Kompost taýýarlamagyň iň gowy usuly ulanyp boljak ýeriň möçberine baglydyr. Kompostyň az mukdaryny her bir hojalykda ýa-da kärhanada gaplaryň içinde taýýarlap bolar. Kompostyň köp mukdary üçin uly meýdanlar gerekdir. Munuň üçin zir-zibil üýşmekleri üçin köp ýeriň bolmagy amatlydyr. Şeýle kompostlama meýdanlaryny kiçi we uly şäherlerde, daýhan hojalyklarynda etmek bolar (kompostyň ulanylyşy barada “Kompost ulanmagyň dürli usullary” ser.)

Ýagyş gurçuklaryň kömegi bilen kompost taýýarlamak

EHB Ch18 Page 400-2.png
EHB Ch18 Page 400-3.png

Ýagyş gurçuklary – iň gowy tebigy kompost taýýarlaýjylaryň biri. Kiçijek gutudaky sagdyn ýer gurçuklary hojalyk galyndylaryny iýip, olary siziň bagyňyz üçin baý topraga öwürýärler. Zir-zibil üýşmeginde kompost ýasar ýaly meýdanyňyzyň bolmadyk ýagdaýynda bir guty gurçuklar iýmit galyndylaryndan sizi kompost bilen üpjün eder.

  1. Agaç ýa-da plastmassa gutyňyza howa, suw we toprak baryp durar ýaly, onuň düýbüni deşişdiriň.
  2. Düýbi deşilen gabyň aşagyna ikinji gutyny ýa-da mejimäni goýuň. Onuň içine gurçuklaryň taýýarlajak mes topragy ýygnanar.
  3. Düýbi deşikli gutyny ownudylan kagyzdan, samandan we iýmit galyndylaryndan dolduryň. Işleýän bag merkezinden ýa-da ekinden bir susagy dolduryp, ýagyş gurçugyny alyp, şol guta salyň. <
  4. Ýygy-ýygydan iýmit galyndylaryny goşuň we gutyny çyglykda saklaň. Aşa çyg hem bolmasyn. Gurçuklary günüň ýagtysyndan goramak üçin, gutynyň üstüni ýapyň.

    Gurçuklar guta salnan zatlary iýip, topragy peýdaly maddalara baýadýarlar. Olaryň sany gitdigisaýy artar. Käbir gurçuklar aşaky guta ýa-da mejimä gaçyp bilerler. Şonda olary yzyna ýokarky guta ýa-da bagyňyzdaky täze topraga goýberiň.


Kompostlamak we galyndylary gaýtadan işlemek

Beniniň paýtagty Porto-Nowoda birwagtlar dört gatly jaýyň beýikliginde çüýräp ýatan zir-zibil üýşmekleri bardy. Bu üýşmekler zerarly dörän saglyk kynçylyklarynyň sany sanardan köpdi. Ýaramaz ys bu ýerde ýaşamaga höwes döretmeýärdi. Şonda käbir adamlar zir-zibilleri peýdaly dökün bolar ýaly gaýtadan işlemek üçin kompost merkeziniň işini başlamak kararyna geldiler.


Olar durmuş üpjünçilik guramasynyň maliýe kömegini bermegi bilen kompostlama we gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygy üçin uly meýdan tapýarlar. Fransuz guramasy Porto-Nowa traktor we iki sany tirkeg berýär. Olar tirkegi demirýol menziliniň we futbol meýdançasynyň ýanynda goýup, adamlary öz zir-zibillerini şolaryň içine taşlamaga howeslendirdiler. Her gün agşamara traktor zir-zibillerden doly tirkegleri resirkulýasiýa merkezine daşaýardy. Ol ýerde ýaş oglanlar zir-zibili bölüşdirýärdiler.


Organiki galyndylar çukura taşlanylyp, kompost taýýarlamak üçin, olaryň üsti palma ýapraklary bilen basyrylýardy. Komposty taýýarlaýan “aşpezler” çyglylygy, şemalladylyşyny barlaýardylar we zir-zibilleriň tiz dargaýandygyna ynamly bolar ýaly, ony yzygider gyzdyrýarlar. 2 aýdan kompost ulanylmaga taýýar bolýar.


Taslamadaky käbir ýaşlar komposty bakja ekini üçin ulanyp başladylar. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň goldamagy arkaly merkez dänelik ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýer we tohum satyn alýar. Beniniň bu ýerinde toprak tapdan düşendi. Ýöne taýýarlanylan komposty ulanyp, bu ýeriň topragynyň hasyllylygyny artdyryp boljakdy. Ýaş bagbanlar bu ýerde täze ýokumly bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmäge ukyplydylar. Oba ýaşaýjylary hem öz hususy baglaryny dökünlemek üçin komposty satyn alýarlar.


Merkeziň bakja önümlerinden we kompostdan alýan girdejileri täze enjamlary satyn almak üçin, işsiz ýaşlary zir-zibil saýlaýan we bagban hökmünde işe kabul etmäge harçlanylýar. Şeýlelikde, taslama öz-özüni serişde bilen üpjün edip, gerimini ýaýbaňlandyrýar.

Komposty haýal taýýarlamagyň usuly

Kompost taýýarlamagyň bu usuly az ýeri, az zähmeti talap edip, takmynyn 6 aýda taýýar bolýar.

  1. Ini-boýy 60 sm x 60 sm we çuňlugy 1 metr bolan çukur gazyň.
  2. Çukuryň içine garylan gury we çyg organiki zir-zibilleri döküň.
  3. Organiki materiallaryň her 20 sm-ni 3 sm toprak bilen ortüň we yzgary saklamak üçin sähelçe suw guýuň (topragy gaty öl etmezlik wajypdyr).
  4. Ýagyşdan goramak üçin, çukuryň agzyny ýapyň. Bir hepdeden kompost aşak çöküp başlamaly. Zir-zibil üýşmegi gyzar, gysylar we aşak düşer.


Komposty çalt taýýarlamagyň usuly

Siziň açyk uly meýdanyňyz bar bolsa, bu usul 1-4 aýda köp komposty taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

EHB Ch18 Page 402-1.png


  1. Ini 11 m we boýy 4 m bolan uly meýdany saýlap alyň. Meýdany gazyklar bilen belläň. Topragy 30 sm çuňlukda depip agdaryň. Bu yzgaryň we ýagyş gurçuklarynyň kompost üýşmegine siňmegine we zirzibiliň çüýremegine ýardam berer. Toprak örän gury bolsa, ony suwaryň.
  2. EHB Ch18 Page 402-2.png


  3. Adam boýuna barabar 2 uzyn taýak tapyň. Olary ýumşak topragyň ortasyna dikligine goýuň. Taýaklary gaty çuň oturtmaň, sebäbi siz olary soň çykarmaly bolarsyňyz.

  4. EHB Ch18 Page 402-3.png

  5. Düýbünden ýokarlygyna 20 sm, soňra ondan ýokardan 5 sm, soňra ondan hem ýokardan 2 sm bellik ediň. Bellikleri taýagyň ýokary ujuna çenli 7 ýa-da 8 gezek gaýtalap ediň.

  6. EHB Ch18 Page 402-4.png

  7. Taýakdaky 20 sm belgä çenli iýmit we ösümlik galyndylaryny üýşüriň. üýşmek ýumşadylan meýdany doly ýapmalydyr. üýşmek has gury bolsa, ol çyg bolýança suw guýuň (ýöne öl bolmaly däl).

  8. EHB Ch18 Page 402-5.png
  9. Indiki belgä çenli (5 sm) malyň dersini goýuň. Täze ders has gowy bolar. Ol ýyly bolany sebäpli, kompostyň çalt dargamagyna kömek eder. Dersiň üstünden indiki belgä çenli (2 sm) bir gat toprak guýuň. Organiki maddalar elýeter bolanda, gatlaklary şol tertipde goýmagy dowam ediň. Her gatlaga üýşmek çyglanýança suw guýuň. Uzak wagtyň dowamynda siz 2 m ýa-da ondan hem beýik üýşmegi üýşürip bilersiňiz. Onsoň tutuş üýşmegi toprak bilen örtüp, ony köpräk çyglaberiň.
  10. EHB Ch18 Page 402-6.png


  11. 2 günden taýaklary aýryň. üýşmegiň içine howa geçer ýaly, giň yşlar emele geler. 3 hepdeden üýşmegi susak bilen garyşdyryň. Muny her hepde gaýtalaň. Siz ony näçe köp garsaňyz, üýşmek şonça-da tiz çöküşer. üýşmek gyzar, gysylar we dargar. 1-4 aýdan üýşmek garamtyl reňkli, süýjümtik ysly mes topraga öwrüler.


Kompostyň taýýar bolup-bolmazlygyny nädip bilmeli

Siziň ulanýan usulyňyza garamazdan, zir-zibiliň uly, ýaramaz ysly hapa üýşmegine däl-de, oňat komposta öwrülýändigini bilmegiň usullary bar.

Heat rises from a compost pile.
Kompost emele gelende, zirzibiller çüýräp, üýşmek gyzýar.
  • komposta çüýremek üçin iýmit galyndylary ýaly çyg zir-zibilleri we saman, gury ýapraklar, gabyk ýa-da owradylan kagyz ýaly gury zir-zibiller gerek bolýar. Zir-zibil üýşmegi gyzyp, topraga öwrülmegiň deregine çüýreýän iýmit üýşmegi bolup galsa, has gury goňur ösümlik materialynyň zerur bolmagy mümkindir.
  • üýşmek ýaramaz ysly we çökmeýän bolsa, ol köp howa mätäçdir. üýşmegi pil bilen garyşdyryň ýa-da onda yşlary ediň.
  • üýşmek gyzmaýan bolsa, bu suwuň aşa köp ýa-da az bolmagy zerarly bolup biler. üýşmegi pil bilen garyşdyryň. üýşmek köpräk bolsa, suw goşuň. Ol has çygly bolsa, suwy azrak guýuň. Ýylylygy saklamak üçin üýşmegiň üstüni gara plastmassa listi bilen ýapyň.
  • kompostda garynjalar bar bolsa, suw guýuň.
  • üýşmek siňekleri özüne çekse, onuň üstüni topragyň galyň gaty bilen örtüň.


Birnäçe wagtdan kompost süýjümtik ysly gara topraga öwrülmelidir.

“Kompost ulanmagyň dürli usullary” ser.)

Kompostyň düzüminde nämeler bolmaly däl

Batteries, a bone, cans and bottles with a line drawn through them.
Şu zatlary komposta goşmaň.

Komposty nämeden taýýarlap bolýandygy ýa-da bolmaýandygy barada dürli adamlaryň dürli pikirleri bar. Mysal üçin, käbir adamlar komposta etiň ýa-da kagyzyň galyndylaryny goşmaýarlar. Atlaryň we iri şahly mallaryň dersiniň oňat bolýandygy, emma itleriň we pişikleriň nejasatlarynyň ýaramaz bolýandygy babatda köp adamlar ylalaşýarlar.

Uly şahalar ýa-da örän galyň ýapraklar has haýal çüýreýär. Kagyz ýa-da karton goşulan bolsa, olaryň aňsat dargamagy üçin, olary owratmaly we çyglamaly. Et, süňk we ýagly aşhana galyndylary zyýanly mör-möjekleri özlerine çekip, örän haýal dargaýarlar.

Käbir zatlar, mysal üçin, plastmassa, demir, aýna we beýleki çüýremeýän zatlar kompost üçin ýaramsyz bolýar. Adamlary zäherläp biläýjek ösümlikler ýa-da adaty çakjagunduz, ewkalipt ýaly beýleki ösümlikler oňat dökün bermeýärler. Kompost emele gelende, zirzibiller çüýräp, üýşmek gyzýar.

Gaýtadan ulanyp bolýan zatlaryň baryny ulanyň

Bir adamyň zir-zibilleri başga bir adam üçin peýdaly bolup biler. Dünýädäki adamlaryň ählisi diýen ýaly puly tygşytlaýarlar we gerekmejek zatlaryny täzeden ulanmagyň howpsuz usullaryny oýlap tapyp, daşky gurşawy goraýarlar.

Tekerlerden tomus şypbyklaryny, bedreleri we güldanlary ýasap bolýar.

Konserw bankalardan çyradanlary, güldanlary we şemdanlary ýasap bolýar.

Azyk önümlerinden boşan mumlanan gaplardan hojalyk sumkalaryny ýasap bolýar.

EHB Ch18 Page 404-1.png

Kokosyň gabygyndan käseleri, çarşaklary we çemçeleri ýasap bolýar.

Banan agajynyň ýapraklaryndan tarelkalary we çaşkalary ýasap bolýar. Metal galyndylaryndan peçleri, çyradanlary we saz gurallary ýasap bolýar.

Kagyzy ýyrtyşdyryp, öýüň izolýasiýasynda ulanyp bolar ýa-da ýylytmak üçin ot ýakylanda ulanyp bolar.

Ýonuşgalary kompostlamada, gury hajathanalarda ulanyp bolar. Şeýle hem dökünli we beýleki gury organiki maddaly garynda garylyp, ýangyç hökmünde ulanyp bolar.

Gaýtadan ulanmak zir-zibili serişdelere öwürýär

An arrow points from aluminum cans to a TV.
6 blokdan ybarat alýuminiý gaplaryň gaýtadan işlenilmegi telewizoryň 18 sagadyň dowamynda işläp durmagy üçin energiýany tygşytlaýar.

Köne, ulanylmaýan zatlary material hökmünde ulanyp, zir-zibili gaýtadan işlemek arkaly täze, peýdaly önümleri ýasap bolýar. Käbir materillary (mysal üçin, metallar we kauçuk) diňe fabriklerde gaýtadan işläp bolýar. Kagyz we aýna ýaly beýleki materiallar az enjamlary we ýeri talap edensoňlar, olary kiçi ussahanalarda ýa-da adamlaryň öýlerinde gaýtadan işläp bolýar.

Gaýtadan işlemek galyndylary azaltmagyň esasy usulydyr. Galyndylaryň gaýtadan işlenilmegi hökümetiň hem senagatyň goldawyna mätäç bolşy ýaly, tutuş jemgyýetiň we her adamyň jogapkärçiligine hem mätäçdir. Gaýtadan işlenilen önümler üçin bazar bolmasa ýa-da önümleriň gaýtadan işlenilmegi howpsuz bolmasa, olaryň gaýtadan işlenilmegini düýbünden amala aşyryp bolmaz.

Galyndylar täze önümleri ýasamak üçin gaýtadan işlenilende, olaryň mukdary azalýar, şeýle hem önümçilikde ulanylýan energiýa tygşytlanylýar. Mysal üçin täze kagyzyň çykarylmagyna garanyňda, kagyzyň gaýtadan işlenilmegi energiýany ⅔ esse az sarp edýär. Polady magdandan däl-de metal galyndylaryndan öndürmeklik-de energiýany ep-esli tygşytlaýar. Alýumininiň galyndylardan ýasalmagy onuň glinozýom (alýumin okisi) magdanyndan ýasalmagyndan energiýanyň az mukdaryny sarp edýär.

Gaýtadan işlemek:

  • daşky gurşawymyzy hapalaýan gaty galyndylaryň mukdaryny azaldýar;
  • gaty galyndylaryň ýerleşdirilmek zerurlygyny azaldýar;
  • ýeri we puly tygşytlaýar;
  • serişdeler birnäçe gezek ulanylanda, tebigy baýlyklary tygşytlaýar;
  • ýerli we milli hojalyklara kömek edýär, sebäbi çig maly az mukdarda satyn almaly bolýar;
  • täze iş ýerleri bilen üpjün edýär.

Haýsy materiallary gaýtadan işläp bolýar

Gaýtadan işlenilýän materiallar zir-zibilleri gaýtadan işleýän ýerli senagata bagly bolýar.

Aýna çägeden, nahar sodasynyň külünden we hekden ýasalýar. Ulanylandan soň, ol pytraýar, ýöne öndürilen materiallaryna bölünmeýär. Aýnany gaýtadan işlemek üçin ony reňkine görä saýlaşdyrýarlar, ýörite suwuklyklarda eredip, olardan täze çüýşeleri ýasaýarlar. Aýnanyň belli bir mukdary ýol we jaý gurluşygynda ulanylýan materiallar üçin gaýtadan işlenilýär.

Alýuminiý ýerden gazylyp alynýan, glinozýom diýip atlandyrylýan alyuminiý magdanyndan işlenilip çykarylýar. Ol gaýtadan işlenilende magdana däl-de, aýna meňzeş materiala öwrülýär. Alýuminiý eredilip, täze gaplara we beýleki zatlara öwrülip, gaýtadan işlenilýär.

Galaýy bilen polatdan ýasalan zatlaryň, mysal üçin çorba guýulýan gaplar we ir-iýmiş üçin niýetlenen gaplaryň daşy örtülýär. Gaýtadan işlenilende galaýy polatdan bölünip aýrylýar. Soňra olary ýuwup, täze gaplary ýa-da beýleki önümleri öndürýärler.

Kauçuk agajyň we nebitiň tebigy gara şepbiginden taýýarlanýar. Kauçuk eredilip ýa-da owradylyp, gaýtadan işlenilenden soň täze zatlara öwrülýär.

Kagyz agaçdan, pagtadan we beýleki berk süýümli ösümliklerden taýýarlanylýar. Kagyz gaýtadan kagyza işlenilip bolýan az sanly materiallaryň biridir. Kagyz senagat zawodlarynda gaýtadan işlenilýär. Öý we satuw üçin niýetlenen owadan kagyz önümlerini ýasamak üçin, kagyzy el bilen hem gaýtadan işläp bolýar.

Kompýuterler, batareýler, elektron enjamlary, boýaglar, eredijiler, pestisidler we olary saklamak üçin ulanylýan gaplar ýaly czäherli maddaly önümleri gaýtadan işleýän işçileriň zäherlenmezligi üçin, olar babatda seresaplyk çäreleri görülmelidir. Bu önümleriň käbirini hiç hili gaýtadan işläp bolmaz, şonuň üçin iň gowusy olary az öndürmekdir.

A 3 arrow recycling symbol where one arrow is misdirected by a plastic bottle.

Plastmassanyň gaýtadan işlenilmegi bilen bagly kynçylyklar

Plastmassa gaýtadan işlenilende, onuň hili ýaramazlaşýar. Plastmas çüýşe beýleki bir plastmas çüýşä gaýtadan işlenilmän, has pes hilli bir zada öwrülýär. Plastmassany diňe birnäçe gezek gaýtadan işläp bolýandyr. Soňra ony asla ulanyp bolmaýar.

Plastmassyň käbir görnüşleri gaýtadan işlenilende zäherli gazlar bölünip çykýar. Bu bolsa işçiler we tutuş jemgyýet üçin örän zyýanlydyr. Netijede, gaýtadan işlenilmäge niýetlenen plastmassanyň köp mukdary zir-zibil taşlanýan ýerlere düşýär.

Zir-zibili ýygnamak, saklamak we daşamak

Siziň ýaşaýan ýeriňizde galyndylary ýygnaýan adamlar bolmasa, siz bu işi hökümetiň ýerli agzasynyň we kompaniýanyň kömegi bilen gurnap bilersiňiz. Işi meýilleşdireniňizde nämeleri ýygnap boljakdygyny, ýygnalan zir-zibili gaýtadan işläp, öndürilen önümleri kompaniýalara satyp boljakdygyny, onuň gaýtadan işlemek maksatnamalary tarapyndan kabul edilip-edilmejekdigini göz öňünde tutuň. Zir-zibilleriň uzak aralyga daşalmazlygy gowudyr.

Emma jemgyýetçilik toparlarynyň köpüsi galyndylary ýerli möçberde gaýtadan işläp bilmeýär. Şeýle ýagdaýlarda meseläni çözmegiň başga ýollaryny tapmaly.

Zir-zibilleri taýýarlamagyň usullary

Zir-zibili ýygnamak, daşamak we saklamak siziň ýeriňize, işi ýerine ýetirjeklere, galyndylary satyn aljaklara we olaryň nämä ulanyljak bolýandygyna baglydyr.Ýaramaz yslaryň we mikroblaryň ýaýramagynyň öňüni almak üçin, materiallary ýygnamaly, guratmaly, gysmaly ýa-da talaba laýyk ýerleşdirmeli. Şeýle etseňiz, olar az ýer eýeläp, betbagtçylyklaryň ýüze çykmagyny azaldar.

Kompýuterlerde, radiolarda, we telewizorlarda gaýtadan ulanyp boljak bölekler köpdür. Emma olaryň köp bölegi zäherlidir. Şeýle galyndylary gaýtadan işlemek üçin, olar bilen işlemegiň usullaryny öwrenip, howpsuzlyk çärelerini, ýelejirediş ulgamyny we gaplary ulanmalydyr (ser. Goşundy A). Zäherli materiallaryň ählisini ýörite arassalamak zerurdyr.

Zir-zibil ýygnaýanlaryň saglygy we howpsuzlygy

Zir-zibil ýygnaýanlaryň saglygy zir-zibil zerarly howp astynda bolýandyr. Şonuň üçin-de, olar döräp biläýjek saglyk kynçylyklarynyň öňüni almak barada we şeýle kynçylyklaryň ýüze çykan ýagdaýynda nirä ýüz tutup boljakdygy barada bilmekleri hökmandyr.

Zir-zibil ýygnaýan adamlar şereketler ýa-da kiçi kärhanalary döretseler, serişdeleri birleşdirmek, okuwlary gurnamak we hökümetiň ýa-da uly kompaniýalaryň goldawyny gazanmak aňsat bolar. Olar işi mümkin boldugyndan howpsuz etmek üçin enjamlary satyn almaga kömek edip biler.

A woman loads a bag into a tricycle cart which a man pedals.
Gorag äýnegi
Ellikler
Zir-zibil daşamak üçin araba
Ýüze tutulýan gorag maskasy
Ýapyk köwüşs
A man speaks by a wheelbarrow full of objects.
Bu köne-küşüliň arasynda gereklisi hem bar..., ýöne men ony nähili ulanmalydygyny bilmeýärin!

Jemgyýetde serişdeleri täzeden dikeltmek merkeziniň işläp başlamagy

Serişdeleri täzeden dikeltmek merkezi – bu köp gezek ulanylýan materiallary satmak ýa-da gaýtadan ulanmak üçin galyndylar ýygnalýan ýer. Bu ýerde kompost we bag-bakja döretmek boýunça jemgyýetçilik tasamasyny başlap bolýar, köne materiallardan täze önümler öndürilýär. Mundan başga-da bu ýerde egin-eşik, tutular, enjamlar, mebel, köwüş, aýna çüýşeler, küýzeler, gapgaçlar, gurluşyk materiallary ýaly zatlary alyş-çalyş edip bolýar.

People sort trash and recyclables into areas marked "for exchange' "Free materials" "Paper" and "Glass and metal."
Adamlar agzybir işläp, ýaşaýan ýerlerini owadan ýere öwürýärler.
Serişdeleri dikeldýän merkezler

Filippinlerdäki ýerli hökümet guramalary we Ene Topragy Goramak atly gurama ýerli ilatyň käbir toparlaryna serişdeleri täzeden dikeldýän merkezleri döretmäge kömek etdiler.


Bu merkezler tutuş ýurtdaky gaty galyndylar maksatnamalaryny höweslendirip, galyndylary dolandyrmak ulgamyny düýpgöter özgertmäge ýardam etdi. Hojalyklar öz zir-zibillerini aýry-aýry böleklere bölmäge, gaýtadan ulanyljak we işleniljek materiallary arassalamaga höweslendirilýärdi. Käbir jemgyýetçilik toparlary ýakymsyz yslary azaltmak üçin, adamlara zir-zibilleri öýüň daşynda goýmagy gadagan edýän kanuny kabul etdi.


Adamlar organiki galyndylary ýapyk gaplarda öýüň içinde saklaýarlar ýa-da kompost taýýarlamak üçin goýulýan köpçülik zir-zibil bedrelerine atýarlar. Serişdeleri dikeltmek merkeziň işçileri her gün 3 tekerli arabalarda aýlanyp, organiki galyndylary, gaýtadan işleniljek zatlary we zaýa galyndylary ýygnaýarlar. Käte serişdeleri dikeltmek işini ýerine ýetirýändikleri üçin, adamlara pul tölenýär. Serişdeleri täzeden dikeltmek merkezine getirilen ähli galyndylar esasanda iki bölekden ybarat:

  • Ekologik bag. Bu ýerde organiki maddalar komposta öwrülip, gök önümleri ýetişdirmek üçin ulanylýar. Soňra bu gök önümler ýerli ilata satylýar.
  • Eko-bassyrma ýa-da ammar – gaýtadan ulanyp boljak galyndylaryň saklanylýan ýeri. Bu gaty galyndylary soňra köne-sana alýan dükanlara, gaýtadan işleýän kompaniýalara ýa-da fabriklere satýarlar.


Bags made of labels.

Merkezleriň käbiri adamlary iş bilen üpjün edýär. Olar köne karton gutulardan täze önümleri ýasaýarlar. Miwe şiresinden boşan gutular ýemşerdilip, bir-birine tikilýär-de, zat daşamak üçin sumka edilýär. Aýna çüýşeler içgi üçin ulanylýan bulgurlara öwrülýär.Köne gazetler ownudylyp we dokalyp olardan sebetler we sumkalar ýasalýar. Gaty we berk bolar ýaly, olary aňyrsy görünýän ýelim ýa-da şepbik bilen örtülýär. Ýasalan täze önümleri satyp, alnan girdejiden işçilere hak tölenilýär, edilen çykdajylaryň öwezi doldurylýar.


Şeýle merkezler ilatly ýerdäki zirzibiliň mukdaryny azaltdylar. Adamlar indi ýaramaz ysly zir-zibil üýşmekleriň ýanynda ýaşamaýarlar. Olar indi serişdeleriň gaýtadan ulanylmagyndan we işlenilmeginden goşmaça girdeji alýarlar. Iýmit galyndylaryndan ýasalan kompost dökünini ulanyp, has köp gök önümleri ösdürip ýetişdirýärler.